Tussaglykda saklanýan Saeef Malekpouryň aýaly Zohre Eftekhari öz adamsy “jezalandyryş meýlisiniň” nobatdaky pidasy bolmaz diýip, umyt edýär.
“Eýrandaky jezalandyryş meýlisi” diýen söz düzümi adam hukuklaryny goraýan guramalaryň Eýranda barýan jezalandyrmalara beren häsiýetnamasynyň netijesidir.
35 ýaşly Malkpouryň iki – kanada we eýran – graždanlygy bar. Ol 2008-nji ýylda özüniň syrkaw kakasyny soramak üçin Eýrana geleninde, tussag edildi. 2010-njy ýylyň dekabrynda bolsa ol ölüm jezasyna höküm edildi.
Malkpour Web dizaýnçylygy bilen meşgullanýar. Netijede ol “ulular üçin Web saýtlaryny işletmekde”, “režime garşy agitasiýa ýöretmekde” we “mukaddeslige şek ýetirmekde” aýyplandy.
Onuň aýaly Efetkari öz adamsyna bildirilen bu aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýar. Onuň bellemeginä görä, bularyň ählisi ýerli telewideniýede ýalan maglumat bermek üçin toslanypdyr.
Efetkari bu aýyplamalarda subutnamalaryň ýeterlik däldigini, şeýle-de bikanunçylylga ýol berlendigini aýdýar: "Bildirilýän aýyplamalar Eýranyň konserwatiw jemgyýeti üçin diýseň täsirli. Mundan başga-da olar bu wakany özleriniň syýasy matlaplary üçin peýdalandylar”.
Soňra ol şeýle diýýär: “Saeedi tanaýan her kim bu aýyplamalaryň toslamadygyny tassyklar. Ony telewzorda görenler hem, onuň gürleýşinden we onuň titreýän dodaklaryndan çen tutup, onuň bu jenaýaty boýun almaga mejbur edilendigini aýdýarlar”.
Birleşen Milletler Guramasynyň iki sany garaşsyz ekspertiniň aýtmagyna görä, soňky döwürde Eýranda adamlary jezalandyryp öldürmekde “ýokary ösüş bolupdyr”. Onsuzam Eýran ölüm jezalaryny bermekde we ýerine ýetirmekde dünýäde iň öňdeligi eýeleýän ýurtlaryň biri hasaplanýar.
Eýranyň adam hukuklary boýunça halkara hereketiniň berýän maglumatyna görä, Eýranda şu ýylyň diňe ýanwar aýynda 83 adam jezalandyrlyp öldürldi. 2010-njy ýylda bolsa 179 adam jezalandyrlyp öldürilipdir.
Eýranda ölüm jezasynyň berilmegi gitdikçe artýar
Ölüm jezasynyň berilmegi 2009-njy ýylda prezident Mahmud Ahmedinejadyň täzeden prezident saýlanmagyna garşy geçirilen protestlerden soňra has-da artdy. Munuň bilen baglylykda 12-nji iýundaky saýlawlar gününden Ahmedinejadyň awgustda prezidentlik kasamyny eden gününe çenli, ýagny üç aýyň içinde 100-e golaý adam jezaladyrlyp öldürildi. Bu maglumaty halkara “Amnesty International” guramasy berýär.
Eýranyň düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Halkara hereketiniň başlygy Hadi Ghaeminiň çaklamasyna görä, Eýranda soňky wagtlarda ölüm jezasynyň berilmeginiň artmagynyň arkasynda Tunisdäki we Müsürdäki wakalaryň duran bolmagy mümkin.
"Ölüm höküminiň näme sebäpden beýle artandygyny aýtmak kyn, ýöne regiondaky syýasy özgerişler muňa öz täsirini ýetirýäne meňzeýär. Eýranyň howpsuzlyk güýçleri Müsüriň we Tunisiň mysalyndaky aýaga galmalardan juda howatyrlanýarlar” diýip, Hadi Ghaemi belleýär.
Eýranyň oppazision ýolbaşçylary Mir Hossein Mussawiniň we Mehdi Karrubiniň bellemeklerine görä, Tähran bu ölüm hökümleriniň üsti bilen halkda gorky döretmegi maksat edinýär.
Resmileriň aýtmagyna görä, ölüm jezasy berlenleriň aglabasy neşe gaçakçylygy bilen ilteşikli adamlardyr. Ýöne, muňa garamazdan, soňky birnäçe aýyň dowamynda, 2009-njy ýyldaky protestlerde tussag edilenleriň azyndan üçüsi asylyp öldürildi.
Eýranyň düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Halkara hereketiniň başlygy Hadi Ghaemi ölüm jezasynyň indi Eýranyň döwlet syýasatyna öwrülendigini aýdýar.
"Biz Eýranyň Baş prokurory Mohseni Ejeiniň soňky wagt ölüm jezalarynyň artmagynda uly goşandynyň bardygyna ynanýarys. Ol 1980-nji ýyllardaky köpçülikleýin adam öldürmelerinde hem uly rol oýnapdy. Häzirem ol bu syýasaty ýene bir gezek gün tertibine salana meňzeýär. Ölüm jezasy onuň tassyklamagy bilen amala aşyrylýar” diýip, Ghaemi belleýär.
Tähranly 26 ýaşly student neşe gaçakçylaryna we partlamalary gurnaýjylylara berilýän ölüm jezasyny goldaýandgyny aýtdy. Emma “Men syýasy matlaply we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jezalandyrylmagyna garşy” diýip, ol sözüni jemledi.