Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda neşirýatlara gysyş artýar


 Neşirçiler 2005-nji ýylda prezident Mahmut Ahmedinejad häkimiýet başyna geleli bäri döwlet tarapyndan özlerine görkezilýän gysyşyň hem sezuranyň aratandygyny aýdýarlar.
Neşirçiler 2005-nji ýylda prezident Mahmut Ahmedinejad häkimiýet başyna geleli bäri döwlet tarapyndan özlerine görkezilýän gysyşyň hem sezuranyň aratandygyny aýdýarlar.
Eýran birnäçe wagt bäri Yslam respublikasyna garşy alnyp barylýan “gizlin uruş” barada gürrüň edip, ýurduň bilimli gatlagyny nyşana alýar. Indi abraýly neşirýatlaryň Yslam hökümetini agdarmaga synanyşýanlykda aýyplanmagy režimiň öz basyşyny güýçlendirmk isleýändigini görkezýär.

Bu aýyplama “Hajeh Nasir” uniwersitetiniň Basij güýçlerine degişli bir topary tarapyndan düzülen sanawda gozgalýar. Oppozision “Rahe Sabz” (Ýaşyl ýol) saýty hem bu toparyň howpsuzlyk güýçleri bilen ilteşiklidigin öňe sürýär.

64 sahypalyk dokumentde aýdylmagyna görä, neşirýatlaryň “gizlin urşa” gatnaşýandygy baradaky subutnama bu uruşda nyşana alynýanyň diňe syýasy sahna däldigini aňladýar.

“Yslam hökümetine ‘garşy neşirýatlaryň’ arasynda ilkinji hatarda durýanlykda aýyplanýan abraýly neşiýat “Neşr-e neý”. Bu neşirýat sosiologiýa, filosofiýa, ykdysadyýet, syýasat we din barada dürli meseleleri öz içine alýan kitaplary çap edýär.

Agzalýan beýeleki neşirýatlar “Neşr Çeşme”, “Ataýi”, “Kawir” we “Kognus”. Bularyň neşir edýän eserleri köplenç roman we hekaýa kitaplary. Ýöne olaryň arasynda filosofiýa we jemgyýetçilik bilimlerine degişli kitaplar hem ýok däl.

Sanawda Eýranyň tanymal ýazyjy we edebi şahsyýetleriniň, şol hatarda Simin Behmehaniniň, Mahmud Doletabadiniň, Jawad Mojabiniň, ruhany Mohsen Kadiweriň we sürgünlikde ýaşaýan satiraçy Ebrahim Nabawiniň hem ady bar.

“Garalajak bolýar”

Bu sanawda ady geçiýän belli filosof Ramin Jahanbegloo: “Eýran režimi indi neşirýatlary garalajak bolýar” diýýär. “Garaz olar bir ýol bilen dildüwşik teoriýasyny döretjek bolýarlar”.

“Men beýle zat bardyr öýdemok. Sebäbi bu neşirýatlaryň çap edýän kitaplary diňe dissident awtorlaryň eserleri däl. Olar başga kitaplary-da neşir edýärler. Olaryň arasynda dini kitaplaryň hem bolmagy mümkin” diýip, Jahanbegloo aýdýar.

Jahanbegloonyň garaýşyça, neşirýatlara görkezilýän gysyş režimiň soňky wagtlarda jemgyýetçilik bilimleriniň öwredilmegine görkezýän gaşylygy bilen bagly bolmagy ähtimal. Eýran häkimiýetleri, şol sanda ýokary dini ýolbaşçy Aýatollah Ali Hemeneýi, jemgyýetçilik bilimleri adamlaryň dini ynanjyny gowşadýar diýen pikirde.

“Bu kitaplary ulanýanlar, ilkinji nobatda, studentler we ýokary bilimli eýranlylar, iň azyndan şol derejede. Onsoň uniwersitet derejesinde gumanitar bilimler üýtgedilmeli bolsa, ikinji ediljek iş jemgyýetçilik bilimlerinde ýa filosofiýa bölüminde studentleriň okaýan kitaplaryny senzuralamak bolar” diýip, Jahanbegloo duýdurýar.

Ahmedinejad režimi

Neşirçiler 2005-nji ýylda prezident Mahmut Ahmedinejad häkimiýet başyna geleli bäri döwlet tarapyndan özlerine görkezilýän gysyşyň hem sezuranyň aratandygyny aýdýarlar. Olar bir kitaby neşir etjek bolsalar, ol ilki Medeniýet ministrligi tarapyndan oňlanmaly.

“Biziň işimizde çekýän kynçylyklarymyz, päsgelçiliklerimiz ozal hem az däl. Ýöne bu sanaw bolsa-da, bolmasa-da biziň bu işden el üzjekdigimiz aňladanok” diýip, adyny agzamakdan saklanýan bir neşirçi aýdýar.

Satiraçy Nabawi hem özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär: “Biz ýagdaýyň reformirlenmeginiň tarapdary. Režimiň agdarylmagyny hemmeden beter isleýän Aýatollah Hameneýi bilen Ahmedinejad. Bir gün režim çökse, alyp baran syýasatlary bilen ýagdaýy radikallaşyranlygy üçin, muňa jogapkär Aýtollah bilen Ahmedinejad bolar”.

“Biziň režimi agdarmaga güýjümiz ýok, beýle bir niýetimiz hem ýok” diýip, Nabawi aýdýar. Ol soňra hem öz kitaplarynyň heniz hem Eýranda satylýandygyny sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG