2008-nji ýylda geçen prezidentlik saýlawlaryndan bäri Ak Tamyň we Kongresiň iki öýüne-de kontrollyk edip gelýänler demokratlar. Ýöne soňky günlerde geçirilen pikir soralyşyklarda gelnen netijeler dogry bolup çyksa, öňümizdäki saýlawda Wekiller palatasynda köplük orny Respublikanlar eýelärler. Senatda hem Demokratlaryň köplük sanynyň azalmagyna garaşylýar.
2008-nji ýylda prezident Barak Obama bilen onuň Demokratik partiýasyny häkimiýet başyna getiren zat halk köpçüliginiň Jorj Buşuň we Respublikan partiýanyň alyp baran syýasatyndan dynmak we “umyt we özgerişler” islegi bolupdy. Ýöne aradan iki ýyl geçer-geçmez, bu umytlar gurap, onuň ýerini ykdysady durgunlykdan dörän gaýgy-alada aldy.
Gahar we ykdysadyýet
Muňa sebäp bolan näme? Saýlawlar boýunça ekspert Brýus Keýn: “Adamlar Demokratlardan köp zatlara garaşdylar. Ykdysadyýet doly ýola düşmänsoň, olarda Obama we Demokratlar beren wadasynda durmady diýen duýgy döredi” diýýär.
“Ykdysadyýet Obamanyň adamlarynyň pikir edişinden has kyn problema bolup çykdy. Olar ykdysadyýete berlen goldaw we görlen beýleki çäreler bilen işsizligiň derejesini azaldyp bolar öýtdüler. Hakykatda bolsa, dünýädäki ýurtlaryň köpüsi ýaly, olaryň hem eden açyşy munuň gaty kyn problemadygy boldy. Işsizlik öňküsi ýaly ýokarylygyna galdy” diýip, Keýn belleýär.
Köp amerikanlaryň ýagdaýdan närazylygyna sebäp bolýan zat işsizlik derejesiniň häzirem ýokarydygy. Ol indi 10 prosent töweregi. Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiň käbir sektorlarynda gymyldy bolsa-da, täze iş orunlary döränok. Sebäbi kompaniýalar az sanly işçiler bilen köpräk iş bitirmäge öwrenişdiler.
“The New York Times” gazeti tarapyndan geçirilen täze pikir soralyşykda ozal Obama ses beren amerikanlaryň köpüsiniň bu ýyl respublikanlara geçenligi tassyklanýar. Adatdan daşary garaýyşly kandidatlara ses bermäge meýillidigini aýdýanlaryň sany hem 25 prosentiň üstünde.
“Çaý meýlisi”
Adatdan daşary kandidatlar diýlip, köplenç “Tea Party”, “Çaý partiýasy” ýa “Çaý meýlisi” diýilýän hereketiň kandidatlary göz öňünde tutulýar. Tutuşlygyna alanyňda, bu partiýanyň agzalary hökümetiň uly bolmazlygyny isleýär. Galyberse-de, olar sosial konserwatiw pozisiýada durýarlar.
Ýaňy Delaweýr ştatynda deslapky saýlawda bu partiýanyň tejribesiz kandidaty Kristin O’Donnell Kongresiň 18 ýyllyk weteranyny ýeňdi. “Men bir jadygöý däl. Men siziň eşiden zadyňyz däl. Men siz. Biziň hiç birimiz kämil däl. Ýöne biziň töweregimizde görýän zatlarymyza hiç kim begenip bilmez. Men Waşingtona gidip, siziň etjek işiňizi etjek” diýip, O’Donnell aýtdy.
Ýöne Ak Tam hem bu bolýan zatlara daşyndan garap oturanok. Obama telewideniýede eden çykyşynda öz eden işlerini gorady, ol: “Men ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Biz halkyň durmuşyny günbe-günden özgerdýän işleri öňe sürdük. Bu indi ýeterlikmi? Ýok, men we beýleki demokratlar halk ýene öňe gitmekligi islýär diýen pikirde” diýdi.
Saýlaw eksperti Keýn: “Sişenbe güni geçen ses berişlikde demokratlaryň ýitgä uçramagy mümkin, ýöne bu 2012-nji ýylda Obamanyň prezidentligi soňlanar diýildigi däl. Prezident Bill Klinton bilen Ronal Reýganyň partiýalary-da möhletleriniň ortasynda geçen saýlawda ýeňlip, iki ýyldan soň ýene täzeden saýlanypdylar” diýýär.
Başga sözler bilen aýdylanda, sişenbe güni respublikanlar ýeňiş gazansa-da, “Obamanyň işi gaýtdy” diýerden entek ir.