Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazyň bahasynyň peseljekdigi çaklanylýar


Halkara Energiýa Agentligi gereginden artyk öndürilýänligi sebäpli tebigy gazyň bahasy öňümizdäki ýyllarda aşaklar diýen pikirden ugur alýar.

Merkezi Parižde ýerleşýän bu agentligiň şu gün, 10-njy noýabrda, neşir edilen raportynda dünýäde öndürilýän gazyň mukdarynyň artyşynyň oňa bolan talapdan ýokarydygy aýdylýar. Şol ýerde bellenilişine görä, global gaz bazarlary talabyň gowşanlygy sebäpli satyjylar bazaryndan alyjylar bazaryna öwrülipdir. Talabyň gowşamagyna getiren hem global ykdysady krizis.

Bu özgerişlige getiren ýene bir möhüm faktor – Demirgazyk Amerikada öndürilýän gazyň global gaz üpjünçiligini garaşylmadyk derejede ýokarlandyrmagydyr. Agentlik şeýle hem dürli ýurtlar energiýä tygşytlamak üçin täzelenmäge ukyply elektrik we atom energiýasy baradaky planlaryny amala aşyrsa, gereginden artyk öndürilýän gaz mundan hem köpeler diýýär.

Esasy zyýan çekjek ýurtlar

“Tebigaty goramak baradaky syýasatyň bir özi gaza bolan talaby 2015-nji ýyla çenli 5%, 2030-njy ýyla çenli hem häzirkisinden 17% aşakladar” diýip, raportda bellenilýär. Tebigy gazyň bazar bahasynyň aşaklamagyndan ilkinji nobatda zyýan çekmegi mümkin bolan ýurtlar: Eýran, Orsýet we Katar.

Dünýäde iň uly gaz baýlygyna eýe bu üç ýurt daşarky girdejileriniň uly bölegi üçin gaz eksportyna garaşly. Bular şol bir wagtyň özünde-de öňümizdäki ýyllarda dünýä bazaryna çykarýan gazynyň möçberini artdyrmak maksady bilen bu pudagyň infrastrukturasyna ummasyz köp maýa goýdular.

Halkara Energiýa Agentligi Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy bilen ilteşikli özbaşdak gurama. Ol senagatlaşan 28 ýurda gaz üpjünçiligi, global energiýa bazary barada konsultasiýa berýär. Onuň raportlary energiýa syýasatynyň ugurlaryny kesgitlemekleri üçin baý ýurtlara berilýän täsirli kömek hasaplanylýar.

Raportda: “Ýewropa Bileleşiginiň gaza bolan islegi geljek ýyllarda-da artmagyny dowam etdirer. Ýöne bu artyş ozal pikir edileninden ep-esli az bolar. Mundan esasy zyýan çekjek ýurt geçen 25 ýyllykda Ýewropa hemmelerden köp gaz satan – Orsýet bolar. Onsoň ykdysady krizis sebäpli häzirem kynçylyk çekýän Moskwanyň maliýe ýagdaýynyň has hem agyrlaşmagy mümkin” diýilýär.

Dünýä Banky hem 2009-njy ýylda Orsýetiň ykdysadyýeti 8,7 prosent aşaklar diýip çaklaýar.
XS
SM
MD
LG