Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýorkdaky metjit plany çekişmelere getirdi


Nýu Ýork, 12-nji sentýabr, 2001-nji ýyl.
Nýu Ýork, 12-nji sentýabr, 2001-nji ýyl.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu Ýorkda Bütindünýä söwda merkezine edilen terrorçylykly hüjümde 3 müň töweregi adam öldi. Indi bir musulman topary şol merkeziň golaýynda Yslam medeni merkezini gurmagy planlaşdyrýar.

Köp adamlar muňa garşy. Olar bu işe şol belli hüjümde ölen adamlaryň hatyrasyna hormatsyzlyk hökmünde garaýarlar. Olaryň getirýän delillerinde esasan tutaryk edinýäni bu 13 gat, 100 million dollarlyk medeni merkeziň bir metjidi hem öz içine alýanlygy.

Yslam medeni merkeziniň gurulmagy boýunça planyň tarapyny çalýanlar: “Bu dini erkinligiň we ýurduň Baş kanunynda kepillendirilen hukuklaryň beýanyndan başga zat däl” diýýärler.

Üstümizdäki ýylyň başlarynda ile ýaýylandan soň, bu plan dini erkinlik hökmünde onuň tarapyna çalýanlar bilen oňa garşylaryň arasynda kä gaharly, kä göçgünli çekişmelere getirdi.

Bu jedellere, syýasy bähbit arap, konserwatiw syýasatçylar-da goşuldylar. Mysal üçin, Alýaskanyň öňki häkimi Sarah Palin bilen Kongresiň öňki başlygy Nýut Gingeriç özleriniň bu plana garşydyklaryny bildirdiler.

Demokratlar bolsa media bu barada interwýu bermekden saklanyp, dymýarlar. Nýu Ýorkuň senatorynyň býurosynyň aýdany hem diňe onuň bu plana garşydygy boldy. Ak Tam bolsa bu jedele asla goşulanok.

Býurokratik böwet ýok

Öten hepdede taryhy binalary goramak baradaky komissiýa Yslam medeni merkezini gurmak üçin ýykylmaly edilen 152 ýyllyk binany gorap saklamak üçin ýeterlik derejede taryhy bina däl diýen karara geldi.

Komissiýanyň agzasy Libby Ryan: “44 ýa 47 maşyn goýulýan bir ýer Nýu Ýork şäheriniň alamaty diýip kesgitlärlik ölçegde däl” diýdi. Şeýdip, Yslam medeni merkeziniň gurulmagyna päsgel berip duran iň soňky býurokratik böwet hem sökülip taşlandy.

Planyň arkasyny tutýanlar: “Bu jedeli turzan musulmanlara garşy adamlar” diýýärler. Mysal üçin, Amerikanyň Yslam gatnaşyklary merkeziniň sözçüsi Ybrahym Huperiň garaýşyça, olaryň maksady yslam dinine uýýan amerikanlar bilen musulman däl amerikanlaryň arasyna agzalalyk salmak.

“Esasy mesele, Amerikanyň niresinde hem bolsa, musulmanlara ybadat etmäge bir ýeri hem öz içine alýan Yslam jemgyýetçilik merkeziniň gurulmagy. Oňa garşy çykýanlar Tennesside, Kaliforniýada, Illinoýda, Brýuklinde we Staten Aýlandda hem metjit gurulmagyna garşy çykýan adamlar. Tapawudy ýok, nirede-de bolsa, olar garşy. Her gezekde-de öz fanatizmlerine bir başga bahana tapýarlar” diýip, Y.Huper aýdýar.

Nýu Ýorkuň häkimi goldaýar

Maýkl Blumberg
Metjit gurmak hukugyny goraýan adamlary Nýu Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg hem goldaýar. Ol 3-nji awgustda metbugat konferensiýasynda komissiýanyň proýektiň ýoly açyk diýip, biragyzdan ses berenligini tassyklady.

M.Blumberg öz çykyşynda “Bütindünýä söwda merkezi biziň şäherimizde we ýüregimizde baky orna eýe. Ýöne Aşaky Mannhattende metjit bolmaly däl diýsek, bu biziň, nýu ýorklularyň we amerikanlaryň, öz iň oňat tarapymyza gabat gelmeýän işi etdigimiz bolar”.

“11-nji sentýabrda ölenleriň arasynda musulmanlaryň hem bolandygyny, musulman goňşularymyzyň hem biz nýu ýorklularyň we amerikanlaryň gynanjyna gynanandygyny ýatdan çykarmalyň” diýip, M.Blumberg sözüniň üstüne goşdy.

M.Blumberg: “Amerikan hökümeti graždanlary öz hususy emläginde öz dini esasynda ybadathana gurmak hukugyndan mahrum etmeli däldir. Amerika dinleriň arasyndan birini resmi taýdan goldamazlyk, bir dini beýlekiden ileri tutmazlyk esasynda gurlandyr” diýdi.
XS
SM
MD
LG