Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw kampaniýasy: Oýunmy ýa hakykat?


Aşgabatly Berdi: "Mende iş ýok. Şonuň üçinem dalaşgärden işsizlere iş ýerlerini tapyp bermek, olara wagtlaýyn posobiýalary bermek ýaly meseleler barada sorajakdym. Emma müňa mümkinçilik hem bermediler".
Aşgabatly Berdi: "Mende iş ýok. Şonuň üçinem dalaşgärden işsizlere iş ýerlerini tapyp bermek, olara wagtlaýyn posobiýalary bermek ýaly meseleler barada sorajakdym. Emma müňa mümkinçilik hem bermediler".

Aşgabadyň köçelerinde 12-nji fewralyň Türkmenistanyň prezidentligine saýlawlar günidigini ýatladýan bildirişleri, hemmeleri saýlawlara çagyrýan şygarlary görmek bolýar. Köpçülik ýerlerinde prezidentlik wezipesine dalaş edýän dalaşgärleriň suratlary we olaryň terjimehallary ýerleşdirilen uly tablolar-da dikilen.


Bu hili çäreler geljekki saýlawlara ilatyň ünsüni çekäýjek ýaly, emma ilat arasynda bu saýlawlara bolan gyzyklanma örän pes. Aşgabatly synçy Ýaýlym Begow munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Meniň pikirimçe, bu saýlawlar halkyň maddy hal-ýagdaýyna, durmuşyna, demokratik prosese hiç hili täsir edip bilmez. Bu saýlaw kampaniýasyna hem öňki sowet soýuzyndaky ýaly, öňünden hemme zat sahnalaşdyrylyp, taýýarlyk görülýär we geçirilýär. Şoňa görä, halk beýle saýlawlara örän passiw gatnaşýar, üns bermeýär”.

45 ýaşly aşgabatly ýaşaýjy Annageldi hem saýlawlarda eýýäm kimiň ýeňiji diýlip yglan ediljekdiginiň öňünden bellidigini aýdýar. Ol: “Bu saýlawsyzam indiki prezidentimiziň kim boljakdygy belli. Şonuň üçin, adamlar bu saýlaw kampaniýasy bilen gyzyklanmaýarlar. Häzirki saýlaw kampaniýasy bolsa ýönekeý formallyk” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Saýlawlara gatnaşmaklyga çagyrýan agitasiýalar bilen bir wagtda, prezidentlige dalaş
Prezidentlige dalaş edýän dalaşgärlerden biriniň maksatnamasy ýerleşdirilen gazet sahypasy. Aşgabat, 18-nji ýanwar, 2012.
Prezidentlige dalaş edýän dalaşgärlerden biriniň maksatnamasy ýerleşdirilen gazet sahypasy. Aşgabat, 18-nji ýanwar, 2012.
edýän dalaşgärleriň saýlaw kampaniýalary hem dowam edýär. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçiriljek wagty we ýeri habar beriş serişdeleri arkaly yzygiderli habar berilýär.

Türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynda şol duşuşyklar barada gysgajyk reportažlar hem görkezilýär. Emma, saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklarynyň translýasiýasy telewideniýede görkezilmeýär.

“Bu bir oýun”

Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary edara-kärhanalarda ýa-da, köplenç, ýerli teatrlarda we kinokonsert merkezlerinde geçýär. Ak reňkli halynyň ýüzünde ýurduň häzirki prezidentiniň portreti asylan sahnada geçýän bu duşuşyklaryň simwoliki ähmiýeti barada gürrüň edýän adamlaram bar.

Şeýle garaýyşdaky ýaşaýjylardan biri, aşgabatly synçy Aşyr bu barada şeýle diýdi: “Bu bir oýun. Dalaşgärleriň duşuşyklarynyň köpüsiniň drama teatrlarynda geçmegi hem bu saýlawlaryň oýundugynyň simwoly. Häzirki prezidentimizden galan dalaşgärleriň ýekejesi hem ‘meni saýlaň’ diýip bilenok. Olaryň Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň alyp barýan syýasatlaryny goldap, şol bir wagtyň özünde-de onuň garşysyna prezidentlige dalaş etmekleri hem düşnüksiz”.

Dalaşgärleriň duşuşyklarynyň käbiri dalaşgärleriň özleriniň gatnaşmagynda geçýän bolsa, käbirleri olaryň ýörite “ynanylan wekilleriniň” gatnaşmagynda geçýär. Adynyň agzalmagyny islemedik bir medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, duşuşyga gatnaşýan saýlawçylaryň nähili geýinmelidigi, nirede oturmalydygy takyk kesgitlenýär.

Ol: “Bu duşuşyklara, esasan, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýurtda registrasiýa edilen jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri gatnaşýarlar. Olaryň oturmaly ýerleri takyk kesgitlenen. Duşuşykda dalaşgärlere ýa-da olaryň ynamdar wekillerine sorag berýän adamlar öňündem bellenilýär. Olaryň berýän soraglary hem öňünden taýýarlanylýar” diýip, gürrüň berdi.

“Tötänleýin” adamlar goýberilmeýär

Ilat arasynda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary bilen gyzyklanýanlar-da bar. käbir ildeşlerimiz saýlawçylar bilen dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklaryna gatnaşjak bolupdyrlar. Emma, olara bu başartmandyr. Bu hili duşuşykdan kowulan 32 ýaşly Berdi şeýle gürrüň berdi: “Men dalaşgär bilen duşuşygyň geçiriljek ýerine bardym. Hatda, zalda hem oturdym. Emma, tiz wagtdan meniň ýanyma iki adam gelip, zaly terk etmegimi talap etdiler. Men sebäbini soranymda, döwlet edarasynda işläňok hem-de kastýum-galstugyň ýok diýip jogap berdiler”.

Bu ildeşimiz sözüni dowam etdirip: “Men dogrudanam döwlet edarasynda işlämok. Asla, mende iş ýok. Şonuň üçinem dalaşgärden işsizlere iş ýerlerini tapyp bermek, olara wagtlaýyn posobiýalar bermek ýaly meseleler barada sorajakdym. Emma müňa mümkinçilik hem bermediler” diýdi.

Ilatyň bu saýlawlara aktiw gatnaşmagy üçin agitasiýa alyp barýan agitatorlar hem bar. Saýlawlara aktiw gatnaşmaga çagyrýan çagyryşlar diňe bir şäheriň köçelerinde asylan şygarlar bilen çäklendirilmän, telewideniýe arkaly hem saýlawlaryň ýurduň ilatynyň durmuşynda “wajyp wakadygyny” düşündirýän hem-de saýlawlara aktiw gatnaşmaga çagyrýan wideorolikler hem görkezilýär.
XS
SM
MD
LG