ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili 30-nji ýanwarda Ak Tamda geçirilen duşuşykda baglaşylmagy ähtimal Erkin söwda we howpsuzlyk boýunça ylalaşyklary maslahat etdiler.
Barak Obamanyň Gürjüstanyň prezidentine aýtmagyna görä, Waşington bilen Tbilisiniň arasynda Erkin söwda ylalaşygynyň baglaşylmagy ýurtlaryň ikisiniň-de öňünde täze mümkinçilikleri açar we özara bähbitli ýagdaý döreder.
Obama salgytlaryň, kwotalaryň we beýleki söwda çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagyny göz öňünde tutýan bu ylalaşygyň baglaşylmagy üçin ýene köp işiň edilmelidigini aýtdy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk
ABŞ-nyň prezidentiniň sözlerine görä, amerikan biznesiniň Gürjüstana maýa ýatyrmagy we öz harytlaryny Gürjüstanda satmagy üçin, şol bir wagtda-da Gürjüstanyň hem öz harytlaryny ABŞ-da satmaga ukyply bolmagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegi ýurtlar üçin bähbitli bolar.
Mihail Saakaşwili Erkin söwda ylalaşygynyň Gürjüstanyň milli ösüşine-de ýardam boljakdygyny aýtdy.
Geçen ýylyň oktýabrynda Gürjüstan Dünýä söwda guramasyna ABŞ-nyň berk diplomatik basyşy bilen Orsýetiň kabul edilmegine garşy çykyş edipdi. Käbir bilermenler ABŞ-nyň Gürjüstan bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge bildirýän häzirki gyzyklanmasyna Tbilisiniň Waşingtona bildirip gelýän raýdaşlygynyň jogaby hökmünde garaýarlar.
Gürjüstanyň Waşigtondaky ilçihanasynyň metbugat wekili Zoe Reýners Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde gürji-amerikan ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek meselesiniň Gürjüstany gyzyklandyrýan ençeme meseleleriň arasynda gozgalanlygyny aýtdy:
—Bizi begendirýän we takyk öňegidişligi aňladýan üç sany ýörite mesele bar. Birinjisi, Obama söwda-hyzmatdaşlygy boýunça ýokary derejeli komitetiň döredilmegini we hatda Erkin söwda ylalaşygyna degişli mümkinçilikleri oňlady. Ikinjisi, howpsuzlyk ugrundaky hyzmatdaşlyga degişli. Howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine we Gürjüstanyň öz-özüni goramak ukybynyň artdyrylmagyna üns berildi. Ýene bir mesele, prezident Obama Gürjüstany reformalary geçirmekde region üçin görelde bolup biljek ýurt hökmünde taryplady.
NATO bilen gatnaşyk
Barak Obama Gürjüstanyň NATO goşulmak islegini ABŞ-nyň goldaýanlygyny tassyklady. Ol şeýle-de Owganystanda halkara howpsuzlygyna ýardam beriji güýçleriň alyp barýan işlerine Gürjüstanyň goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we Tbilisini NATO-nyň agzasy bolmadyk iň ýakyn ýarany diýip atlandyrdy.
Şu ýylyň maý aýynda NATO-nyň Çikagoda geçiriljek sammitinde bu bileleşige Kawkaz döwletleriniň goşulmagyna degişli meseläniň gozgalmagyna garaşylýar.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gürjüstany garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, Saakaşwiliniň 8 ýyl mundan ozal rewolýusiýa arkaly häkimiýet başyna geleli bäri geçiren reformalaryny makullady. Obamanyň sözlerine görä, Gürjüstan öz öňegidişliklerine we “halkara sahnasynda oýnaýan jogapkärli oýunçy” statusyna “diýseň buýsanmaly”.
Saýlaw sistemasy
Amerikan prezidenti şeýle-de şu ýylyň oktýabr aýynda Gürjüstanda boljak parlament saýlawlarynyň we 2013-nji ýylda boljak prezidentlik saýlawlarynyň açyk-aýdyň esasda geçiriljegine umyt baglady. Saakşwili bolsa bu saýlawlaryň “dürli we köppikirli syýasy ýagdaýda” geçiriljekdigini wada berdi.
Ýanwar aýynda ABŞ we ÝB Gürjüstanyň täze saýlaw kanunynyň saýlaw sistemasynyň deňhukuklylygyny üpjün etmeýänligini belläpdiler.
Tankytçylar bu kanunda halkara synçylarynyň saýlawlara degişli ozalky bellikleriniň hasaba alynmanlygyny we oppozision partiýalaryň häkimiýet başyndaky partiýanyň parlamentde köpçülik bolmagyny çäklendirýän teklipleriniň goşulmanlygyny aýdýarlar.
Mihail Saakaşwili öz ýurdunda başga pikirlilige garşy hereket edýär we habar serişdelerini çäklendirýär diýlip tankyt edilýär.