Halkara jenaýat sudunyň Baş prokurory Luis Moreno Osamponyň aýtmagyna görä, Muammar Kaddafini, onuň ikinji ogly Saif al-Islamy we aňtaw gullugynyň başlygy bolan giýewsi Abdullah al-Sanussini tussag etmek barada orderler berildi. Olar Kaddafiniň režimine garşy protestleri basyp ýatyrmak üçin amala aşyran repressiw çärelerindäki uruş jenaýatlary üçin tussag edilerler.
Gaagada metbugat konferensiýasynda çykyş eden Moreno Osampo Kaddafiniň hut özüniň asuda ilata hüjüm etmek barada görkezme berendigini habar berdi. “Onuň güýçleri Liwiýanyň asuda ilatynyň öýlerine we jemgyýetçilik ýerlere hüjüm etdiler. Olar demonstrasiýa çykanlary oka tutdular, ölenleri jaýlamaga gatnaşanlara garşy agyr ýaraglary ulandylar we namazdan soňra, metjitleri terk edenleri mergenler atyp öldürdiler” diýip, Osampo aýtdy.
Onuň sözlerine görä, materiallar bu hereketleriň kaddafiçileriň elindäki ýerlerde dowam edýändigini görkezýär.
Halkara jenaýat sudunyň Baş prokurory Moreno Osampo Muammar Kaddafiniň ogly we giýewsi bilen bilelikde işleşendigi barada şeýle diýdi: “Kaddafiniň ikinji ogly Saif al-Islam de fakto premýer-ministr we onuň sag goly bolan giýewsi Al-Sanussi harby aňtaw gullugyň başlygy. Käbir hüjümlere Kaddafiniň hut özi ýolbaşçylyk etdi. Biziň edaramyzda bu üçüsiniň şol operasiýalary planlaşdyryşy we olara ýolbaşçylyk etmek barada geçiren duşuşyklary hakynda dokument bar”.
Kaddafi we onuň töweregi barada gozgalan jenaýat işinde 1,200-den gowrak dokumentler, wideoýazgylar, suratlar we köpsanly interwýular ulanyldy diýip, Osampo habar berdi.
Liwiýanyň resmileri bu tussag etmeler baradaky haýyşy ýumşaklyk bilen ýazgardylar. Emma Liwiýanyň oppozisiýasy bu habary gowy garşylady.
Çylşyrymly adam
Gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Bengaziniň ýaşaýjysy Farouk Gaziniň “Roýter” agentligine aýtmagyna görä, Kaddafi “dil tapyşardan” çylşyrymly adam: “Emma biz mümkingadar tiz wagtyň içinde adalatyň dabaralanmagyny isleýäris. Biz ol mundan has öňräk bolar öýdüp, umyt edipdik. Ýöne bu günki karar – bu gün edilse gowy, ol ertä galdyrylmaly däl”.
Oppozision Milli geçiş geňeşiniň wise-prezidenti Abdel Hafez Goga bolsa, öz toparynyň Kaddafiniň Halkara suda çekilmezden ozal Liwiýada sud edilmegini görmek isleýändigini aýtdy. Adam hukuklary boýunça halkara “Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramalary hem bu ädimi gowy garşyladylar.
Ýöne, Moreno Osamponyň habar bermegine görä, Kaddafiniň režiminiň amala aşyran başga bir jenaýaty aýratyn derňelmäge degişli. Oňa fewralyň ahyrlaryndan bäri amala aşyrylan zorlamalar we hüjümler baradaky aýyplamalar hem girýär.
Liwiýada söweşler dowam edýär. BMG-niň maglumatlaryna görä, ýurtda müňlerçe adam öldürildi we häzire çenli 750 müň çemesi adam öz öýüni terk etmäge mejbur edildi.