Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň bütindünýä ýaranlygy (OHCHR-SCA) dürli ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistandaky ombudsman institutyna beren bahalaryny çap etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” ýazýar.
Bileleşigiň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň Ombudsmen edarasy, ýurduň häkimiýetleriniň adam hukuklaryny çynlakaý bozýandygy barada berlen ygtybarly maglumatlara jogap hökmünde, adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek üçin ýeterlik çäreleri görmedi.
Hasabatyň awtorlary adam hukuklary guramalarynyň hatlaryna reaksiýa bildirilmezliginden biynjalyk bolýarlar, bu ýagdaý adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň gyzyklanýan taraplar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek ukybyna şübhe döredýär.
Şeýle-de, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň adalatçynyň garaşsyzlygyny we bitaraplygyny üpjün etmäge bolan gatnaşygy, potensial şikaýatçylaryň oňa ýüz tutmak mümkinçiligi baradaky maglumatlaryň bolmazlygy alada döretdi.
Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň işine berlen bahadan başga, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň öz maglumatlary esasynda ýazmagyna görä, Ýazdursun Gurbannazarowa geçen ýyl žurnalist Soltan Açylowa Ženewa syýahatyndan meýletin ýüz öwürmegiň özi gowy boljakdygyny duýdurypdyr.
Şeýle-de habarda Adalatçynyň edarasynyň web sahypasynyň soňky gezek fewral aýynda täzelenendigi aýdylýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Adalatçynyň edarasy Azatlygyň žurnalistleriniň adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly anyk soraglaryna düşündiriş bermekden ýüz öwürýär.