Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ezizow 70 ýaşynda


Şu gün ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe 70 ýyl dolýar.

20-nji asyr türkmen edebiýatynyň ikinji ýarymyna öz güýçli täsirini ýetiren G.Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Büzmeýin obasynda, mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär. Dürli sebäplere görä olaryň maşgalsy dürli ýerlerde bolup, ahyrda Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

Aşgabat şäherinde orta mekdebi tamamlan Gurbannazar Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine girýär. Ol uniwersiteti gutarandan soň, Çagalar neşiri bolan "Mydam taýýar" gazetiniň we "Pioner" žurnalynyň birleşen redaksiýasynda edebi işgär bolup işleýär. Goşun gullugynda bolýar. Soňra bäş ýyl çemesi “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri bolýar. Ýene şonçarak wagt, ýagny ömrüniň galan böleginde hem Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy bolup işleýär. Şahyryň bar durmuş ýoly şundan ybarat, örän gysga hem sada.

Gurbannazaryň ilkinji goşgulary 15 ýaşyndaka metbugatda çap edilip başlanýar. Ýöne özi student ýyllaryndan edebiýat bilen çynlakaý gyzyklanyp başlandygyny aýdýar. Hut şol ýyllardanam ol edebi tankydyň nazaryna ildi hem beýlekilerden düýpgöter başgaça ýazýandygy bilen tapawutlandy. Ol türkmen edebiýatyna täze poeziýany, täze pikir ýörediş usullaryny getirde. Şeýle-de bolsa, şahyr diri wagtynda onuň bary-ýogy üç sany kiçijik kitaby çykdy. Olardan hem biri Moskwada, rus dilinde çap edilipdi.

Söýüň meni – siziň sadyk guluňyz, soňra menden size galar şeýle paý…

Şahyrdan örän baý hem gymmatly miras galdy. Şahyr 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda pajygaly ýagdaýda aradan çykandan soňra “Serpaý” atly saldamly goşgular kitaby çapdan çykdy. Ondan hem dolurak ýygyndy “Serdarym” boldy.

1995-nji ýylda bolsa Gurbannazar Ezizowyň “Saýlanan eserler” ady bilen iki tomlugy neşir edildi. Bu ýygyndy şahyryň eserleriniň dolurak, iň bolmanda esasy bölegini özünde jemleýär. Kitaby çapa taýýarlan hem redaktirlän Ahmet Gurbannepesow giňişleýin sözbaşy ýazypdyr. Kitabyň ahyrynda bolsa şahyr barada onuň dostlarynyň birnäçesiniň ýatlamalary ýerleşdirilipdir. Ýöne şahyryň drama eseri, terjimeleri, edebi ýaňsylamalary hem hatlary, beýleki garalamalary entek kitap bolup çykanok.

Gurbannazar Ezizow aradan çykandan soň oňa dostlary, ýoldaşlary birnäçe eserlerini bagyşladylar. Şahyr barada köp hem dürli ýatlamalar ýazyldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew bolsa “Ezizowyň emri bilen” diýen ýatlama hem şahyrana kitabyny ýazdy. Geçen asyrda türkmen edebiýatynda iň köp ýatlanan şahyr Gurbannazar Ezizow boldy. Sebäbi ol edebiýata örän täze pikirleri getirdi hem öz döwrüdeşlerine ýiti täsir edip bildi.

Onuň poeziýasynyň çuňlugyny hem gözelligini birbada hem uly nesil, hem ýaş nesil ykrar etdi. Şonuň üçin ol gowy şahyr hökmünde doly ykrar edildi. Şol ykrar edilemgiň netijesi hökmünde şahyryň eserleriniň dolurak görnüşleriniň yzly-yzyna çap edilmegini, oňa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň berilmegini hem onuň hatyrasynyň ýyl-ýyldan artmagyny mysal getirip bolar.

Gurbannazar Ezizow Gara Seýitliýew baradaky “Şahyr” atly ýatlamasynda bir akyldaryň sözüni getirip, “şahyryň iki ömri bolýar, onuň biri dirikä, ikinji ömri ol ölensoň başlanýar” diýen pikiri aýdypdy. Gurbannazar Ezizowyň uzak hem beýik ömri indi başlandy.
XS
SM
MD
LG