Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl-Hezbulla ýaraşygy raýatlaryň Günorta Liwana dolanmagyna ýol açýar


Parahat adamlaryň ulag kerwenleri, Ysraýylyň duýduruşlanaryna we bu sebitde ysraýyl goşunlarynyň deregine ýerleşdiriljek liwan goşunynyň ýüzlenmesine garaman,  günorta Liwana geçdi.
Parahat adamlaryň ulag kerwenleri, Ysraýylyň duýduruşlanaryna we bu sebitde ysraýyl goşunlarynyň deregine ýerleşdiriljek liwan goşunynyň ýüzlenmesine garaman,  günorta Liwana geçdi.

Ysraýyl bilen Eýran tarapyndan goldanýan Hezbullanyň arasyndaky ýaraşyk günorta Liwanda güýje girip, 14 aýa golaý dowam eden söweşleriň soňlanmagyna we onuň sebitde has giň konflikte ýazmagy baradaky aladalaryň peselmegine alyp geldi.

Ýaraşyk ýerli wagt bilen ir sagat 4:00-da başlandy. Ysraýyl harbylary asuda ilata häzirlikçe günorta Liwandaky öýlerine gaýdyp barmazlyk we Ysraýylyň pozisiýalaryna golaýlamazlyk duýduryşlaryny berdi.

Emma muňa garamazdan, parahat adamlaryň ulag kerwenleri, Ysraýylyň duýduruşlaryna we bu sebitde ysraýyl goşunlarynyň deregine ýerleşdiriljek liwan goşunynyň ýüzlenmesine garaman, günorta Liwana geçdi.

Hezbulla ABŞ tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlendi we bu guramanyň harby ganaty Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gara sanawa girizildi.

Atyşygyň bes edilmegi baradaky ylalaşyk Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň howpsuzlyk kabineti tarapyndan biragyzdan tassyklandy diýip, Netanýahuyň edarasy 26-njy noýabrda aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem bu göçümi haýal etmän gutlady we munuň Liwan üçin täze başlangyçdygyny, on müňlerçe ysraýyllynyň gaçmagyna, müňlerçe liwanlynyň öldürilmegine getiren, 14 aýa golaý dowam eden serhetüsti söweşlerden soňam parahatçylygyň mümkindigini görkezýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG