Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbottabatlylar Bin Laden bilen goňşy bolup ýaşandyklaryna heniz hem ynananoklar


Osamanyň goňşularynyň göreni
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:59 0:00

Goňşularyň çagalarynyň üýşüşip futbol oýnaýan meýdançasy daşy belent diwarly, diwarlaryň depesi tikenekli simli jaýyň edil gapdalynda ýerleşýär.

Bir gün çagalar futbol oýnap ýörkäler, top bu jaýyň daşyna aýlanan diwaryň içine düşýär. Şol bada bir adam daşary çykyp, çagalar bilen gürleşýär. Ol olaryň topuny alyp berip bilmejekdigni aýdyp, çagalara täze top almak üçin 50 rupiýe berýär. Bir topuň bahasy bolsa, 20 rupiýe. Çagalar puly alyp gidýärler.

Abbottabatda şular ýaly gürrüňler köp. Pakistanda hemmelere tanyş Osama bin Laden ýönekeý ilatyň bir çetinde şular ýaly bir açyk ýerde gizlenip gezipdir. Ilatynyň aglaba köplügi pensiýa çykan harby işgärlerden durýan Abbottabat boldumly, asuda şäher diýip tanalýan ýer.

“Ýer sandyrady”

Osama bin Ladeniň ölenine aradan üç gün geçen hem bolsa, abbottabatlylar Birleşen Ştatlar tarapyndan 10 ýyla golaý gözlenip gelnen bu adamyň özleri bilen goňşy bolup ýaşanyna ynananoklar. Käbirleri hem 2-nji maýda gijäniň ýarynda asudalygy bozan partlamalaryň, atyşyklaryň salan gorkusyndan heniz hem açylyp bilenoklar.

“Osamanyň bu ýerde ýaşanyna biz şindi-de ynanyp bilemzok. Biz ol daglarda bolýandyr öýdýärdik. Şol gije aýlanyşyp, dikuçarlar peýda bolanda motorlarynda bir problema bolandyr diýip, pikir etdik. Onsoň sagat 1.30-da bir partlama bolup ýer sandyrady. Biz howatyr etdik. Sebäbi Abbottabatda beýle zat ozal bolanokdy. Munuň bin Laden bil baglydygyny ‘Geo’ telekanalyny açanymyzda bilip galdyk. Gaty gorkduk. Muňa şindi-de ynanyp bilemzok” diýip, abbottabatly bir gyz aýdýar.

“Meniň adym Bilal. Ýarygije kiçeňräk üç partlama boldy. Sagat 1-de ýene bir uly partlama bolup, biziň öýümiziň penjireleri dargady. Ol jaýda birnäçe adam ýaşaýardy. Ýöne olar barada bilýän zadymyz ýok. Men Osamanyň bu ýerde bolanyna ynanamok. Munuň esasy sebäbi hem berk howpsuzlyk. Abbottabat Pakistanyň iň bir howpsuz şäheri hasaplanýar” diýip, Bilal gürrüň berýär.

Zubair Han atly bir adam hem bolan wakalary garaňkylykda golaýdaky harby ýokary okuw jaýynyň yşyklary sönende görüpdir: “Ýarygije bu töwerege takmynan üç dikuçar geldi. Olar 30 minutlap ýokarda aýlanyp gezdiler. Soňra iki sany kiçeňräk partlama boldy. Pakistanyň harby ýokary okuw jaýynda yşyklar bütinleý söndi”.

Harby edaralaryň köp ýeri

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Fawad Ali Şahyň habar bermegine görä, paýtagt Yslamabadyň 60 kilometrliginde ýerleşýän Abbottabat ýokary derejeli mekdepleriň we harby edaralaryň köp ýeri. Pakistan goşunynyň buluç bölümi bilen ýurduň ýokary harby okuw jaýy hem şu ýerde ýerleşýär. Goşunyň täze işgärlerine şu ýerde türgenleşik berilýär. Bin Ladeniň ýaşan jaýynda hem harbylaryňky ýaly tertip-düzgün saklanypdyr. Onda ýaşaýan adamlar ençeme ýyllap gizlenip gezipdir.

Bir abbottabatly ýaşaýjy bu jaýyň indi öňkülerinden hem berk goralyp saklanýandygyny belleýär: “Bu ýeriň töweregi tutuşlygyna saklawly. Hatda bize, şu ýerde ýaşaýanlarada, rugsat edilenok. Biz özümize gerek gündelik zatlary-da alyp bilmeýäris. Men bu jaýy içinden göremok, diňe daşyndan gördüm. Onuň daşynda belentligi 5 metre, galyňlygy hem 1 metre golaý diwar bar. Diwarlaryň daşyna tikenekli sim aýlanan. Ol ýere barmaga hiç kime ýol ýokdy”.

Bolan waka Osama bin Ladeniň öňki goňşularyny geňirgendirip, gorkuzan hem bolsa, bu ýerde begenerlik zat ýok.

“Abbottabatlylar bu waka bir musulmanyň aradan çykmagy diýip garaýarlar. Bir musulman başga bir musulmanyň ölümine hiç haçan begenmez, tersine, gynanar. Biz onuň näme maksatlarynyň bolandygyny bilemzok. Ýöne nähili-de bolsa, ol bir musulmandy. Gowy zat onuň öz kimligini gizlejek bolup, sakgalyny syrmanlygy” diýip, bir abbottabatly aýdýar.
XS
SM
MD
LG