G7-niň, senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediler toparynyň daşary işler ministrleri 26-njy noýabrda, Italiýada geçirilen sammitiň jemleýji beýanatynda Ukraina bolan goldawlaryny beýan etdiler.
Şeýle-de, olar, öz sözleri bilen aýtsak, Russiýanyň "jogapkärçiliksiz we wehim beriji ýadro ritorikasyny" ýazgardylar.
G7 ministrleriniň beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň Russiýa berýän goldawynyň urşuň howply giňemesi bolandygy hem duýduryldy, Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalaryny we ok-därilerini satyn almagynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryna ters gelýändigi aýdyldy we bu ýagdaý berk ýazgaryldy.
“Biz Russiýanyň agressiýa urşuna berk garşy durýarys. Biz Ukrainanyň şäherlerine we raýat infrastrukturasyna edilýän gazaply hüjümleri we olaryň parahat ilat üçin kabul edip bolmajak netijelerini berk ýazgarýarys" diýip, ministrler iki günlük sammitiň jemleýji beýanatynda aýtdylar.