Düýbi Waşingtonda ýerleşýän guramanyň 29-njy iýunda ýaýradan hasabatynda Merkezi Aziýa, Merkezi Ýewropa we Baltika degişli jemi 29 ýurduň ýylyň dowamynda demokratiýa tarap äden ädimlerine baha berilýär.
“Freedom House” guramasynyň “Geçişdäki döwletler 2010” hasabatyna görä, oňki Sowet Soýuzynyň ilatynyň çak bilen 80%-i, ýagny 221 million adam awtoritar jemgyýetlerde ýaşap, esasy adam hukuklaryndan mahrum edilýär.
Hasabatda, hususan-da, öňki Sowet respublikalaryndan sekizisinde awtoritar režimleriň höküm sürýänligi, esasy ynsan hak-hukuklarynyň depelenýänligi we demokratik kadalaryň hem kanunlaryň ýerine ýetirilmeýänligi bellenilýär.
”Geçişdäki döwletler 2010” atly hasabatda 2000-2010-njy ýyllar aralygynda Türkmenstanyň demokratiýa taýdan ösüşine pes baha berilýär. Türkmenistana demokratiýa taýdan berlen baha 6,93. Bu meselede iň erbet görkeziji bolsa 7.
“Freedom House” guramasynyň barlaglaryna görä, milli demokratik dolandyrylyş, ýerli demokratik dolandyrylyş, adalat sistemasynyň garaşsyzlygy we korrupsiýa taýdan Türkmenistanyň görkezijileri ozalky ýyllardan has hem erbetleşdi.
Halkara guramalar tarapyndan yzygiderli tankyt edilip gelinýän Türkmenistandaky saýlaw prosesi, graždan jemgyýeti, habar beriş serişdeleriniň garaşsyzlygy taýdan berilýän bahalar 10 ýylyň dowamynda üýtgemän, iň pes derejede galýar.
Berlen baha nämäni aňladýar?
Hasabatynyň awtorlaryndan, Londondaky halkara gatnaşyklar boýunça patyşalyk institutyndan Annett Boruň sözlerine görä, berlen bahalar türkmen hökümetiniň reformalaryň geçirilýänligi barada pikir döretmek bilen çäklenýänligini we iş ýüzünde düýpli özgerişlikleri islemeýänligini görkezýär.
Metbugatyň ýagdaýy barada berlen synda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumat pudagyna doly gözegçilik edýän hökümetiň ideologiýasyny goldamagyny dowam etdirýänligi bellenýär.
Hasabatda prezident G.Berdimuhamedowyň žurnalistleriň “döredijilik ukybynyň ýetmezçiligini” ýazgarmagyna garamazdan, žurnalistleriň senzura astynda saklanýanlygy we hatda repressiýalardan howatyrlanyp, öz-özlerini senzurlamaga mejbur bolýanlygy aýdylýar.
“Freedom House” guramasynyň hasabatyna görä, Türkmenistanda internetden peýdalanmak mümkinçiligi 2009-njy ýylda ozalkysyndan artan hem bolsa, ýurtda internet elýeterliligi dünýä boýunça pes derejede. Ýöne mobil aragatnaşygynyň möçberi ýurtda giňeldi.
Türkmenistanyň sud sistemasy resmi taýdan garaşsyz diýlip yglan edilýän hem bolsa, adam hukuklarynyň berjaý edilmegine täsir ýetirmeýär, tersine, režimiň repressiýa guraly hökmünde ulanylýar diýip, “Freedom House” guramasy hasabatynda belleýär.
Korrupsiýa derejesi iň ýokary
Türkmen ýolbaşçylary öz häkimiýetini saklamak, güýç ulanýan howpsuzlyk gulluklaryny maliýeleşdirmek we öz abraýyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan gurluşyk proýektlerini amala aşyrmak üçin tebigy serişdeleriň eksportyndan gelýän girdejilerden peýdalanýarlar diýip, hasabatda aýdylýar.
“Ýurtda parahorluga, garyndaşparazlyga we galplyga esaslanýan syýasy medeniýet gülläp ösýär. Berdimuhamedow ozalky prezidentiň ýolbaşçylaryň öňünde ýerine ýetirip bolmajak maksatlary goýup, soň jezalandyrmak tejribelerini dowam etdirýär, giň möçberli kadrlar çalşygy bolsa ýurtda reformalaryň haýallamagyna sebäp bolýar” diýip, “Freedom House” ýazýar.
Şol bir wagtda-da ýaňy-ýakynda Türkmenistan jenaýatçylykly ýollardan gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagy boýunça dünýäniň iň töwekgelçilikli ýurtlarynyň sanawyndan çykaryldy. Şeýle karara hapa pullaryň ýuwulmagyna garşy göreş boýunça halkara topary bolan FATF guramasynyň 21-25-nji iýunda geçirilen plenar maslahatynda gelnenligi habar berildi.
Şol bir wagtda-da synçylar Türkmenistanda demokratik taýdan özgerişleriň döremegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň we ilkinji nobatda-da iri halkara strukturalarynyň türkmen hökümetine öz halkara borçlaryny ýerine ýetirmegi ündemekleriniň ähmiýetini belleýärler.
“Freedom Housyň” hasabatynyň awtorlaryndan Annette Boruň sözlerine görä, esasan sosial we ykdysady programmalara gönükdirilýän hyzmatdaşlygyň giňelmegi bilen ýurduň adam hukuklary we demokratiýa taýdan hem özgermegine umyt döreýär. Emma munuň üçin Merkezi Aziýa döwletlerine, şol sanda Türkmenistana-da, uzak möhletleýin basyş edilmegi zerur.