Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýaly gozgalaňçylar möhüm şäherleri ele geçirdiler


Liwiýaly gozgalaňçylar Zawiýa şäherinde, 14-nji awgust.
Liwiýaly gozgalaňçylar Zawiýa şäherinde, 14-nji awgust.
Liwiýada ýurduň ýolbaşçysy Muammar Kaddafiniň garşysyna göreşýän gozgalaňçy güýçler özleriniň strategik taýdan möhüm şäherlere aralaşyp, Kaddafini paýtagt Tripolide gabandyklaryny aýdýarlar.

Duşenbe güni gozgalaňçylaryň sözçüsi Tripoliniň günbatarynda Sorman we 80 kilometr günortada ýerleşýän Garýan şäherlerine “doly kontrollygyň” öz ellerine geçendigini aýtdy. Zawiýa şäherinde hem söweşler dowam edýär. Onuň hem paýtagt bilen aralygy diňe 50 kilometr.

Bu şäherleriň alynmagy NATO tarapyndan goldanylýan gozgalaňçylaryň garşysyna 6 aý bäri ganly söweş alyp barýan Kaddafä urlan möhüm psihologik urgudyr.

14-nji awgustda hökümete garşy ellä golaý söweşiji “Allahu Ekber” diýip, Zawiýanyň esasy bazarynyň golaýynda öz baýdaklaryny dikdiler. Muňa garamazdan, Kaddafiniň güýçleri şäherden doly çekilmän, iki tarapyň arasynda atyşyk boldy.

Gozgalaňçylaryň soňky birnäçe günlükde Tunisiň golaýyndaky daglardan ýola düşüp, Zawiýa we golaýdaky beýleki şäherlere aralaşmagy – ençeme aýa çeken gymyldysyzlykdan soň gazanylan uly ýeňiş hasaplanýar. Özlerine ynamy artan gozgalaňçylar indi “üstümzdäki aýyň aýagyna çenli Tripolini alarys” diýip, umyt edýärler.

Olaryň günbatar daglardaky sözçüsi müňbaşy Jumma Ibrahim günbatar we günorta tarapdan Tripolä gidýän esasy üpjünçilik ýollaryny baglamak üçin öz güýçleriniň ilerläp barýandyklayny aýtdy. Bular bolsa paýtagta azyk, ýangyç we ýarag eltilýän esas ýollar.

“Bu biziň Kaddafini bogup gelýändigimizi aňladýar. Oňa diňe deňiz galýar” diýip, Ibrahim aýtdy.

Zawiýanyň 32 kilometrliginde ýerleşýän Sabrasa regionynyň komandiri Omar Obeýd gozgalaňçylaryň bu ýerde Tunis bilen bolan serhet geçelgesi Ras Ajdiri Tripolä birikdirýän ýoluň ugrundaky öýlerde pozisiýa tutup ýatandyklaryny bildirdi. Bu aýdylýan ýol Zawiýadan geçýär. Gozgalaňçylar bu şäheri alsalar, bu ýoly-da baglap bilýärler.

Kaddafi üzňelige düşýär

Kaddafi gozagalaňçylaryň hüjümi artaly bäri eden ilkinji çykyşynda öz tarapdarlaryny “Liwiýany dönüklerden azat etmäge” çagyrdy. Kaddafi: “Liwiýa halky we Fateh rewolýusiýasy (Kaddafini häkimiýet başyna getiren rewolýusiýa) baky galar. Öňe ilerläň, göreşiň, ýaraglaryňyzy alyp, Liwiýany dönüklerden, NATO-dan ädimme-ädim azat etmek üçin söweşe taýýarlanyň. Göreş meýdany üçin ýangyç şehitleriň ganydyr” diýdi.

Kaddafiniň bu ýüzlenmesi hili pes telefon liniýasynyň üsti bilen berildi. Döwlet telekanalynda hem onuň diňe sesi eşidildi. Bu ýagdaý Kaddafiniň gitdigiçe üzňelige düşýändigini görkezýär.

Ýekşenbe güni “Reuters” habar agentligi Kaddafiniň wekilleriniň Tunisiň Jerba adasynda bir myhmanhanada gozgalaňçylar bilen gepleşik geçirýändigini habar berdi. Ýöne hökümetiň sözçüsi Mousa Ibrahim günbatar ýolbaşçylaryny we mediany Kaddafiniň hökümeti onuň ýurdy terk etmegi barada gepleşik geçirýär diýip, myş-myş ýaýratmakda aýyplap, ýiti tankyt etdi.

Mousa Ibrahim bu dogruda şeýle diýdi: “Bu maglumat bütinleý nädogry, bu media tarapyndan biziň garşymyza alnyp barylýan urşuň bir bölegi. Olaryň maksady biziň başymyzy garjaşdyrmak, ruhumyzy döwüp, moralymyzy bozmak. Ýolbaşçy şu ýerde, Liwiýada. Ol biziň milletimiziň azatlygy ugrunda göreşýär. Ol Liwiýany taşlap gitmez”.

Bu aralykda, Müsüriň resmileri Liwiýanyň içeri işler ministriniň öz maşgalasy bilen Kaire gelendigini aýtdylar. Kairiň halkara uçar meýdanynyň resmileri Nassr al-Mabrouk Abdullanyň dokuz sany maşgala agzasy bilen gelendigini habar berdi.

Abdulla Tunisden ýörite uçar bilen gelipdir we özüniň syýahat saparyndadygyny aýdypdyr. Ministri Liwiýanyň Müsürdäki ilçihanasyndan hiç kim garşylamandyr.
XS
SM
MD
LG