Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky söweş operasiýalary tamamlandy


Obama: "Söweşiji esgerler Yragy terk etseler-de, Birleşen Ştatlar ýurduň geljegini gurmak işini dowam etdirer".
Obama: "Söweşiji esgerler Yragy terk etseler-de, Birleşen Ştatlar ýurduň geljegini gurmak işini dowam etdirer".

Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Yrakda alyp barýan söweş operasiýalarynyň soňlanandygyny resmi taýdan yglan etmek bilen, bu ýurtda ýedi ýyldan hem uzaga çeken urşy tamamlandy etdi. Obama muny Ak Tamdan telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

"Men bu gije Ameriakanyň Yrakdaky söweş missiýasynyň soňlanandygyny bildirýärin. Yragyň azatlygy ugrunda giden operasiýa tamamlandy. Ýurduň howpsuzlygy baradaky jogapkärçilik indi yrak halkynyň öz elinde" diýip, Obama mälim etdi.

Öňki prezident Jorj Buş tarapyndan başlanan bu urşy prezidentlige kandidat wagtyndan bäri tankytlap gelen Obama 2009-njy ýylyň ýanwarynda hökümet başyna gelensoň, Yrakdaky amerikan esgerleriniň sanyny azaldyp ugrady. Ol harby bazalaryň ýüzlerçesini ýapdy ýa-da olaryň gözegçiligini Yrak goşunynyň özüne berdi.

Häzir Yrakda galan amerikan esgerleriniň sany 50 müň töweregi, işleri hem yrak goşunyny we polisiýasyny degerli maslahatlar, kömekler bilen goldamak. Ýöne bular hem 2011-nji ýylyň aýagynda Yrakdan çykarylar.

Obama: “Söweşiji esgerler Yragy terk etseler-de, Birleşen Ştatlar ýurduň geljegini gurmak işini dowam etdirer. Birleşen Ştatlar ikitaraplaýyn bähbide we ikitaraplaýyn sylag-hormata esaslanýan täze gatnaşykda Yragyň dosty we ýarany bolup galar” diýdi.

“Harbylarymyz çekilip, Yragy goldamak işini diplomatlarymyz, kömekçi işgärlerimiz we geňeşçilerimiz alyp barar. Yrak şeýdip, öz hökümetini güýçlendirer, syýasy dawalary çözer, uruş zerarly öý-owzaryndan jyda düşen ilaty gaýtadan ýerleşdirer, dünýä we region bilen öz gatnaşygyny ornadar” diýip, Obama belledi.

Nämani aňladýar?


Prezident Birleşen Ştatlaryň goşunynyň Yrakdan çekilýändigini bildirse-de, munuň Amerikanyň dünýa sahnasyndan çekilýändigini aňlatmaýanlygyny aýyl-saýyl etdi: “Yrakda edilen tagallalardan alan sapaklarymyzyň biri Amerikanyň dünýädäki täsiriniň ýeke harby güýç bilen ýol almaýanlygy. Biz öz güýç-gudratymyzyň ähli elementinden, şol sanda diplomatiýamyz, ykdysady güýjümiz we amerikan göreldesiniň güýjünden peýdalanyp, bähbitlerimizi howpsuzlandyrmaly, ýaranlarymyza arka durmaly”.

Söweş operasiýalarynyň soňlanmagy Yrakdaky hökümet üçin oňaýsyz mahala gabat geldi. Syýasy partiýalar täze hökümet gurmakda alty aýdan köp wagt bäri özara öňuşman gelýärler. Şol sebäpden Obama Ak Tamdan göni Yrak ýolbaşçylaryna ýüzlendi: “Men Yragyň ýolbaşçylaryny aradan salym geçirmän, adalatly, yrak halkyna wekilçilik edip, yrak halkynyň öňünde jogapkärçiligi duýjak hökümeti gurmaga çagyrýaryn. Şeýle hökümet gurulsa, yrak halky Birleşen Ştatlary öz güýçli ýarany saýyp biler. Biziň söweş missiýamyz soňlandy, ýöne Yragyň geljegi baradaky borjumyz welin tamamlananok”.

Urşy amerikanlaryň aglaba köplügi oňlamasa-da, Obama söweşiň Owganystanda dowam etjekdigini bildirdi: “Biz, ine, gepläp otyrkak, Al-Kaýda biziň garşymyza plan düzýär. Biz ony ýykarys, söküp taşlarys, Al-Kaýdany ýeňeris, Owganystanyň täzeden terroristleriň bazasy bolmagyna ýol bermeris. Yrakdan çekilýändigimiz sebäpli döreýän mümkinçilikleri Owganystanda hüjüm üçin ulanyp bileris”.
XS
SM
MD
LG