Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan raýatlary Eýranda ölüme garaşýar


Owganystanyň Takhar welaýatynyň ýaşaýjysy we häzirki döwürde Eýranda tussaglykda saklanylýan 16 ýaşyndaky Jandarşa Nabizade ölüm jezasyna garaşýan onlarça owganlylardan biridir.

Nabizade Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren interwýusynda Eýranyň Ýezd şäherinde ýerleşýän türmä nähili basylanlygy barada şeýle maglumat berdi: “Men 200-300 gram neşe bilen tutulyp, ölüm jezasyna höküm edildim. Meniň ýaşym kiçi bolanlygy üçin men ikinji derejeli adam öldürmekde aýyplandym, biz garaşýarys. Owgan tussaglary üçin türmede şertler gaty agyr”.

Ol Owganystan bilen Eýranyň serhedinde neşe bilen tutulandan soň, beýleki ençeme Owganlylar ýaly, ölüm jezasyna höküm edildi. Olaryň sany näçe diýlen soraga ýaňy-ýakyna çenli jogap ýokdy, emma ýakynda Eýrana sapar eden Owgan kanun çykaryjylary Owganystanyň müňlerçe raýatynyň türmede saklanýanlygyny we olaryň ýarpysyndan köpräginiň ölüm jezasyna höküm edilenligini aýtdylar.

Bu baradaky maglumat Eýran resmileri tarapyndan ret edilse-de, bu habar Owganystanda uly rahatsyzlyk döretdi. Sebäbi Owganystanyň wekiller öýüniň iki palatasynda-da bu mesele boýunça diskussiýalar geçirilip, şol bendileriň Owganystana tabşyrylmagy barada gürrüň edildi.

Owganystanyň ykdysady ýagdaýlary zerarly bu ýurduň müňlerçe raýaty gazanç etmek üçin Eýrana gitmäge mejbur bolýarlar. Owganlylaryň resmi taýdan dokumentleşdirilen sany Eýranda häzir bir million töweregi bolup, ýarym million çemesi owganystanlynyň hem bul ýurtda bikanun esaslarda ýaşaýanlygy aýdylýar.

Olaryň köprägi agyr şertlerde zähmet çekip, käbirleri-de neşe söwdasy bilen meşgullanýarlar. Owganystandan Eýranyň üsti bilen geçirilýän neşe Ýewropanyň bazarlaryna alnyp gidilýär.

Eýranyň özünde-de 3 million töweregi neşekeşiň bardygy aýdylýar. Eýran öz territoriýasynda neşä garşy berk göreş alyp barýar. Şunlukda şol ýurtda 30 gramdan köp neşe maddasy bilen tutulan adamyň ölüm jezasyna höküm edilýänligi aýdylýar.

Bu diňe içi boş haýbat däl. Sebäbi Eýran adamlary ölüm jezasyna höküm edýänleriň hatarynda dünýäde ýakasyny tanadan ýurtlardan biridir.

Owgan parlamentinde geçen hepde geçirilen çekişmelerde Eýranda ýaşaýan Owgan bosgunlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy we şol ýurduň türmelerindäki owgan raýatlarynyň ýurda getirilmegi barada gürrüň edildi.

“Owganlar hakda alada edilmeli”


Owganystanyň parlamentiniň aşaky öýüniň başlygynyň birinji orunbasary Abdul Settar Khwasi Eýrana sapar eden bu delegasiýanyň ýolbaşçysydyr. Ol yzyna dolanandan soň eden çykyşynda Eýranda ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz duran owganlar hakda alada edilmelidigini aýdýar.

Khwasiniň aýtmagyna görä, tutuş Eýranda 5630 töweregi Owganystanly türmelerde saklanylýar we olardan 3000 töweregi dürli jenaýatlar boýunça ölüm jezasyna höküm edilen adamlardyr. “Adalat, Daşary işler ministrligine, ýokary sud we içeri işler ministrligine bu barada owgan parlamentine has dolurak maglumat bermeklik tabşyryldy”.

Owganystanyň wekiller öýüniň ýokarky palatasynyň şikaýatlar boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Dr.Zalmaý Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda Owganystanyň kanun çykaryjylarynyň bu meseläniň Eýranyň prezidentiniň ünsüne-de ýetirenligini aýtdy.

Owgan resmisi prezident Ahmedinejadyň bendiler, şeýle-de Eýranda ýaşaýan owgan bosgunlary baradaky mesele boýunça Owganystana ýardam etmäge synanyşjakdygyna wada berenligini aýtdy. Emma Eýranyň türmeler boýunça guramasynyň metbugat wekili Mahmoud Zyaeefard bolsa Eýranyň türmelerindäki Owganystanly bendileriň sany barada berlen maglumatyň dogry däldigini belledi.

“Studentler habar agentligine” 17-nji martda beren maglumatynda Eýran wezipelisi Zyaeefard owgan resmilerine şeýle maglumatyň berlenligi barada özünde hiç hili faktyň ýokdugyny mälim etdi: “Eýrandaky türmelere biz kontrollyk edýäris, diýmek, şeýle maglumatlary ýaýratmak Owganlylaryň däl-de, biziň jogapkärçiligimizde”.
XS
SM
MD
LG