Siriýa güýçleriniň režime garşy protestçileri basyp ýatyrmak üçin gören soňky çärelerinde 140-a golaý adamyň öldürilendigi baradaky habarlar siriýa režiminiň berk halkara ýazgaryşyna sebäp boldy.
Aktiwistler ýekşenbe güni Siriýa boýunça azyndan 136 adamyň öldürilendigini, ölenleriň köpüsiniň tankly hüjüme sezewar bolan Hama şäherindendigini aýtdylar.
Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary obzerwatoriýasynyň başlygy Rami Abdel Rahman ýekşenbe gününiň öz ýurdunda iň kän adam öldürilen günleriň biri bolandygyny aýtdy.
Germaniýa gandöküşlik habarlaryndan soň, şu gün giçlik Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde duşuşyk geçirip, bu zorlugy ýazgarmak karary barada maslahatlaşmagy talap etdi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonda “Siriýa hökümetiniň öz ilatyna garşy ulanýan zorluk-süteminden hopugandygyny” aýtdy. Obamanyň beýanatynda “Hamadan çykýan habarlar eýmendiriji we siriýa režiminiň hakyky keşbini görkezýär” diýilýär.
Wideo: Internetde ýerleşdirilen wideoýazgy ýaralanan protestçileri görkezýär.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi hem Siriýanyň zorluk-sütemi bes etmegi baradaky çagyryşlara goşuldy we Ankara “bütin musulman dünýäsi bilen bile şu gün başlanýan mukaddes Remezanyň alnynda bolýan häzirki zatlara gaty gynandy we lapykeç boldy” diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bu aýdylýan gandöküşligiň hiç zat bilen aklanyp bilinmejegini we kabul ederliksizdigini aýtdy hem Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri raýatlary gyrgyna bermäge däl, goramaga borçly diýdi.
Bar bolan maglumatlara görä, Siriýada hökümete garşy demonstrasiýalar başlanaly bäri geçen dört aýyň içinde 1,900-den gowrak adam heläk bolupdyr. Olaryň bir ýarym müňi Başar al-Assadyň režimine garşy protest aksiýalarynda howpsuzlyk güýçleriniň esglerleri tarapyndan atylyp öldürilen graždan adamlardyr.