Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratiýa tarapdar rewolýusiýa Mubaregi häkimiýetden çetleşdirdi


Mubarek wezipesinden çekilenden soň, müsürliler begençden ýaňa aglaşdylar, 11-nji fewral.
Mubarek wezipesinden çekilenden soň, müsürliler begençden ýaňa aglaşdylar, 11-nji fewral.

Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek ýurduň häkimiýetini harbylara tabşyryp, prezidentlik wezipesinden çekildi.

Wise-prezident Omar Süleýman telewideniýede çykyş edip, Mubaregiň häkimiýetden çekilýändigini yglan etdi, 11-nji fewral.
Mubaregiň bu kararyny ýurduň wise-prezidenti Omar Süleýman ýerli wagt bilen sagat 18:00-da telewideniýe arkaly yglan etdi.

“Eziz watandaşlarym. Ýurtdaky häzirki kyn döwürde prezident Hosni Mubarek prezidentlik wezipesinden çekilmek barada karara geldi. Ol döwlet meselelerine gözegçilik etmegi Ýaragly Güýçleriň Ýokary geňeşine tabşyrdy. Hudaý bizi öz penasynda saklasyn.”

Şondan soň, demokratiýanyň tarapyny tutýan on müňlerçe demonstrantlar paýtagt Kairiň Tahrir meýdançasynda bu wakany dabaralandyryp, tans etmäge we Müsüriň baýdaklaryny galgatmaga başladylar. Olar: “Halk režimi ýykdy!” diýip gygyryşdylar.

Şondan öň berlen maglumatlarda Mubaregiň öz maşgalasy bilen paýtagt Kairi terk edip, Gyzyl deňziň kenaryndaky Şarm el-Şeih kurortyna gidendigi aýdylypdy.

Goranmak ministri Huseýin Tantawiniň ýolbaşçylygyndaky Ýaragly güýçleriň Ýokary geňeşi telewideniýe arkaly beýanat ýaýradyp, halkyň kanuny isleglerini ýerine ýetirmek üçin özleriniň taýýarlyk görýändiklerini mälim edipdi.

Şeýle hem Tantawi Kairdäki prezident köşgüniň öňünde ýygnanan märekä harby salamyny beripdi.

"Taryhy waka"

Waşingtonda Obama howpsuzlyk geňeşçileri bilen soňky ýagdaýlar barada maslahat edenden soň žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Müsürliler ýurduň baýdaklaryny galgatdylar we şatlyk şygarlaryny ýaňlandyrdylar, 11-nji fewral.
“Durmuşymyzyň dowamynda taryhy wakalara şaýat bolýan pursatlarymyz örän az. Häzir şol pursatlaryň birini başdan geçirýäris. Müsüriň halky dillendi, olaryň sesi eşidildi, indi Müsür hiç haçan öňküsi ýaly bolmaz” diýip, Obama aýtdy.

Obama Birleşen Ştatlar “Müsür bilen dostlugyny we hyzmatdaşlygyny dowam etdirer” diýip belledi. Ol: “Biz demokratiýa ynamdar geçişiň ýola goýulmagy üçin nähili kömek gerek bolsa we soralsa, muny bermäge taýýar” diýdi.

Obama Müsüriň harbylaryny “döwletiň gözegçisi hökmünde öz üstlerine alan jogapkärçiligi” üçin öwdi we olara adamlaryň hukuklarynyň goragyny, adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagyny hem-de erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegine ýol açylmagyny kepillendirmäge çagyryş etdi.

“Öňde kyn günleriň bardygyna ikirjiňlenmeýärin we ençeme soraglar jogapsyz galýar. Emma men Müsüriň halkynyň şol soraglara jogap tapjakdygyna, muny parahatçylykly we konstruktiw ýagdaýda, soňky hepdeleriň dowamynda görkezilen agzybirlik ruhy bilen amala aşyrjakdygyna ynanýaryn” diýip, Obama aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly bolsa “Twitterde”: “Müsüriň halkyny gutlaýarys. Müsürlileriň isleglerini kanagatlandyrjak sistema ýüze çykar diýip umyt edýaris” diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerin Aşton hem Mubaregiň kararyna gowy baha berip, “ol Müsüriň halkynyň sesine gulak asdy” diýdi. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bolsa häzirki wakalary “özgerişligiň taryhy pursaty” diýip atlandyrdy we Müsüri Ysraýyl bilen ýola goýan parahatçylyk ylalaşyklaryna hem hormat goýmaga çagyrdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron “açyk, demokratik we azat” Müsüre geçiş döwründe graždan häkimiýetiniň ýola goýulmagyna çagyryş etdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun “açyk-aýdyň, düzgün-tertipli we parahat geçişe”, şeýle hem Müsürde raýat häkimiýetini kemala getirjek “erkin, adalatly we ynamdar” saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdy.

