Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

12-nji sentýabrda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana resmi sapary başlandy. Ukrain tarapy bu sapardan gaz söwdasy boýunça oňyn täzeliklere garaşýar.


Türkmen tarapy Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana edýän häzirki saparynyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda täze bir sahypa açyp, olaryň ösüşine itergi bermegine garaşýar.

Iki ýurduň hyzmatdaşlygy üçin perspektiw ugurlaryň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat, oba hojalygy, transport, kommunikasiýa we gurluşyk pudaklary agzalýar.

Ukrain umydy

Ukrain tarapy bolsa bu sapar Ukraina gaz akdyrmak üçin täze mümkinçilik döredýän adim bolar diýip, umyt edýär.

2006-njy ýyla çenli Ukraina Türkmenistanyň esasy gaz müşderileriniň biridi, ol ýylda 36 milliard kubometre çenli gaz satyn alýardy. Gaz söwdasy Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň esasy bölegini düzýärdi.

Soňky bäş ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 10 esse töweregi peseldi. Ukrain metbugatyna görä, haryt dolanyşygynyň häzirki derejesi 400 million dollar möçberinde diýlip kesgitlenilýär.

W.Ýanukowiçiň “Regionlar” partiýasynyň ukrain parlamentindäki fraksiýasynyň başlygynyň orunbasary Anatoliý Kinnah ukrain prezidentiniň Aşgabada edýän häzirki saparynyň ýagdaýy düýpgöter özgertjegine umyt baglaýar.

Anatoliý Kinnah bu mesele barada şeýle diýdi: “Türkmenistan Ukraina ýylda 30-35 milliard kubometr gaz akdyrýardy. Ukrainanyň kärhanalary bolsa bu ýurda öz önümlerini getirýärdi we bu ýerde inwestision proýektleriň ençemesini amala aşyrdy. Türkmenistan olaryň bahasyny gaz bilen hasaplaşýardy. Bu ýerde sistemalaýyn aragatnaşyklary ýola goýmak we türkmen gazyny akdyrmak barada gürrüň gidýär. Emma ýurtlaryň bähbitleriniň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmeli bolar. Ukraina tarap gaz akdyrjak bolsaň, ýol diňe Orsýet Federasiýasynyň üstünden geçmeli”.

Päsgelçilikler az däl

Ýakynda Ukrainanyň Energetika ministri Ýuriý Boýko Ukrainanyň Türkmenistan bilen gaz söwdasyny dikeltmäge taýýardygyny aýdypdy. Ýöne Boýko prezident Yanuwkowiç bilen bile Aşgabada sapar edenok.

Analitikler Ýanukowiçiň bu saparynyň iki ýurduň arasynda gaz söwadasyny ýola goýmak meselesinde oňly netije berjegine şübheli garaýarlar.

Ukrainanyň “Nomos” atly merkeziniň energetika programmalary boýunça bölüm müdiri Mihail Gonçar Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gaz söwdasy üçin Orsýetden başga alternatiw tranzit ýoluň ýokdugyny belleýär.

Mihail Gonçaryň bellemegine görä, soňky döwürde akternatiw ýollar hökmünde öňe sürülýän “Transhazar” we “Ak akym” geçirijileri henize çenli proýekt görnüşinde galýarlar. Şeýle ýagdaýda “Gazpromyň” postsowet giňişligindäki gaz söwdasyna gözegçiligini saklamak syýasatyndan el çekmän gelýänligi türkmen-ukrian gaz söwdasynyň öňüne böwet bolýar. Ukrainany Orsýetden ýylda 40 milliard kubometr möçberinde gaz satyn almaga borçly edýän şertnama hem häzir bu işe päsgel berýär.

Gurluşyk hem möhüm pudak

Gurluşyk pudagy, şol sanda ýol gurluşygy hem türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri. Häzirki wagtda Türkmenistanyň territoriýasynda 20 çemesi ukrain şirketi işleýär.

Ukrain gurluşykçylary Türkmenistanda soňky ýyllarda Atamyrat- Kerkiçi demirýol köprüsini we Daşoguz welaýatynyň Ýylanly obasynda gaz-kompressor stansiýasyny gurup, işe girizdiler.

Häzirki wagtda ukrain kompaniýalary Atamyrat-Kerkiçi asfalt ýolunyň gurluşygyny-da alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG