Soňky günler Ýakyn Gündogarda ýüze çykan uly gerimdäki halk gozgalaňlary yslam gymmatlyklarynyň demokratiýa bilen bir ýere sygşyp-sygyşmaýandygy barada dini bilermenleriň arasynda gyzgyn diskussiýalaryň hem ýüze çykmagyna getirdi.
Aýratynam bu diskussiýalar Ýakyn Gündogarda sünni dini ruhanylary bilen teolog alymlaryň arasynda çekeleşlikli häsiýete eýe boldy. Olar, hususan-da, tutuş region boýunça ýaýrap barýan halk gozgalaňlaryny goldamalymy ýa goldamaly däl diýen meseläniň töwereginde belli bir karara gelip bilenoklar.
Bu dawalaryň bir tarapynda, aýdaly, Saud Arabystanynyň yslam alymlarynyň Ýokary Geňeşiniň düzümine girýän we döwlet tarapyndan goldanylýan konserwatiw salafiler topary ýaly toparlar bar. Olar hökümete garşy protestleri «yslama laýyk gelmeýän» hereketler hökmünde häsiýetlendirip, muny ýazgarýarlar.
Dawalaryň beýleki tarapynda bolsa reformalara tarapdar dini toparlar durýar. Olaryň hatarynda bolsa berk düzgün-nyzama çagyrýan radikal dindarlardan başlap, dünýewi prinsiplere çagyrýan liberal dindarlar hem bar.
Bu dini ruhanylaryň we teolog alymlaryň garaýyşlary bolsa, öz gezeginde, arap dünýäsindäki jemgyýetçilik garaýşyna uly täsirini ýetirýär. Bu regionda millionlarça adamlar hut şol az sanly dini liderleriň garaýyşlaryndan ugur alýarlar.
Halk gozgalaňlary sebäpli emele gelen häzirki ynjyk geçiş prosesinde-de bu dini liderleriň täsirli rol oýnamaklary mümkin diýlip çaklanylýar.
«Allanyň emrine garşy gitmek»
Hakykatdanam, soňky günler regiondaky dini liderleriň we guramalaryň halk gozgalaňlary barada propogandistik usullar bilen raýatlaryň garaýşyna täsir etmäge çalyşýandyklaryny görmek bolýar.
Mysal üçin, ýakynda, 6-njy martda Saud Arabystanynyň yslam alymlarynyň Ýokary Geňeşi protestçileriň gol toplamak ýaly çärelerini «Allanyň emrine garşy gitmek» ýaly bir çäre hökmünde häsiýetlendirip, beýanat ýaýratdy.
Bu wakanyň fonunda bolsa, Müsüriň «Musulman doganlygy» guramasyny esaslandyryjy Hassan al-Bannanyň kiçi inisi, tanymal din alymy Gamal al-Banna yslam dini bilen demokratik gymmatlyklaryň arasynda hiç hili gapma-garşylygyň ýokdugyny aýdyp çykyş etdi.
«Protestler we demonstrasiýalar haýyr işi goldamaklygyň we ýaman işiň öňüni almaklygyň örän möhüm gurallaryndan biri bolup durýar. Demonstrasiýa çykmaklygyň özi halkyň öz depelenen hukugyny goramak ýa-da kanunçylygy ýola goýmak islegini aňladýar».
Türkiýe mysaly
Öz döwründe Tunisden daşary ýurtlara bosgunlyga çykmaly bolan ruhany lider Raçed Gannouçi şu aý Türkiýäniň dini liderleri we resmileri bilen duşuşmak üçin Türkiýä barýar. Ol hem «Adalat we Galkynyş» partiýasynyň Türkiýede yslam dini bilen modern jemgyýetçilik gymmatlyklaryny utgaşdyryp başarnykly syýasat alyp barýandygyny aýdyp, bu barada öwgüli garaýyşlary aýtdy.
Brýuking barlaglar institutynyň Dohadaky merkeziniň direktory Şadi Hamid dini liderleriň garaýyşlaryndaky tapawutlaryň esasy sebäbiniň olaryň din baradaky düşünjeleri bilen däl-de, eýsem syýasy ynançlary we alyp barýan syýasy işleri bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Onuň pikiriçe, regiondaky köp tanymal teologlar we dini liderler ol ýa-da beýleki bir görnüşde nähilidir bir syýasy hereketler bilen baglanyşykly adamlar. Hut şoňa görä-de, Şadi Hamid bu dini liderleriň halk gozgalaňlaryna berýän bahalarynda-da syýasy dünýägaraýşyň çynlakaý rol oýnaýandygyny aýdýar.
