Emma rus elitasynyň Porsche Cayennes ýaly gymmat bahaly awtoulaglary, Fransiýada deňziň kenarynda ýerleşýän willalary bilen bir hatarda sowet döwrüniň Wolga, Çaýka, Zaporožes kysymly maşynlarynyň bar bolmagy köp adamlary geň galdyrdy.
Häzir Orýetiň paýtagtynyň köçelerinde BMW we Mercedes kysymly awtoulaglardan Lada we Wolga kysymly maşynlar has köp. Ýöne Moskwanyň gitdigiçe baýamagy bilen bir hatarda ilatda sowet döwrüne bolan küýseg hem artýar.
Paýtagt Moskwada sowet döwrüniň maşynlaryna bagyşlanan dürli žurnallar, muzeýler peýda boldy. Olarda Tolýattiniň AwtoWaz zawodynda öndürilen oýunjaga meňzeýän Ladalardan başlap, Moskwada sowet elitasy üçin maşyn çykarýan Zil zawodynyň önümlerini görmek bolýar.
Moskwada köne maşynlaryň abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan awtoserwisler hem köpeldi. Olarda gaýtadan dikeldilen Çaýka M13 kysymly sowet maşynlary, 1956-njy ýyllarda öndürilen Wolga maşynlary gurply adamlaryň garažlarynda öz orunlaryny tapýar. Käbir halatlarda olary köçede hem görmek mümkin.
Hökümet ýolbaşçylarynyň goşandy
Ilatyň baý gatlagyna niýetlenip çykarylýan “Rob Report” atly žurnalyň Orsýet boýunça baş redaktory Karen Gazarýan häzir sowet döwrüniň maşynlarynyň meşhur bolmagyna ýurduň premýer-ministri Wladimir Putiniň goşant goşandygyny aýdýar. Wladimir Putin 1956-njy ýylda öndürilen özüniň ak reňkli Wolga maşynyna diýseň buýsanýar.
Bu diňe moda. Mysal üçin, ýurduň ýolbaşçysy “Brioni” firmasy tarapyndan öndürilýän egin-eşigi geýýän bolsa, beýlekiler hem hut şol firmanyň egin-eşiklerini satyn almaga çalyşýarlar. Putin “Blancpain” sagatlary gowy görýär. Şonuň üçin rus hökümetiniň agzalarynyň hem hut şol markaly sagady dakynýandyklaryny görmek bolýar.
Sowet maşynlarynyň janköýeri Putiniň özüniň Wolga maşynynda ABŞ-nyň öňki prezidenti Jorj Buş bilen düşen suraty hem bar. Putiniň Zaporožes maşynyna bolsa Buş sypaýyçylyk bilen münmekden boýun gaçyrypdy. Bu kiçi göwrümli maşyna sowet döwründe “küýki” diýen at hem berildi.
Ýöne rus syýasatçylarynyň içinde Putinden başga-da sowet döwrüniň maşynlaryna biperwaý garamaýanlar az däl. Mysal üçin, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewde-de 1948-nji ýylyň Pobeda kysymly köne maşyny bar.
Ýurduň premýer-ministriniň orunbasary Igor Şuwalowda sowet politbýurosy üçin niýetlenen Zil-41047 kysymly maşyn bar. Moskwanyň şäher häkiminiň orunbasary Wladimir Resinde GAZ zawodynda sowet döwri öndürilen üç maşyn bar. Kursk regionynyň häkimi Wiktor Bogdanowda hem Bentli kysymly maşyn bilen bir hatarda köne Çaýka hem Zil kysymly awtoulaglar bar.
Sowet döwrüniň maşynlaryny gowy görüp, olary satyn almaga gurby çatmaýanlar Moskwanyň Awtowilla muzeýine baryp sowet döwrüne degişli 30-a golaý eksponata tomaşa edip bilýärler. Şol muzeýde 1940-njy ýyllarda Staliniň münen maşyny hem bar. Muzeýiň ikinji gatynda Moskwanyň häkimi Ýuriý Lužkowyň hem onuň milliarder aýaly Ýelena Baturinanyň Moskwiç kysymly maşyny goýuldy.