Müsüri sarsdyran 18 gün

Ýurduň dürli künjeklerinde 18 günläp hökümete garşy geçirilen protestleriň nyşanasy bolan 82 ýaşly prezident demonstrantlary köşeşdirmek üçin telewideniýede eden çykyşyndan bir gün hem geçmänkä wezipesinden çekildi. Professional gatlaklaryň we kärdeşler arkalaşyklarynyň hem demonstrasiýalara goşulmagy bilen, soňky günleriň dowamynda protestleriň gerimi has hem giňäpdi.

Tahrir meýdançasynda Mubaregiň çykyşyny diňleýän märeke, arap däbi boýunça, aýakgaplaryny galgadyp, “ol ýurdy terk etmeli” diýşip gygyryşdy, 10-njy fewral.
Mubaregiň 10-njy fewralda telewideniýede eden çykyşynda özüniň iş başyndan çekilýändigini aýdaryna garaşylypdy, ýöne bu garaşylany bolmandy. Ol özüniň prezidentlik ornundan aýrylman, has giň reformalary amala aşyrmagy wada berdi we indiki prezidenlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmajakdygyny tekrarlady.

Tahrir meýdançasynda muny eşiden märeke, arap däbi boýunça, aýakgaplaryny galgadyp, “ol ýurdy terk etmeli” diýşip gygyryşdy.

Mubaregiň çykyşyndan soň müňlerçe adam anna günündäki ýörişlere taýýarlyk görmek üçin Tahrir meýdançasynda galdy. Anna günündäki protest 25-nji ýanwarda başlanan protestleriň iň ulularynyň biri boldy diýlip, habar berilýär. On müňlerçe protestçiler prezident köşgüniň we telewideniýaniň jaýynyň daşynda ýygnandylar. Olar parlamentiň binasynyň daşyna üýşüp, Mubaregiň wezipesinden gitmegini we režimiň dargadylmagyny talap etdiler.

Prezidentiň köşgünde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi we onuň töwereginde tanklar peýda boldy. Ondan öň köşgüň üçeginde snaýperçileriň görünýändigi habar berlipdi.

Şondan soň protestçiler milli telewideniýäniň jaýynyň daşyny gabap, gündiziň dowamynda oňa girip-çykmaga hiç kime ýol bermediler. Onsoň telewideniýäniň žurnalistleri ilkinji gezek protestçiler bilen geçirilen söhbetdeşlikleri efire bermäge başladylar.

Ýokary geňeşiň wadasy kanagatlandyrmady

Müsüriň harbylarynyň Mubarek tarapyndan wada edilen reformalaryň durmuşa geçiriljekdigine kepil geçmeklerine garamazdan, ýörişler Kairiň beýleki ýerlerine hem ýaýrap başlady. Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary geňeşiniň Juma namazyna gatnaşýanlaryň öňünde beren wadalary köpleri kanagatlandyrmandy.

Ýokary geňeş hökümetiň gözegçiliginiň “erkin we adalatly” saýlawlar geçirilýänçä harbylara geçirilýändigini yglan etmedi. Emma ençeme demonstrantlar şuny talap edýärdiler.

Şeýle hem Ýokary geňeş Mubaregiň wezipesinden çekilmegi boýunça demonstrantlaryň çagyryşlaryny hem goldamady. Onuň ýerine, adamlara protestlerini bes etmekleri we öýlerine, işlerine dolanmaklary maslahat berildi. Bu bolsa Tahrir meýdançasyndaky halkyň has hem gaharyny getirdi.

Ýokary geňeşiň ikinji duşuşygy Juma namazyndan soň geçirildi. Oňa goranmak ministri ýolbaşçylyk etdi. Harby ýolbaşçylar soňky ýagdaýlar barada hasabat berdiler. Protestçiler bolsa şol wagt Kairdäki, şeýle hem Aleksandriýadaky, Suezdäki we beýleki şäherlerdäki hökümet binalaryna tarap hereket etmäge başlapdylar.
XS
SM
MD
LG