Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: ugur niräk?


Y.Karimow bilen H.Klinton Daşkentde duşuşyk wagtynda. 2-nji dekabr, 2010.
Y.Karimow bilen H.Klinton Daşkentde duşuşyk wagtynda. 2-nji dekabr, 2010.

Geçen hepde prezident Yslam Karimow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň Daşkentde geçiren gepleşikleriniň Özbegistan bilen Waşingtonyň gatnaşyklary üçin nähili ähmiýeti bolup biler?


Özbegistanyň prezidentiniň press-relizinde aýdylmagyna görä, Birleşen Ştatlar bilen Özbegistanyň “jebis gatnaşyklary” bar. Şeýle-de onda “energiýa, ýeňil senagat we transport pudaklarynda bilelikdäki onlarça umumy proýektleriň hem Amerikanyň sermaýasy ýatyrylan 200 töweregi özbek şirketiniň bardygy” bellenilýärr.

Ýöne, Karimowyň bu optimizmine garamazdan, Daşkentde ýurduň geljegi, Birleşen Ştatlar we beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklary barada anyk ugruň bolmazglygy kabir aladalary döredýar.

Hut şu sebäpli synçylar Özbegistanyň Owganystanda we regionyň beýleki ýerlerinde durnukly ýagdaýy döretmek ugrunda edýän aladalarynyň ýaramaz netijeleriniň bolmagyndan howatyrlanýarlar.

Anyk bolmadyk gatnaşyklar

Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz meseleleri boýunça Londondaky «Chatham House» barlaglar institutynyiň ylmy işgäri Jeýms Nikseý bu barada şeýle diýýär: “Özbegistan bilen işleşmek kyn. Iň esasy ugurlar boýunça hem işleşip bolmasa, onda işleri haýsy ugur bilen alyp barmalydygy barada aýdyňlyk bolmaýar. Şeýle-de, eger olaryň Günbatar babatda anyk syýasaty bolmasa, Günbataryň olar babatda nähili syýasat alyp barmalydygy hem kyn meselä öwrülýär”.

Daşkent bilen diplomatik gatnaşyklar hiç haçan hem aňsat bolmandy. 2005-nji ýylyň maýynda Özbegistanyň Andijon şäherinde hökümete garşy demonstrasiýa gatnaşyjylara özbek hökümetiniň ot açmagyny Birleşen Ştatlaryň yazgarmagynyň yzysüre, özbek hökümeti Amerikanyň harby güýçlerinden ýurtdan çykmagyny talap edipdi. Bu bolsa, Owganystanda alnyp barylýan harby işlerde kynçylyk döredipdi.

Şol döwre çenli özbek hökümeti Waşington bilen üýtgäp duran gatnaşyklary saklap gelipdi, soňra Özbegistan Hytaý bilen Orsýete tarap ýüzüni öwürdi.

Özbegistan häzirki wagt täze Demirgazyk üpjünçilik marşruty (NDR) proýektine hem gatnaşýar. Munuň çäginde ol NATO-nyň Owganystana niýetlenen harby däl ýüklerini daşamakda möhüm rol oýnaýar.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň aýtmagyna görä, NDR çäginde amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň 90% töweregi Özbegistanyň territroriýasy arkaly daşalýar. Häzir Päkistan arkaly ýükleri daşamakda howpsuzlyk kynçylyklarynyň bardygy sebäpli, NDR-iň ähmiýetiniň has-da artjakdygy bellenilýär.

«Ylalaşmazlyklar entegem bar»

Ýöne, her niçigem bolsa, Waşington bilen Daşkendiň arasynda ylalaşmazlyklar entegem bar. Hillari Klintonyň geçen hepde Özbegistana barmagy adam hukuklaryny goraýjy toparlary birneme geň galdyrdy.

Bu saparynyň dowamynda Hillari Klinton Yslam Karimowy demokratiýa azatlygyny giňeltmek üçin beren wadalaryny berjay etmäge çagyrdy.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, Özbekistan adam hukuklary, daşary syýasat we hatda özüniň ykdysady ösüş meselelerine-de uzak möhletleýin planlar boýunça çemeleşmeýär.

Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň baş redaktory Jon MakLoud özbek hökümetiniň öňden görüjilik we planlaşdyrma babatdaky gowşaklygyna aladalanýar. Ol “Özbegistanyň töweregindäki dünýä özgerse-de, ýurduň içinde bu proses göze ilmeyar”diýip belleýär.

“Özbek resmileri geljek onýyllygy nähili görýärler? Eger munuň jogaby barada olar pikirem etmeýän bolsalar, onda bu çynlakaý problema. Emma, döwlet mediýasy we özbek hökümeti häzir ýurtda ähli zdyň gülala-güllükdigini habar berýärler” diýip, MacLoad belledi.

Londondaky «Chatham House» barlaglar institutynyiň ylmy işgäri Jeýms Nikseýiň bellemegine görä, Merkezi Aziýanyň beýleki dört döwleti bilen deňeşderiniňde, Özbegistan has ýapyk ýurt bolmagyna galýar.

“Men döwletde strategik nukdaýnazaryň ýoklugy epidemiýanyň bir görnüşidigi bilen ylalaşýaryn. Bu ýagdaý mundan beýläk-de erbetleşýäne meňzeýär. Bu bolsa, azyndan geljekki bäş ýylda Özbegistanda haýsydyr bir möhüm ösüşleriň bolmajakdygyny aňladýar” diýip, Jeýms Nikseý belledi.
XS
SM
MD
LG