Aýratynam bu diskussiýalar Ýakyn Gündogarda sünni dini ruhanylary bilen teolog alymlaryň arasynda çekeleşlikli häsiýete eýe boldy. Olar, hususan-da, tutuş region boýunça ýaýrap barýan halk gozgalaňlaryny goldamalymy ýa goldamaly däl diýen meseläniň töwereginde belli bir karara gelip bilenoklar.
Bu dawalaryň bir tarapynda, aýdaly, Saud Arabystanynyň yslam alymlarynyň Ýokary Geňeşiniň düzümine girýän we döwlet tarapyndan goldanylýan konserwatiw salafiler topary ýaly toparlar bar. Olar hökümete garşy protestleri «yslama laýyk gelmeýän» hereketler hökmünde häsiýetlendirip, muny ýazgarýarlar.
Dawalaryň beýleki tarapynda bolsa reformalara tarapdar dini toparlar durýar. Olaryň hatarynda bolsa berk düzgün-nyzama çagyrýan radikal dindarlardan başlap, dünýewi prinsiplere çagyrýan liberal dindarlar hem bar.
Bu dini ruhanylaryň we teolog alymlaryň garaýyşlary bolsa, öz gezeginde, arap dünýäsindäki jemgyýetçilik garaýşyna uly täsirini ýetirýär. Bu regionda millionlarça adamlar hut şol az sanly dini liderleriň garaýyşlaryndan ugur alýarlar.
Halk gozgalaňlary sebäpli emele gelen häzirki ynjyk geçiş prosesinde-de bu dini liderleriň täsirli rol oýnamaklary mümkin diýlip çaklanylýar.
«Allanyň emrine garşy gitmek»
Hakykatdanam, soňky günler regiondaky dini liderleriň we guramalaryň halk gozgalaňlary barada propogandistik usullar bilen raýatlaryň garaýşyna täsir etmäge çalyşýandyklaryny görmek bolýar.
Mysal üçin, ýakynda, 6-njy martda Saud Arabystanynyň yslam alymlarynyň Ýokary Geňeşi protestçileriň gol toplamak ýaly çärelerini «Allanyň emrine garşy gitmek» ýaly bir çäre hökmünde häsiýetlendirip, beýanat ýaýratdy.
Bu wakanyň fonunda bolsa, Müsüriň «Musulman doganlygy» guramasyny esaslandyryjy Hassan al-Bannanyň kiçi inisi, tanymal din alymy Gamal al-Banna yslam dini bilen demokratik gymmatlyklaryň arasynda hiç hili gapma-garşylygyň ýokdugyny aýdyp çykyş etdi.
«Protestler we demonstrasiýalar haýyr işi goldamaklygyň we ýaman işiň öňüni almaklygyň örän möhüm gurallaryndan biri bolup durýar. Demonstrasiýa çykmaklygyň özi halkyň öz depelenen hukugyny goramak ýa-da kanunçylygy ýola goýmak islegini aňladýar».
Türkiýe mysaly
Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül (sagda) «Musulman doganlygy» guramasynyň liderleri bilen duşuşýar, Kair, 3-nji mart 2011-nji ýyl.
Käbir dini reformatorlar yslam dini bilen demokratik prinsipleriň barlyşyp bilýändigine janly mysal hökmünde Türkiýäniň «Adalat we Galkynyş» partiýasynyň döwleti dolandyryş usulyny mysal getirýärler. Öz döwründe Tunisden daşary ýurtlara bosgunlyga çykmaly bolan ruhany lider Raçed Gannouçi şu aý Türkiýäniň dini liderleri we resmileri bilen duşuşmak üçin Türkiýä barýar. Ol hem «Adalat we Galkynyş» partiýasynyň Türkiýede yslam dini bilen modern jemgyýetçilik gymmatlyklaryny utgaşdyryp başarnykly syýasat alyp barýandygyny aýdyp, bu barada öwgüli garaýyşlary aýtdy.