Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagynyň ýyl dönümi şu sapar ýurduň prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyna gabat geldi. 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda, Saparmyrat Nyýazow aradan çykansoň, täze döwlet baştutanyny saýlamak zerurlygy ýüze çykdy we 2007-nji ýylyň fewralynda prezidentlik saýlawlary geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçdi.
Häzirki wagtda, Konstitusiýa laýyklykda, 5 ýyl möhlet bilen wezipä saýlanýan prezidentiň täzeden saýlawlarynyň geçirilmeginiň özi Nyýazow döwründen tapawutlanýan ýagdaý diýip, Türkmenistanyň parlamentiniň öňki agzasy, Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow aýdýar:
—Berdimuhamedowyň döwründe 'saýlaw' sözi, doly manysynda bolmasa-da, Türkmenistanyň durmuşyna gaýdyp geldi. Nähili-de bolsa, kandidatlar hödürlenýär. Goý, ol kandidatlar hökümet tarapyndan tapylan bolsun, ýöne bu saýlawlaryň özi bolmasa-da, adynyň gaýdyp gelenligini gökezýär.
Berdimuhamedowyň döwründe 'saýlaw' sözi, doly manysynda bolmasa-da, Türkmenistanyň durmuşyna gaýdyp geldi.
2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen täze ýolbaşçylar tarapyndan ýurduň sosial-ykdysady durmuşyna degişli geçirilen reformalaryň netijesinde pensiýalary dikeltmek ýaly sosial üpjünçilik işleri ýola goýuldy. Ýerlerdäki keselhanalar gaýtadan açyldy. Okuw jaýlarynyň çäklendirilen okuw möhleti artdyryldy. Ylymlar Akademiýasy gaýtadan dikeldildi. Aýlaryň we günleriň ady öňküsi ýaly edildi. Dollaryň gara bazary ýatyryldy. Ýokary bilimli ýaşlar üçin harby gulluk möhleti azaldyldy. Etraplaryň çäkleriniň arasyndaky barlag-gözegçilik nokatlary aýryldy. Ýol gözegçiligi wezipesi harbylardan polisiýa geçirildi.
Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Ýaýlym Begow öňki awtoritar lider Nyýazowyň ýurdy dolandyryş usulynyň ýurduň sosial-ykdysady we syýasy taýdan krizise uçramagyna sebäp bolanlygyny we, şeýdip, öz şowsuzlygyny hem ýalňyşlygyny iş ýüzünde görkezenligini belleýär. Begowyň pikirine görä, hut şu ýagdaý täze häkimiýetiň gelmegi bilen gowulyga bolan umytlary güýçlendiripdir.
Türkmenistanyň içerki syýasatynda bolan özgerişlikleriň arasynda Halk maslahaty ýatyryldy, Mejlisiň ygtyýarlygy giňeldildi, döwlet baştutanynyň ýobaşçylygyndaky ideologik “Galkynyş hereketi” dargadyldy.
Yzamy?
Emma, Ýaýlym Begowyň pikirine görä, muňa garamazdan, Nyýazowyň ölüminden soň wagt geçdigiçe, onuň syýasy režimine mahsus aýratynlyklar ýurtda has köp göze ilip başlady:
—Ýene-de Saparmyrat Nyýazowyň döwlet dolandyryş usuly gaýdyp gelene meňzeýär. Ýene-de, öňküsi ýaly, bir şahsyýeti mahabatlandyrmak dowam edýär. Başizmiň öňki ideologik syýasy tehnologiýasy ulanylýar. Şu günki güne çenli Nyýazowyň syýasy režiminiň ýalňyşlyklaryna taryhy baha berilmän gelýär, bu-da ýurduň özgerişine böwet bolýar.
Berdimuhamedow prezidentlik wezipesinde ençeme hormatly atlara we döwlet sylaglaryna, şol sanda “Türkmenistanyň Gahrymany” adyna eýe boldy. Onuň awtorlygynda yzly-yzyna kitaplar çap bolýar we daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Mekdeplerde Nyýazowyň “Ruhnama” kitabyndan sapak berilmegi-de dowam etdirilýär. Nyýazowyň altyn çaýylan heýkeline-de, ýeri üýtgedilse-de, paýtagtda orun berildi.
Şu mahal halkymyzyň syýasy düşünjesi Nyýazow döwründäkiden biraz artdy diýmäge, položitel baha bermäge esas döredi.
Emma öňki deputat Halmyrat Söýünow şu günki gün ýurtda käbir pozitiw syýasy tendensiýalary görýär:
—Şu mahal halkymyzyň syýasy düşünjesi Nyýazow döwründäkiden biraz artdy diýmäge, položitel baha bermäge esas döredi. Sebäbi halk indi öz haky, hukugy, ýagdaýy, geljegi bilen içgin gyzyklanyp başlady. Bu, hökümetiň beren mümkinçiligi esasynda däl-de, halkyň özüniň aň-düşünjesiniň artmagy diýip hasap edärin.
Ýurduň içindäki we daşyndaky garaşsyz synçylar Türkmenistanyň söňky ýyllarda gazanan esasy özgerişini ýurduň alyp barýan daşary syýasatynda görýärler. Soňky döwürde Türkmenistan onlarça dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürýär, şol sanda Günbatar döwletleri we halkara guramalar bilen alyp barýan dialogyny-da aktiwleşdirýär.