Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bilimli halk ozar, bilimsiz halk tozar”


"Ýylda orta mekdepleri tamamlaýan 110 müňden gowrak ýaşlaryň diňe 4-5 prosentine ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge mümkinçilik bar".
"Ýylda orta mekdepleri tamamlaýan 110 müňden gowrak ýaşlaryň diňe 4-5 prosentine ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge mümkinçilik bar".

G.Berdimuhamedowyň hökümetiniň bilim sistemasyna girizen täzeliklerinden birem hususy okuw jaýlarynyň döredilmegine ýol açmagy boldy. Emma bu baradaky kanunçylygyň durmuşa geçiriliş meselesi henizem köp soraglary döredýär.


2009-njy ýylda «Bilim hakyndaky» kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanda hususy okuw jaýlarynyň döredilmegine ýol açdy. 2011-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda kabul edilen «Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlandyrmak» hakyndaky kanun bolsa, hususy okuw jaýlaryny açmagy düzgüne salmaga gönükdirildi.

Emma, şeýle kanunlaryň kabul edilendigine garamazdan, Türkmenistanda hususy okuw jaýlarynyň açylandygy barada maglumat ýok. Ýylda orta mekdepleri tamamlaýan 110 müňden gowrak ýaşlaryň diňe 4-5 prosentine ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge mümkinçilik bar.

Hususy mekdepler, ýokary okuw jaýlarynyň işleýşi we şol pudakdaky düzgünler boýunça tejribe almak üçin hatda Türkmenistanyň käbir goňşy ýurtlarynda-da oňyn tejribeler az däl.

Gazagystan bilen deňeşdirilse…

Mysal üçin, Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň berýän maglumatynda bu ýurtda jemi 144 ýokary okuw jaýynyň hereket edýändigi we olardan 75-siniň hususy eýeçilikdedigi aýdylýar. Resmi çeşmelerden belli bolşuna görä, Türkmenistanda işleýän ýokary okuw jaýlarynyň sany bary-ýogy18 töweregi. Olaryň hem ählisi hökümet tarapyndan dolandyrylýar.

Resmi maglumatlara görä, 2011-nji ýylda Gazagystanda 160 müňden gowrak
Almaty şäherindäki Gazak-Britan tehniki uniwersiteti.
Almaty şäherindäki Gazak-Britan tehniki uniwersiteti.
uçurym orta mekdepleri tamamlapdyr. Türkmenistanda ilatyň sany Gazagystanyňkydan 3 esse töweregi az bolsa-da, 2011-nji ýylda orta mekdepleri tamamlan ýaşlaryň sanynyň 110 müňden gowrakdygy aýdylýar.

Şol bir wagtda-da, Gazagystanda orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň sany Türkmenistandakydan diňe 50 müň töweregi köp bolsa-da, bu ýurtda ýokary okuw jaýlarynyň sany Türkmenistan bilen deňeşdirilende 8 esse köpdür.

Ýerli synçylar Gazagystanda ýokary okuw jaýlarynyň köp bolmagyny hususy eýeçilikdäki institutdyr kollejleriň açylmagyna ýol berilemegi bilen düşündirýärler.

Türkmenistanda hem geçen ýylyň oktýabr aýynda hususy okuw jaýlarynyň açylmagyna ýol berýän «Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlandyrmak» hakyndaky karara gol çekildi. Emma bu kararyň iş ýüzünde hereket edýänligi barada maglumat ýok.

Käbir yzagaýdyşlyklar

Beýleki tarapdan, soňky wagtlar Gazagystanda-da ýokary okuw jaýlarynyň sanyny azaltmak tendensiýasynyň göze ilýändigi barada maglumatlar peýda boldy. Soňky wagtlar, hakykatdanam, Gazagystanyň häkimiýetleri ýokary okuw jaýlarynyň lizensiýalaryny gaýtadan gözden geçirip başladylar.

Almatynyň Ykdysadyýet we soňky tehnologiýalar boýunça kollejiniň direktory, professor Talgat Orazbekow Gazagystanda hususy ýokary okuw jaýlarynyň açylmagyna 1990-njy ýyllarda ýol berlendigini, emma soňky döwürlerde olaryň sanynyň azaldylýanlygyny aýtdy.

“Dekabr aýynda Gazagystanyň bilim we ylym ministri çykyş edip, gysga wagtyň dowamynda 20-ä golaý ýokary okuw jaýynyň ýapyljakdygyny mälim etdi. Häzir ýörite komissiýalar hususy okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hilini barlamak bilen meşgullanýarlar. Ýagny, hususy okuw jaýlaryna ýardam bermegiň deregine, ministrlik tarapyndan görkezilýän basyşlar artýar” diýip, professor Talgat Orazbekow belledi.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanyň bilim we ylym ministri Bahytjan Jumagulow çykyş edip, ýurtdaky ýokary okuw jaýlarynyň sanynyň 100-den köp bolmaly däldigini nygtapdy. Şol beýanatdan soňra ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilimiň hilini barlaýan ýörite komissiýa hem peýda boldy.

“Hususy okuw jaýlaryna goldaw ýok”

Almaty şäheriniň Ykdysadyýet we soňky tehnologiýalar boýunça kollejiniň direktory, professor Talgat Orazbekow şeýle kommissiýalaryň 50 ýyl bäri işläp ýören ýokary okuw jaýlarynyňam, 10-15 ýyl mundan ozal döredilen hususy ýokary okuw jaýlarynyňam öňünde des-deň talaplary goýýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýyň adalatsyzdygny belledi.

“Bilim ministrligi hususy ýokary okuw jaýlaryna ýardam beren bolsa, olar öz işlerini talabalaýyk ýola goýardylar. Häzir bolsa häkimiýet başyndakylar hususy okuw jaýlaryna basyşlaryny artdyrýarlar” diýip, professor Talgat Orazbekow bu ýagdaýa nägileligini bildirdi.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 2011-nji ýylda ýurduň bilim pudagyna 900 milliard teňňe, ýagny 5 milliard dollara barabar serişde goýberilipdir. Bu san ýurtda jemi öndürilýän içerki önümiň 4.2%-ne deň. Bu bolsa UNESKO-nyň tekliplerinde maslahat berilýan sanlardan sähelçe az.

Türkmenistanda bilim pudagyna sarp edilýän serişdeler barada maglumat berilmeýär. Ilatyň sowatlylyk meselelerini-de öz içine alýan BMG-niň Ösüş programmasynyň 2011-nji ýyl boýunça görkezijisinde Türkmenistan 187 ýurduň arasynda 102-nji orny eýeledi. Gazagystan bu indeksde Merkezi Aziýa regionynda iň öňdebaryjy ýurt hökmünde 68-nji orurnda goýuldy.
XS
SM
MD
LG