Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti operasiýa edildi


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh
Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh
Saudy resmileri Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Salehiň Saud Arabystanynda edilen operasiýadan gutulyp, indi sagalyp gelýändigini aýdýarlar. Ýemeniň paýtagty Sanaada bolsa protestçiler “Bu onuň hemişelik gitdigi bolsun” diýip, şatlyk edýärler.

Saleh 3-nji iýunda, anna güni, namaz wagty köşge edilen raketa hüjüminden köşgüň metjidinde ýaralandy. Bu hüjümde azyndan 7 adam ölüp, Salehiň ýakyn geňeşçilerinden ençeme adam ýaralandy. Häkimiýetler hüjümi dissident taýpa ýolbaşçysy Şeýh Sadyk al-Ahmaryň tarapdarlarynyň amala aşyrandygyny aýdýarlar.

Sanaada hökümet güýçleri bilen Al-Ahmara degişli söweşijileriň arasynda ençeme hepde bäri yzy üzülmän gelýän söweşlerde 200 çemesi adam öldi. Şu gün Sanaada ýene-de gazaply hereketleriň başlanandygy aýdylýar.

Al-Ahmaryň býurosy taraplaryň arasynda ýekşenbe güni wagtlaýyn ýaraşyk yglan edilendigine garamazdan, öz tarapdarlaryndan paýtagtyň demirgazygynda üç adamyň öldürilendigini habar berdi.

Aýdylyşyna görä, Saleh iki hepde Saud Arabystanynda bolar. Ýemen häkimiýetleri aýak üstüne galansoň, onuň Sanaa dolanyp, öz wezipesini dowam etdirjekdigini aýdýarlar.

Aňsat däl

Ýöne Salehiň yzyna dolanmagy beýle aňsat ýol almajaga meňzeýär. Onuň ýurdy terk etmegi oppozisiýa tarapyndan şatlyk bilen gutlandy. Adamlar ertire çenli köçelerde aýdym-saz etdiler. Olar indi Salehden soňky döwrüň başlanmagyna umyt edýärler.

Protestçiler Salehiň ýurdy terk etmegini gutlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00
Wideo: Salehiň ýurdy terk etmegi oppozisiýa tarapyndan şatlyk bilen gutlandy.

Saleh arap dünýäsiniň iň garyp ýurdy Ýemende 33 ýyl bäri höküm sürüp gelýär. Ýanwar aýyndan bäri dowam edýän hökümete garşy protestlerde onuň häkimiýet başydan gitmegi talap edilýär.

Oppozision aktiwist Wassem al-Goraşy ýekşenbe güni Sanaada bir metbugat ýygnagynda: “Salehiň Saud Arabystanyna gitmegi Ýemeniň taryhynda iň uly günleriň biri bolup bellener” diýdi.

“Planlaşdyryş komiteti ähli milli güýçleri we syýasy partiýalary ýurtdaky toparlaryň hemmesine wekilçilik etjek wagtlaýyn prezident Geňeşini gurmaga başlamaga çagyrýar. Bu Geňeş bir aralyk hökümet döredip, Ýemen halkynyň azatlyk we abadançylyk baradaky talaplaryny kanagatlandyrjak täze Baş kanunyň taslamasyny taýýarlamaly” diýip, Al-Goraşy aýtdy.

Ýapyşyp ýatyr

Saleh özüniň sag-aman häkimiýet başyndan aýrylmagy barada araçylyk edilip gelnen ylalaşygy üç gezek ret etmek bilen özüni uzak wagtlap goldap gelen iki ýurdy – Birleşen Ştatlar bilen Saud Arabystanyny gaharlandyrdy.

Ol ýurtdan gidensoň, Waşington halky aradan salym geçirmän parahatçylykly we tertipli geçişe çagyrdy. Saud Arabystany hem arap dünýäsinde barýan protestleriň togtamagyny islýär. Şol sebäpden geçiş ylalaşygyna gol çekmegi üçin onuň Salehe gysyş görkezmegine garaşylýar.

Ýöne Saleh ýokary derejeli generallarynyň we ilçileriniň özünden ýüz öwrendigine garamazdan, häkimiýete ýapyşyp ýatyr. Onuň tarapdarlary hem häkimiýeti söweşsiz elden bermejege meňzeýärler.

Salehiň ýurda dolanmagyndan ýa-da häkimiýeti güýçli respublikan gwardiýa ýolbaşçylyk ediýän ogly Ahmede geçirmäge synanyşmagyndan gorkulýar. Mirasdüşer diýip, ozal hem ady agzalýan şoldy.

Häzir Saleh ýokka, ýurdy dolandyrýan wise-prezident Abed Rabbo Mansour Hadi ýaňy, hepdäniň soňunda Ahmed we Saleh maşgalalarynyň harby birliklere ýolbaşçylyk edýän beýleki agzalary bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG