Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Bin Laden reýdinden öň CIA-e kömek eden informatorlary tussag etdi


Pakistanly satyjy köçäniň gyrasynda ýerli neşirleri satýar, Abbottabat, 13-nji maý.
Pakistanly satyjy köçäniň gyrasynda ýerli neşirleri satýar, Abbottabat, 13-nji maý.
“The New York Times” gazeti şu gün Pakistanyň Ýokary Harby içalylyk gullugynyň öten aý Osama bin Laden öldürilmezden öň gerekli maglumatlary berip, Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugyna (CIA) kömekleşen bäş sany pakistanly informatory tutandygyny habar berdi.

Habarda Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Leon Panettanyň öten hepde Pakistanyň harby we aňtaw işgärleri bilen duşuşmak üçin Yslamabada eden saparynda bu meseläni gozgandygy aýdylýar.

Panetta öten hepde Ýaragly gulluklar komitetinde geçen diňlenişikde: “Bin Ladeniň öldürilmegi terroristik ulgamy mundan beýläk-de güýçden düşürmek üçin bir pursat bolmaly” diýdi. “Meniň garaýşymça, Osama bin Ladeni öldüren operasiýa ýeke biziň etmeli işimizi etjekdigimizi bütin dünýä görkezmek bilen çäklenmedi. Ol bize “Al-Kaýdany” söküp taşlap, ony ýeňmäge 11-nji sentýabrdan soň iň uly pursaty eçildi”.

Emma Pakistanyň häkimiýetleri Bin Ladene ençeme ýyllap ýurduň ýokary harby okuw jaýynyň gapdalynda rahat ýaşamaga ýol berenleri tutmagyň deregine onuň öldürilmegi üçin geçirilen hüjüme kömek edenleri tutýana meňzeýär. Bu ýagdaý Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň harby we aňtaw işgärleriniň arasynyň gitdigiçe açylýandygyny görkezýär.

Kongresiň agzasy Dan Burton ýaňy golaýda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Biz Pakistanda Osama bin Ladeni goran adamlaryň bolandygyny bilýäris. Ýöne bu goldawyň ýokarda haýsy derejelere ýetendigini anyk bilemzok. Bolan zatlary gowy göremzok. Osama bin Ladeniň ol ýerdediginden adamlaryň habarly bolandygyny bilýäris”.

Burton sözüni şeýle dowam etdirdi: “Biziň maksadymyz “Al-Kaýdany”, “Talibany” ýeňmek. Pakistan bilen hem ylalaşmazlyklar, Osama bin Laden meselesi ýaly meseleler ýok däl. Bu problema bar. Muňa garamazdan, biziň olar bilen hyzmatdaşlyk etmegimiz gerek ýa problemanyň çözgüdi üçin olar bilen hyzmatdaşlygyň ýollaryny tapmak gerek”.

Hökümet we harbylar

“The New York Times” gazetiniň şu günki habarynda Merkezi aňtaw gullugynyň direktorynyň orunbasary Maýkel Moreliň terrorizme garşy operasiýalarda Pakistan bilen Birleşen Ştatatlaryň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyga berýän bahasy ol diýen ýokary däl.

Dogrudanam, Waşingtonyň Pakistanyň harbylary we aňtaw gulluklary bilen bolan gatnaşygy onuň Yslamabatdaky hökümet bilen bolan gatnaşygyndan has dartgynly.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardary öten hepde owgan prezidenti Hamid Karzaý Yslamada baranda “Al-Kaýda” we “Talibanyň” garşysyna göreşmegiň Pakistanyň bähbidinedigini belledi: “Biz biriniň garşysyna göreşmek üçin özümizi basyş astyna salmaly däl. Pakistany özümiz goraýarys. Bu Pakistanyň urşy. Biz öz urşumyzy özümiz alyp bararys. Bular Pakistanyň duşmanlary. Bular biziň çagalarymyzy, erkek we aýal doganlarymyzy öldürýän adamlar. Bular meniň çagalarymyň ejesini öldüren adamlar. Özüm barada aýtsam, men başga bir kişiniň urşuny alyp baramok. Pakistanyň alyp barýany öz urşy”.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň aýtmagyna görä hem Owganystanda “Taliban” söweşijileri bilen Kabul hökümetiniň arasyndaky ýaraşygyň başa barmagy üçin Pakistanyň hyzmatdaşlygy zerur.

“Owganystanda barlyşygyň üstünlige eýe bolmagy üçin Pakistan bu prosesiň bir bölegi bolmaly. “Talibanyň” köp ýolbaşçysy Pakistanda ýaşaýar. Bu prosesiň netijelerinde Pakistanyň köp kanuny bähbitleri bar. Bu bähbitler göz öňünde tutulyp, hormatlanmaly” diýip, Klinton nygtady.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary agzalýan barlyşygy Amerikanyň Owganystan baradaky strategiýasynyň esasy bölegi diýip suratlandyrdy.
XS
SM
MD
LG