Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rafsanjany syýasy taýdan gabaw astynda


Aýatolla Ali Akbar Haşemi Rafsanjany Eýranda iň täsirli adamlardan biri. Ol öz wezipesiniň çäginde mydama halk köpçüliginiň gözüniň öňündäki ýolbaşçy.

Şeýle pursatlardan biri hem onuň paýtagt Tähranyň merkezi metjidinde juma namazyna öňbaşçy bolmagy bilen baglydyr. Bu çäre döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän telekanalda göni efirde görkezilýär.

Emma 2009-njy ýylda Eýranda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlaryndan soň halk köpçüligi tarapyndan amala aşyrylan protestlerden bäri Rafsanjany mawy ekranlardan ýitirim boldy.

Ol iň soňky gezek yslam rewolýusiýasynyň 31 ýyllygy mynasybetli fewral aýynda geçirilen çäreler bilen bagly ekranda peýda boldy. Şonda Rafsanjany bilen beýleki ýolbaşçylar halky hökümet tarapyndan goldanylýan çärelere gatnaşmaga çagyrdylar.

Ondan öň ol telewizorda diňe 17-nji ýanwarda çykyş edipdi. Rafsanjany şol çykyşynda Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlary barada oppozisiýanyň şübhelenýänligini ykrar edipdi.

Rafsanjany gabaw astynda


Şol çykyşyndan ozal Rafsanjany azyndan aýda bir gezek juma namazyny gyldyrýan bolsa, soňra onuň orny, dini nukdaýnazardan aýdylanda, has kiçi derejeli ruhanylar tarapyndan eýelenip başlandy.

Döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän telekanallarda çykyş etmekden Rafsanjanynyň özi el çekdimi, ýogsa-da ol gadagan edildimi diýlen soraga häzirlikçe anyk jogap ýok. Emma soňky döwürlerde bolup geçýän käbir beýleki wakalar göz öňünde tutulsa, Rafsanjanynyň hemmetaraplaýyn gabaw astyndadygyny aýtmaga esas bar.

Üstümizdäki aýyň dowamynda Howpsuzlyk güýçleri Rafsanjanynyň agtygy Hassan Lahootini ilki tussag edip, soňra ýene azatlyga goýberdiler. Şeýle-de Rafsanjanynyň aýalynyň dogany hem saklandy.

Howpsuzlyk güýçleri Rafsanjanynyň gyzy Faiza Haşemini hem sakladylar. Ol Eýranyň Howpsuzlyk güýçleriniň hökümete garşy gurnalýan protestlere gatnaşan adamlara güýç ulanmagyny ýazgaryp, çykyş edipdi.

Rafsanjany dil ýardy

Ýöne şeýle hüjümlere garamazdan, Haşemi bu barada o diýen açyk pikir beýän etmekden saklanyp geldi. Emma üstümizdäki aý ol öz web-sahypasy arkaly ýaýradan maglumatynda ahyry dil ýardy.

“Könelen pikirlere eýe bolan adamlaryň sesleri şu günki gün Yslam rewolýusiýasy döwründen hem has güýçli çykyp başlady” diýip, Haşemi Rafsanjany öz çykyşynda belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Rafsanjany Nowruz baýramy bilen bagly ýaýradan gutlagynda hem Ahmedinejady tankyt edip, ony Eýranyň respublikan binýadyny dargatmaga synanyşýanlykda aýyplady.

“Eýran yslam rewolýusiýasynyň düýbüni tutan ymam gözegçiligiň halkyň elinde bolmalydygyna ynanýardy. Eýranda yslam respublikasynyň düýbi tutulanda, ençeme adam çykyş edip, ýurtda demokratiýanyň ýola goýulmagy üçin heniz irdigi barada pikiri orta atdylar. Emma ymam mümkin boldugyça çaltrak kontrolyň halka berilmelidigini aýdypdy” diýip, Rafsanjany çykyşynda belledi.

Eýranyň syýasy sahnasy üçe bölündi

Synçylaryň aýtmagyna görä, Eýranda geçirilen saýlawlardan soň, bu ýurduň syýasy sahnasy göz-görtele üç topara bölündi. Eýranly synçy Said Şahsawandy bu toparlaryň Ahmedinejad, Rafsanjany we “Ýaşyllar hereketinden” ybaratdygyny aýdýar.

Şahsawandy Ahmedinejadyň toparyny “harby topar” hökmünde häsiýetlendirip, onuň Rafsanjanynyň täsirini aradan aýyrmaga synanyşýanlygyny aýtdy.

Harby topar Rafsanjanynyň täsirini dargatmak barada iş alyp barýar. Soňky döwürlerde Rafsanjanynyň agtyklarynyň, şeýle-de aýalynyň doganynyň tussag edilmegi bu tagallalar bilen ilteşiksiz däldir. Olar Rafsanjanynyň töweregindäki halkany hasam daraldarlar” diýip, eýranly synçy Şahsawandy belledi.

Eýranly synçynyň aýtmagyna görä, Rafsanjana garşy gysyşlaryň artdyrylmagynyň sebäbi onuň oppozision “Ýaşyllar hereketini” goramaga synanyşmagy bilen baglydyr.
XS
SM
MD
LG