Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan HGHK-ni türmelere goýberermi?


"Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň resmi maglumatyna görä, HGHK-niň regionda alyp barýan işlerinde ileri tutulýan meselelerinden biri – tussaglykda saklanýan adamlary goramak".
"Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň resmi maglumatyna görä, HGHK-niň regionda alyp barýan işlerinde ileri tutulýan meselelerinden biri – tussaglykda saklanýan adamlary goramak".

Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) arasynda birek-birege düşünişmek boýunça Memoranduma gol goýuldy. Gol çekilen täze dokument Türkmenistanyň HGHK bilen hyzmatdaşlygyny näderejede ösdürip biler we ýurduň türmelerindäki ýaramaz ýagdaýlar ýaly problemalaryň çözgüdine nähili täsir ýetirip biler?


Bu dokumente 19-njy ýanwarda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky regional wekilhanasynyň ýolbaşçysy Iw Arnoldiniň Aşgabada eden iş saparynyň netijesinde gol çekildi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bu dokumentiň Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň Halkara gatnaşyklar boýunça insitiutynyň HGHK bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirjekdigi we Türkmenistanyň bu edara üçin kadrlary taýýarlamagyna ýardam berjekdigi aýdylýar.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň resmi maglumatyna görä, HGHK-niň regionda alyp barýan işlerinde ileri tutýan meselelerinden biri – tussaglykda saklanýan adamlary goramak. Meselem, bu gurama Özbegistandaky türmelere baryp görýär, emma oňa Türkmenistandaky türmelere barmak henize çenli rugsat berilmeýär.

Türkmen türmeleri

Garaşsyzlygyň başyndan bäri Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan bendileriň sany barada resmi maglumat berilmän gelinýär. Emma ýylda müňlerçe adamyň günä geçişliklerde türmelerden boşadylýanlygy resmi derejede yglan edilýär. Geçmişde günä geçişliklerde her gezek 10 müň töweregi adamyň türmeden goýberilen ýyllary-da bolupdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen türmelerinde aýylganç şertleriň saklanyp galýanlygyny, bendileriň açlyk, keselçilik, hapaçylyk ýaly düzgüne laýyk bolmadyk şertlerde saklanmakdan daşary, dürli kemsitmelere we gynamalara sezewar edilýändiklerini aýdýarlar. Bu barada türmede oturyp çykanlar hem gürrüň berýärler.

Ýakynda Türkmenistanyň türmesinden boşadylan, efirde adynyň tutulmagyny islemedik Türkmenistanyň raýaty ol ýerdäki ýagdaýlar barada şeýle diýdi: “Gaty kösendik, şol taýda kösenip oturan adamlar gaty kän. Olar babatynda göz-görtele bikanunçylyk edýärler”.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Jenaýat-Prosessual kodeksine käbir üýtgetmeler girizildi. Resmi maglumatlarda türkmen häkimiýetleriniň milli kanunlary kämilleşdirmek boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýänligi-de yglan edilýär.

Synçylar namüçin türmelere goýberilenok?

Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, türkmen hökümetiniň türmelere halkara synçylaryny goýbermezligi türmelerdäki şertleriň gowy däldiginden we türmelerdäki ýagdaýyň halkara kadalaryna laýyk gelmeýänliginden habar berýär.

“Türkmen häkimiýetleri türmelere halkara synçylarynynyň baryp görmegine rugsat bermezligi bilen, türmelerdäki aýylganç ýagdaýlaryň üstüni açmaga taýýar däldiklerini görkezýärler” diýip, Farid Tuhbatullin belledi.

Türkmenistanyň türmelerine baryp görmek niýetini Halkara Gyzyl Haç Komitetinden başga-da, BMG-niň adam hukuklary bounça edaralary we adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” we “Amnesty International” ýaly beýleki guramalar hem yglan edipdiler.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar we bu guramanyň gumanitar işleri jemi 11 müň işgär tarapyndan ýerine ýetirilýär.
XS
SM
MD
LG