Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” Päkistanda alada döredýär


"Gilaniniň we beýlekileriň Päkistanda “WikiLeaks”-iň paş etmeleriniň ähmiýetini peseletjek bolup eden synanyşyklary oňyn netije bermedi".
"Gilaniniň we beýlekileriň Päkistanda “WikiLeaks”-iň paş etmeleriniň ähmiýetini peseletjek bolup eden synanyşyklary oňyn netije bermedi".

ABŞ-nyň ýaşyryn diplomatik hatlarynyň çap edilmegi, Päkistandaky käbir syýasy we howpsuzlyk meseleleriniň daşyndaky çekişmeleriň gyzyşmagyna-da sebäp boldy.


Ozal Päkistanda syýasy hem harby liderleriň hususy pikirleri beýle derejede jemgyýetçilige aýan edilmänsoň, bu diplomatik hatlarda aýdylýan zatlar agyr aýyplamalara we garşylyklaýyn dawalara alyp geldi.

Päkistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani 4-nji dekabrda “WikiLeaks” tarapyndan çap edilen diplomatik hatlar barada gürrüň edip, žurnalistlere «‘WikiLeaks’-e ynanmaň» diýdi. Ol: «O syzyp çykan maglumatlar kiçi diplomatlaryň pikirleri» diýip, belledi.

Synanyşyklar oňyn netije bermedi…

Emma Gilaniniň we beýlekileriň Päkistanda “WikiLeaks”-iň paş etmeleriniň ähmiýetini peseletjek bolup eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Üsti açylan diplomatik hatlar esasy syýasy hem harby liderleriň käbiriniň hususy gürrüňçilikde amerikan diplomatlaryna aýdýan zatlary bilen päkistan jemgyýetçiligine aýdýan zatlarynyň arasynda uly tapawudyň bardygyny görkezdi. Onsoň, bu ýagdaý telegepleşiklerde we gazet makalalarynda uly gowur döretdi.

Çap edilen hatlaryň biri Päkistanyň jemgyýetiniň iň güýçli topary bolan harbylary gaty gelşiksiz ýagdaýa saldy. Birleşen Ştatlaryň ilçisi Anne W. Pattersonyň 2009-njy ýylda ýazan hatynda «harbylaryň häzirki ýolbaşçysy, general Aşfak Parwez Kaýani ýagdaýyň kesgin ýaramazlaşan halatynda, her neneň islemese-de, özüniň prezident Zardarini işden çekilmäge yrmaly bolmagynyň ahmaldygyny ýaňzytdy» diýilýär.

Bu maglumatlaryň netijesinde harbylaryň sözçüsi, general-maýor Athar Abbas harbylaryň demokratiýany goldaýandyklaryny jemgyýete ynandyrmak üçin ýörite çykyş etmeli boldy. Ol 4-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda «Goşun Päkistanyň konstitusiýasynyň çäginde syýasy prosesi goldamak syýasatyny ýöredýändigini görkezdi» diýdi we harby güýçleriň komanduýuşisi, general Aşfak Parwez Kaýaniniň milli liderleriň ählisine hormat goýýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Syýasatçylar oňaýsyz ýagdaýda

Çap edilen diplomatik hatlar Birleşen Ştatlaryň diplomatlary bilen eden şahsy gürrüňleriniň üstüni açansoň, Päkistanyň uly syýasatçylary berk hem yzygider tankyda sezewar boldular.

Päkistanly tanymal yslamçy syýasatçy Mawlana Fazlur Rehmanyň “Jamiýet ulam-e yslam” partiýasy Günbatara garşy çykyş edýändigi bilen tanalýar. Emma, gizlin diplomatik hatlarda aýdylmagyna görä, ol 2007-nji ýylyň noýabrynda ilçi Pattersondan özüniň premýer-ministr bolmagy üçin goldaw aljak bolupdyr.

Onuň tarapdarlary bu hili haýyşyň bolandygyny inkär etdiler. “Jamiat ulam-e yslamyň” liderinden biri Abdul Jalil Jan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde diplomatik hatlarda aýdylýan zatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini, özleriniň Alladan başga hiç kimden kömek soramandyklaryny we eger halk köpçüligi özlerine ses berse, premýer-ministriň wezipesine-de dalaş edip biljekdiklerini we şonda Birleşen Ştatlaryň özlerine ýurdy dolandyrmaga päsgel berip bilmejegini aýtdy.

Çap edilen diplomatik hatlar Saud Arabystanynyň Päkistana çuň täsiriniň bardygyny hem görkezýär. Birleşen Ştatlaryň Riýaddaky ilçihanasyndan 2008-nji ýylyň oktýabrynda ýazylan hatda şeýle diýilýär: «Päkistanlylar saud patyşasy Abdyllanyň Päkistanyň ozalky premýer-ministr Nawaz Şarif tarapyndan dolandyrylanyny amatly görýär diýip hasaplaýarlar. Olaryň pikiriçe, patyşa Abdylla hut özüniň şu maksadyna ýetmek üçin Päkistana berilýän ýardamlary hem kemeldipdir».

Emma Nawaz Şarifiň “Pakistan Musulman Ligasy” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri Hawaja Asif bu aýdylýanlary ret edýär. Ol Azatlyk Radiosynyň Päkistan gullugyna beren interwýusynda bu gürrüňleriň Yslamabat bilen Riýadyň arasyna çöp atmak üçin ýaýradylýandygyny öňe sürüp, «Biz üçin esasy zat päkistan halkynyň Nawaz Şarife bolan garaýşy. Allanyň ýalkamagy bilen, biz halkyň garaýşyndan razy, sebäbi adamlar Penjab welaýatynda biziň häkimiýete gelmegimiz üçin ses berdiler» diýdi.
XS
SM
MD
LG