Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigini we goldaýandygyny nygtady.
Ýurt baştutanynyň tassyklamagyna görä, telekeçilige giň ýol açmak üçin döredilen hukuk binýady bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Prezident öz sözlerini sanlar bilen-de delillendirip, şeýle diýdi: «Häzir ýurdumyzda işleýän ilatyň 75 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda zähmet çekýär. 2010-njy ýylda hususy pudakda 7 müň 600-den gowrak, kiçi kärhanada bolsa 32 müň 500-den gowrak adam işledi».
Prezident Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, bu kärhanalaryň önümleri ýerlemekden, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmekden alan jemi girdejisi 4 milliard 800 million manatdan hem geçipdir.
“Bu ösüşi tassyklamaýar”
Ýerli synçylar türkmen metbugatynyň uly ösüş barada ýazmagy dowam etdirmegine garamazdan, bu sanlaryň uly bir ösüşi tassyklamaýanydygyny aýdýarlar.
Häzir Ýewropa ýurtlarynyň birine gelen we Azatlyk Radiosynda adynyň aýdylmazlygyny soran 50 ýaşly türkmen biznesmeniniň pikirine görä, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň doly güýjünde işläp bilmezliginiň esasy sebäbi ykdysady pikir-garaýyş bilen bagly.
Ol nebit-gazly ýurtlarda nebit-gaz söwdasyndan gelýän pula ýöne gelip duran girdeji hökmünde garalýandygyny, emma bu energiýa serişdelerine maýa hökmünde garamalydygyny aýdýar.
Türkmen biznesmeniniň ýene bir pikirine görä bolsa, ýurtda eýeçilik hukugy dogry ýazylmaly. Ol bu meselede bar bolan kanunlaryň hem işlemeýändigini, netijede baýlygyň dürli bahanalar bilen alnyp, başga adama geçirilmesiniň örän aňsatdygyny aýdýar.
Orsýetde ýaşaýan türkmen synçysy Serdar hem bu pikir bilen ylalaşýar: “Mysal üçin, sen telekeçilik edip ýörsüň, gazanç etdiň, onsoň öýüňe gelip, bir zat oklaýarlar-da, seniň hemme emlägiňi eliňden alýarlar”. Serdar bu mysaly ýöne ýerden almaýandygyny, beýle zatlaryň ýurtda kän bolýandygyny, söwdegärleriň döwlet işlerinde, ýokarda oturan adamlara baglydygyny aýdýar.
Ýazylan we ýazylmadyk kanunlar
Şeýle-de ol Orsýetdäki, Ukrainadaky we Belarusdaky telekeçileriň ýagdaýy, umuman, deňräk diýip çak edýär. Serdaryň pikiriçe, bu ýurtlaryň ählisinde kanunlar telekeçilik bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär, emma ýazylmadyk kanunlar ýazylan kanunlardan has gowy işleýär.
“Men Türkmenistandan gelýän telekeçiler bilen duşuşyp, ýagdaýlaryny soramda, olar “biz syýasata goşulamzok» diýýärler. Aýdyşlary ýaly, olaryň syýasata goşulmak pikiri hem ýok” diýip, Serdar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Emma ýurtdaky syýasat telekeçiniň ykbalyna gönüden-göni täsir edýär” diýip, ol syýasy-ykdysady azatlygyň, garaşsyz sudlaryň, metbugat azatlygynyň bolmadyk ýerinde telekeçiniň öz baýlygy bilen goragsyz galýandygyny, özüni we emlägini kanun esasynda gorap bilmeýändigini ýatlatdy.
Adyny aýtmazlygy soran türkmen biznesmeni Türkmenistanda telekeçilik meselesinde häkmiýet çalşandan soň, kiçiräk bir üýtgeşmäniň göze ilýändigini, ýagny türkmen gurluşykçylaryna iş berilmeginiň birneme gowulanýandygyny belledi.
Bu üýtgeşikligi prezident Berdimuhamedow hem öz çykyşynda ünsden düşürmedige meňzeýär, hususan-da, türkmen metbugaty “Berdimuhamedow Işewürlik toplumynyň ýerli hünärmenleriň taslamasy esasynda ‘Altyn nesil’ hojalyk birleşigi tarapyndan gurlandygyny aýtdy» diýip habar berdi.
Emma 50 ýaşly türkmen biznesmeni Türkmenistanda entek sosializm düzgünleriniň saklanyp galýandygyny, döwletiň ýer-suwdan, zawodlardan başlap, tas hemme zada eýeçilik edýändigini, iş adamlarynyň hatda öz pullaryny, harytlaryny ýurtdan çykarmagynyň hem örän çäklendirilýändigini aýdýar.
Şeýle-de, ol ýurtda çöken kärhanlaryň bankrotlyk hukugy barada hem kanun kabul edilmelidigini belledi.
Soňky wagtlarda Türkmenistanda “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”, “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” kanun kabul edildi. Resmi maglumatlara görä, geçen ýyl Türkmenistanda hususy telekeçilik bilen 67 müň 300 adam meşgullanypdyr.