Heýkeltaraş Zurab Sereteli tarapyndan döredilen Beýik Pýotruň heýkeli Kremlden bir kilometr uzaklykdaky Moskwa derýasyndaky kiçijik adada ýerleşýär. Uzynlygy 98 metr, dünýäde iň uly heýkelleriň biri bolan bu heýkele “Wirtual turist” internet sahypasy hem “Daşary syýasat” neşiri tarapyndan iň betnyşan heýkel diýlip atlandyryldy.
Orsýeti günbatarlaşdyryp, ýurduň paýtagtyny Moskwadan Sankt Peterburga göçüren tsar Pýotr I-niň bu heýkelini Moskwanyň ilaty hem kän bir halap baranok. Emma moskwalylaryň nägileligine garamazdan, Ý.Lužkowyň şähere eýeçilik eden döwri onuň ýakyn dostlarynyň biri, heýkeltaraş Zurab Sereteliniň döreden bu heýkeli eldegrilmesizdi.
28-nji sentýabrda Lužkow işinden boşadylansoň, onuň wezipesini wagtlaýyn eýelän Wladimir Resin ertesi Pýotr I-niň heýkeliniň hem başga ýere göçüriljekdigini mälim etdi.
Aslynda Kolumbyň heýkelimi?
Şondan bäri Orsýetde bu heýkeliň niräk göçüriljekdigi barada, bu işe näçe serişde harç ediljekdigi hakda ýiti diskussiýalar dowam edýär. Halk arasynda turuwbaşdan bu heýkeliň Pýotr I-ä däl-de, Latyn Amerikasynyň bir ýurdy üçin Kristofer Kolumbyň heýkeli diýlip ýasalandygy, ýöne ol ýurt heýkelden ýüz öwrensoň, onuň Pýotr I-niň heýkeline soňra öwrülendigi baradaky gürrüňler ýörgünli.
Moskwaly, 50 ýaşly Lýudmila Ponomarýowa hem bu heýkeliň başga ýere göçürilmelidigini aýdýar: “Bu heýkel Pýotruňky däl, ol Kolumbyň heýkeli. Şonuň üçin Moskwa derýasynda oňa ýer ýok. Ony başga ýere göçürmeli”.
Tankytçylaryň pikirine görä, heýkeliň göçürilmegi üçin iň bärkisi alty million dollara barabar çykdajy etmeli bolar. Bu serişdeler bolsa ýurduň mekdeplerine ýa-da jemgyýetçilik iş proýektlerine sarp edilse, has ýerlikli bolardy diýip, ýaşaýjylaryň köpüsi aýdýarlar.
73 ýaşly pensioner Raisa Sinisina bu barada şeýle diýýär: “Bu heýkele gaty köp serişde sarp edildi. Şonuň üçin ony ýykmalymy ýa-da ony galdyrmalymy bilmeýärin. Ýykmaly bolsa, oňa köp serişdäniň sarp edilendigini gynandyrýar. Men-ä bilmedim. Bu meseläni ýokardakylar çözsün. Şeýle heýkeli gurmakdan öň pikirlenmelidi”.
Şäheriň “görküni gaçyrmaň”
Ýurduň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Sergeý Mironow heýkeli Sankt Peterburg şäherine göçürip, ony Fin aýlagynyň girelgesinde dikeltmegi teklip etdi. Ýöne şäheriň kanunçylyk boýunça assambleýasy beýik imperator tarapyndan gurlan Sankt Peterburg şäherinde bu heýkeli dikip, şäheriň görküni gaçyrmakdan saklanmaga çagyrdy. Sankt Peterburg şäheriniň häkimi Walentina Matwiýenko bolsa şäherde Pýotr I-ni dabaralandyrýan heýkeliň eýýäm bardygyny aýtdy.
Sankt Peterburg şäheriniň deputaty Alekseý Kowalýow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Zurab Sereteliniň döreden bu heýkelini zir-zibil taşlanýan ýere zyňmalydygyny aýtdy.
Sankt Peterburgly internet habar gullugy “Fontanka.ru” hem bu heýkeliň göçürilmeli ýeri baradaky geçirilen pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 65%-niň ony Mironowyň daçasyna göçürmegi teklip etdiler. Ýöne bu heýkeli öz şäherlerinde dikeltmek isleýänler hem tapyldy.
Rus metbugatynda berlen maglumatlara görä, Arhangelsk hem Woronež şäherleriniň häkimiýetleri bu baradaky teklibe garajakdyklaryny aýtdylar. Şeýle hem Moldowanyň separatistik meýilli Pridnestrowýe regiony bu heýkeliň özlerine göçürilmegine gyzyklanma bildiripdir.
Göçürilmelimi?
Tsar Pýotr I heýkeliniň awtory Zurab Sereteli bolsa heýkeliň göçürilmegi bilen bagly meseläni gozganlaryň “watançylyk duýgusynyň ýokdugyny” aýdyp, olary diňe öz wezipeleri barada alada edýän adamlar diýip atlandyrdy.
76 ýaşly heýkeltaraş, Moskwada geçirilen möhüm iri gurluşyklaryň birnäçesine gatnaşdy. Tsar Pýotr I-niň heýkeli 1997-nji ýylda Orsýetiň deňiz flotunyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dikeldildi.
Moskwanyň ýaşaýjysy, käri boýunça medisina işgäri 43 ýaşly Andreý bu heýkeliň başga ýere göçürilmeginiň tarapdary. Sebäbi, onuň aýtmagyna görä, “Bu heýkel Moskwanyň öňki häkiminiň korrumpirlenen hereketlerini ýada salýar”.
Sowet döwründe ady belli arhitektor Alekseý Duşkiniň agtygy, arhitektura boýunça professor Natalýa Duşkinanyň aýtmagyna görä, Pýotr I-niň heýkeliniň göçürilmegi bilen bagly meseläniň galdyrylmagy “Halkyň ünsüni has möhüm problemalardan sowmak üçin edilýär”.
“Interfaks” habar gullugynyň beren maglumatynda şäher häkimiýetiniň arhitektura bölüminiň adynyň agzalmagyny islemedik işgärine salgylanyp, heýkeliň göçürilmegi makullanan ýagdaýynda-da bu mesele bilen bagly işleriň geljek ýylyň ýazyndan ýa-da tomsundan bärde başlanmajakdygy aýdylýar.