Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda Ahal welaýatynda tussag edilipdi. Oňa garşy maşgala agzalaryndan birini janyna kast etmäge synanyşyga mejbur etmekde günä bildirilipdi. 5-nji oktýabrda bolsa oňa 5 ýyl iş kesildi. Halkara guramalar oňa garşy görülen çäräni onuň žurnalistik işi bilen baglanyşdyrdylar. Ol geçen aýyň ahyrynda azatlyga çykaryldy.
Ýazgulyýew tussagda oturan döwri özüne garşy fizik zorlugyň asla ulanylmandygyny, ýöne ruhy gysyşyň edilendigini, bu ýagdaýyň saglygyna ýaramaz täsir ýetirendigini nygtaýar. Ol saglygynyň ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýandygyna garamazdan, psiholog-lukmanyň gözegçiligine mätäçdigini, emma bu ugurdan tejribeli lukmany tapmak kyn bolansoň, lukmanyň ýerine öz-özüne teselli berýändigini aýdýar.
Tussag astyna alnandan soň Kaka etrap polisiýa edarasynyň başlygynyň hem etrap prokurorynyň özi bilen geçiren gürrüňlerinde bilidirilýän günä ýa açylan jenaýat işi barasynda asla dil ýarmandyklaryny, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygy barada gyzyklanandyklaryny, “şol ýerde işlemedik bolsaň, başyňa beýle betbagtçylyk düşmezdi” diýip, açyk aýdandyklaryny žurnalist Ýazgulyýew gürrüň berdi.
Ýazgulyýew üç gün Kakada, tussaglaryň wagtlaýyn saklanýan jaýynda bolandandan soň, Ýaşlyk şäherçesindäki wagtlaýyn gabawhana getirilipdir. Žurnalistiň aýtmagyna görä, bu ýerde geçiren 22 gününiň dowamynda oňa türme ýorgan-ýassygy hem berilmän, boş beton jaýda, bir günem inçekesellileriň kamerasynda saklanypdyr.
“Şondan soň meniň radio bilen hyzmatdaşlygymy kesmek barada psihologik basyşlar edildi. Iň bärkisi men ‘ýygnalan’ badyma öýümiziň ýanynda iki maşyn, hersinde iki adam garawul durup, biri meniň maşgalam nirä gitse, şony yzarlapdyr, beýlekisi meniň howlyma gelip-gidýänleri hasaba alypdyr. Maşgalamy agyr jenaýata we terrorizme garşy göreşýän polisiýanyň ýörite bölümine çagyryp, meniň işime sada öý hojalykçy aýalymyň ýardam edýändigini ýa etmeýändigini sorapdyrlar” diýip, Ýazgulyýew aýdýar.
ABŞ-nyň kongresmenleri tarapyndan 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýollanan hatda Ýazgulyýewiň tussag edilmeginiň türkmen türmelerinde saklanýan ençeme beýleki syýasy tussaglar bilen bagly aladany-da has artdyranlygy nygtaldy. Kongresiň Wekiller palatasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy, kongresmen Howard Berman Ýazgulyýewiň tussag edilmeginiň erkin jemgyýetlerde çydam edip bolmajak hereketdigini aýdypdy.
“Halkara basyşlarynyň, ylaýta-da amerikan kongresmenleriniň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň meniň goragyma çykmagynyň meniň boşadylmagymda uly ähmiete eýe bolandygyny bilýärin. Şonuň üçin olara çäksiz minnetdar. Ýöne, beýleki bir tarapdan, döwlet ýolbaşçylarynyň, güýç ulanyjylaryň arasynda sagdyn pikire gulluk edip, meniň toslanyp tapylan jenaýat bilen türmede saklanmagymyň ýurda abraý getirmejekdigine düşünenleriňem bolandygyna ynanýaryn” diýip, Ýazgulyýew belleýär.
Ýazgulyýew Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini tamamlan, alan ýokary bilimi boyunça filolog we žurnalist. Garaşsyz žurnalist Ýazgulyýew türkmen halkynyň ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik, medeni we ýaşaýyş durmuşyny beýan edýän ençeme makalalaryň, žurnalistiki synlaryň awtorydyr. Ol saglygyny dikeldenden soň Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini aýdýar.