“Öňki döwür: uly adamlar üçin oýnawaçlar” diýen žurnaly çap edýän Ilýa Sorokin aşa baý ruslaryň 1990-njy ýyllaryň başynda daşary ýurt maşynlaryny satyn alandyklaryny aýdýar. Emma şol maşynlaryň tehniki aýratynlyklarynyň örän oňatdygyna garamazdan, ruslarda olara garşy hiç hili hasratyň ýokdugyny aýdýar.
Sergä gelen adam ýönekeý Moskwiç ýa-da Pobeda kysymly maşyny görüp, şeýle maşynyň özüniň kakasynda ýa-da atasynda bolandygyny ýatlaýar. Şol maşynda oturan badyna maşynyň içindäki ys onuň çagalyk ýyllaryny ýada salýar, onuň gözi ýaşarýar. Ol çagalyk döwrüni küýsäp başlaýar.
Çykdajy göze görnenok
Ilýa Sorokiniň aýtmagyna görä, gurply adamlar käbir halatlarda sowet döwründe süren maşynlarynyň abatlanmagy üçin ummasyz köp pul tölemäge razy bolýarlar. Ol özüniň bir dostunyň maşynlary bejerýän awtosalonda işleýändigini, ýakynda şol dostunyň bir müşderisiniň 1970-nji ýylda süren Žiguli kysymly maşynyny gaýtadan öňki durkuna getirmek üçin 50 müň ýewro töländigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Geçen aý Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň ýokary derejeli syýasatçylaryna Mercedes kysymly gulluk awtoulaglaryny Orsýetde öndürilýän maşynlara çalyşmagy teklip etdi. Bu ýagdaý bir tarapdan sowet döwrüne gaýdyp barmagy aňladar, başga tarapdan bolsa ykdysady krizis döwründe ýerli awtomobil zawodlaryna goldaw bolar diýip, prezident Medwedew nygtapdyr.
Moskwanyň muzeýlerinde goýlan eksponatlaryň arasynda 1969-njy ýylda Brežnewiň janyna kast etmek synanyşygynda möhüm rol oýnan maşyn hem bar. Şonda 1969-njy ýylda sowet goşunynyň dezertiri Wiktor Ilýin milisioneriň egin-eşigini geýip, Kremliň ýanyna golaýlan maşyna ot açypdy. Maşynyň içinde Brežnew däl-de, dört sany sowet kosmonawty bardy. Şol wakada maşynyň sürüjisi heläk bolupdy. Bu maşyny kolleksionerleriň biri satyn alyp, ony täzeden dikeltdi. Emma okdan galan deşikler bu taryhy wakadan ýadygärlik hökmünde bolşy ýaly galdyryldy.
Sowet döwri barada beýle gowy ýatlamalarynyň ýokdugyny aýdýanlaryň hem käbirleri mümkinçilik dörän halatynda sowet döwrüniň maşynyny edinjekdiklerini aýdýarlar.
Öňki dissident, häzir syýasy analitik Wladimir Pribylowskiý sowet döwrüniň garaňky geçmişiniň bardygyny aýdyp, şol döwür baradaky ýatlamalaryň bolşundan köp gözelleşdirilmegine garşy çykýar. “Emma pulum bolsa, Pobeda kysymly maşyny satyn alardym” diýip, öňki dissident sözüniň üstüni ýetirýär.
“Rob Report” žurnalynyň Orsýet boýunça baş redaktory Karen Gazarýan maşynlar bilen gyzyklanýan adamlaryň, kolleksionerleriň söwet döwrüniň ulaglaryny howes bilen satyn alýandyklaryna düşünip boýandygyny aýdýar. “Emma bu höwesi “milli idea” öwrüp, öz ýurduňa wepalylygyň bir alamaty hökmünde görkezjek bolmak meniň pikirimçe akylsyzlyk” diýip, Karen Gazarýan Azatlyk Radiosyna aýtdy.