ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň ýakyn ýarany bolan tehnologiýa milliarderi Elon Mask, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak maksady bilen, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi bilen duşuşdy diýip, “The New York Times” gazeti 14-nji noýabrda habar berdi.
Eýranyň anonim çeşmelerine salgylanyp berlen habarda aýdylmagyna görä, bu duşuşyk "oňyn" diýlip häsiýetlendirilipdir.
Gazet iki adamyň arasynda bir gizlin ýerde, bir sagatdan gowrak dowam eden duşuşygyň 11-nji noýabrda bolandygyny aýtdy.
AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, bu habary Trampyň geçiş topary-da, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasy bada-bat tassyk etmedi.
Bu duşuşyk, eger-de tassyklansa, Trampyň Eýran bilen aradaky diplomatiýa çynlakaý çemeleşjeginiň alamatlaryny görkezip biler.
Şeýle-de, bu habar tassyklansa, ol Teslanyň, SpaceX-iň we X platformasynyň eýesi Maskyň täze Tramp administrasiýasyna edýän täsiriniň ýene bir görkezijisi bolar.