Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF-niň başlygy jynsy zorlukda aýyplanyp, suda çekilýär


Halkara walýuta fondunyň (IMF) başlygy Dominik Straus-Kan Nýu Ýorkdaky polisiýa edarasyndan çykarylýar, 2011-nji ýylyň 15-nji maýy.
Halkara walýuta fondunyň (IMF) başlygy Dominik Straus-Kan Nýu Ýorkdaky polisiýa edarasyndan çykarylýar, 2011-nji ýylyň 15-nji maýy.
Halkara walýuta fondunyň (IMF) başlygy Dominik Straus-Kan bir myhmanhananyň hyzmatçysyny zorlamaga synanyşanlykda aýyplanyp, şu gün Amerikada suda çekilýär. Onuň adwokady Straus-Kanyň günäsizdigini subut etmek üçin özüniň sud-medisina barlagyndan geçirilmegine razylyk berendigini aýtdy.

Halkara walýuta fondunyň 62 ýaşly başlygy Nýu Yorkuň merkezinde ýerleşýän “Sofitel” myhmanhanasynda bir hyzmatçy aýaly öz nomerindäki wanna otagyna salyp, zorlamaga synanyşmakda we şeýle-de onuň azatlygyny çäklendirmekde aýyplanýar. Bildirilýän bu günä subut bolan halatynda oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Straus-Kana tanymal adwokat Bejamin Brafman wekilçilik edýär. “Ol bu aýyplamalardan berk goranmagy maksat edinýär, özüniň nädogry iş etmänligini aýdýar” diýip, Brafman aýdýar.

HWF kyn ýagdaýda

Bu masgaraçylyk Halkara walýuta fonduny kyn ýagdaýa saldy. Fond global maliýe krizisinde Straus-Kanyň ýolbaşçygylynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin ýolbaşçylaryň milliardlarça dollar goýbermegine kömek edenligi üçin köp taryplanypdy. Ol şeýle hem maliýe taýdan kyn ýagdaýa düşen Islandiýany, Wengriýany, Gresiýany we Portugaliýany halas etmek üçin hem kynçylyksyz kredit beripdi.

Straus-Kanyň tutulmagynyň Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara walýuta fondy tarapyndan Gresiýa berlen kreditleri uzaltmak hakda geçirilmeli gepleşikleri hem çylşyrymlaşdyrmagy mümkin.

Ýewropa Komissiýasy: “Straus-Kanyň tutulmagy ýewro zonasynda kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlary halas etmek baradaky tagallalara täsir etmez” diýdi. Ýöne Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Rikard Jozwiagyň pikiriçe, Straus-Kana günä bildirilmegi Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleriniň şu günki duşuşygyna ýaramaz täsir eder.

“Ýeke Irlandiýa däl, Portugaliýa bilen Gresiýany halas etmek baradaky planlary hem ýola goýup, olary alyp baran şoldy. Gresiýa barada olar täze düzgünler hakda pikir alşarlar. Portugaliýa barada hem bir ylalaşyga gelinmeli. Bu bir kyn wagt. Geňeş şu işleri bitirmeli, Halkara walýuta fondundan hem bir başga adam iberilýär. Gepleşikler dowam eder. Ýöne bu waka gepleşikleriň üstüne gara bulut bolup abanar” diýip, Jozwiak aýdýar.

Fransiýa täsiri

Straus-Kana günä bildirilmegi Fransiýada oppozision sosialistik partiýany-da garma-gürmelige saldy. 2012-nji ýylda geçmeli prezidentlik saýlawlaryna kandidatlygyny resmi taýdan yglan etemese-de, Straus-Kan ileri tutulýan kandidat hasaplanýardy. Ol pikir soralyşyklarda hem prezident Nikolýa Sarkozydan öňde durýardy.

Sosialistleriň ýokary derejeli liderleri halky köşeşmäge we aramlyga çagyrdylar. Straus-Kanyň aýaly fransuz telewideniýesiniň ýokary derejeli žurnalisti Anne Sinkleýr hem adamsyna bildirilýän aýyplamalara özüniň ynanmaýanlygyny aýdýar.

Sarkozynyň sagçy UMP partiýasy Straus-Kany entek göni ýazgarmakdan saklanýar. “Men bular ýaly pursatlarda adamyň Fransiýanyň abraýy barada oýlanýandygyny aýtmalydyryn. Sebäbi bu bir hakyky zat: göz öňüne getirip görüň, Fransiýa dünýäde beýle tanalsa, nähili bolar? Esasy mesele şu. Ýöne ýene bir gezek aýdaýyn, bu wakanyň ähmiýeti we agramy bizi sandyradýar” diýip, prezident Nikolýa Sarkozynyň UMP partiýasynyň başlygy Žan Fransua Koup aýtdy.

Ýöne Straus-Kanyň aýyplanmagy halk tarapyndan ol diýen halanmaýan Sarkozynyň bähbidine bolar diýip, pikir edilýär.
XS
SM
MD
LG