Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi


Prezident Berdimuhamedow harby ulagda, Akdepe, 2-nji iýul, 2010-njy ýyl
Prezident Berdimuhamedow harby ulagda, Akdepe, 2-nji iýul, 2010-njy ýyl
Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Akdepe şäherçesinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we milli goşunyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, hususan-da onuň ygtyýaryna gelip gowşan täze ýörite tehnikalar bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Harby edaralaryna degişli dikuçar, 2-nji iýul.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz serhetlerini mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap aýtdy we şunuň bilen baglylykda ol Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gämi gurýan we abatlaýan kärhanasyny gurmak hakyndaky karara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň egin-başlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hakyndaky karara we Türkmenbaşy lukmançylyk orta
AN-74 kysymly uçar, Akdepe, 2-nji iýul.
okuw mekdebiniň binalaryny Goranmak ministrliginiň hasabyna we Balkanabat şäheriniň ikinji hünärment mekdebiniň binalaryny Saglygy goraýyş we derman senagaty minisitrliginiň hasabyna tölegsiz bermek hakyndaky buýruga gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemlänsoň, Berdimuhamedow ýörite meýdana gelip, harby düzümiň ygtyýarynda bar bolan pilotsyz uçary, ýurduň Goranmak ministrligine, Döwlet serhet gullugyna, Milli howpsuzlyk ministrligine, Içeri işler ministrligine degişli dikuçarlary, şeýle hem AN-74 kysymly uçary synlady.

Türkmen resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, AN-74 kysymly uçarlar ýakyn geljekde satyn alnar. Ýolagçylar üçin hem-de ýük gatnatmaga niýetlenen bu uçar çylşyrymly howa şertlerinde, uçup-gonup bilýär. Şeýle hem bu uçar çägeli ýerlerde-de gonmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Şondan soňra Berdimuhamedow harby okuw merkezine bardy we ol ýerde esgerleriň görkezme çykyşlary bilen tanyşdy. Berdimuhamedow harby okuw merkeziniň meýdançasyndaky harby ulaga münüp, ony dürli ugurlar boýunça dürli tizlikde sürüp, synagdan geçirdi we onda enjamlaşdyrylan häzirki zaman ulanyş ýaragyndan ýörite oturdylan nyşana ok atdy.

Sarpanyň nyşany hökmünde Berdimuhamedowa ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň adyndan Esger diýen at sowgat berildi.

Dawaly Hazar üns merkezinde

Berdimuhamedow Akdepedäki türgenleşik wagtynda, 2-nji iýul.
Geçen ýyl Türkmenistan gysga wagtyň içinde Hazar deňzinde Goranmak ministrliginiň we Türkmen Döwlet serhet gullugynyň harby-deňiz bazasyny gurmagy hem planlaşdyrýandygyny yglan edipdi.

2009-njy ýylyň 30-njy awgustynda bolup geçen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň prezidenti planlaşdyrylýan harby-deňiz bazasynda ýaragly güýçleriň hemişelik esasda ýerleşdiriljekdigini we raketa sistemasyna eýe bolan iki sany harby gäminiň hem satyn alynjakdygyny mälim edipdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň bu çykyşy Hazar deňziniň hukuk statusy we Serdar ýangyç ýataklary boýunça düşünişmezlik sebäpli ýurduň Azerbaýjan bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşan wagtyna gabat gelipdi. Şeýle hem şol döwürde Russiýa Federasiýasynyň we Eýranyň ýaragly güýçleri Hazar deňzinde 800 sany harbylaryň gatnaşmagyndaky bilelilkdäki harby türgenleşigi geçiripdi.

1990-njy ýyllaryň ahyrynda Hazar deňzindäki nebit ýataklary boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda düşünişmezlikler ýüze çykyp başlanda iki ýurduň arasynda diňe bir diplomatik gatnaşyklar dartgynlaşman, eýse harby bäsdeşlik hem ýüze çykypdy. Şonda Azerbaýjanyň iki sany amerikan harby katerlerini satyn almagyna reaksiýa hökmünde Türkmensitan hem Ukrainadan birnäçe harby katerleri satyn alypdy.

Munuň bilen birlikde, "Alborz" diýlip atlandyrylýan nebit ýatagy boýunça Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky düşünişmezlik 2001-nji ýylda Eýranyň güýç görkezmegine çenli baryp ýetdi.

Şu ýylyň 8-nji iýunynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bolsa prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly güýçleri üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurduň Harby-deňiz institutyny döretmek hakyndaky karara gol çekdi.

Geçen ýyl Türkmenistan şeýle howpsuzlyk we harby çäreleriň ýola goýulmagyna sebäp edip, sebitde ekstremistik, kontrabanda we terror hereketleriniň köpelýändigini we şeýle howplara garşy sebitdäki beýleki döwletleriň hem öz harby býujetlerini artdyrýandyklaryny görkezipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG