Ýeňiş dabarasy örän seýrek ýerlerde geçirildi. 2-nji noýabrda Karzaýyň ýeňiş gazanandygy yglan edilende, Hyratdan gelen biri köçede tans edýän ýaşlaryň arasyna goşuldy.
Hyratly ýigit bu waka barada öz pikirini şeýle beýan etdi: «Biz Owganystanyň ýeňşini gutlamak üçin şu agşam ýyganyşdyk, biz demokratiýanyň we Owganystanyň ýeňşini gutlaýarys. Karzaýyň ýa-da Abdyllanyň biziň prezidentimiz bolanynyň tapawudy ýok, esasy mesele ýurtda parahatçylygyň ornaşmagy. Ýaşasyn parahatçylyk, ýaşasyn demokratiýa!» diýip, bu owgan ýigidi öz düýgy-düşünjesini beýan edipdir.
Paýtagt Kabulyň çaýhanalarynda adamlar täze kabinet agzalarynyň düzümi we geljekki ýagdaýlar hakynda gürrüň hem jedel edýärler. Owganystanyň konstitusiýasynda täze prezidentiň haçan kasam kabul etmelidigi we kabinet agzalaryny haçan düzmelidigi barada belli möhlet bellenilmändir.
Ýöne köp sanly ýerli we halkara basyşlar bu prosesi tizleşdirip biler. Karzaý parlamentiň öňünde kasam edip, resmi taýdan wezipäni eýelänsoň, ministrleriň parlamentde makullanmak işi başlanar, şonda Karzaýa garşy durjak deputatlar bolup biler.
Gaýgy-aladalar bar
Owganlylar ikinji möhletde-de Karzaýyň edil birinji möhletdäkisi ýaly howpsuzlyk meselesinde ýa-da graždan jemgyýetiniň roluny ösdürmekde onçakly kän iş etmez diýip, gaýgy-alada edýärler.
Ykdysadyýetde käbir ösüşiň bardygyna garamazdan, henizem millionlarça owganystanly BMG-niň kömegine ýa-da bikanun neşe söwdasyndan gelýän gazanja bagly bolup galýarlar. Hökümetiň hatarynda, esasan-da aşaky gatlaklarda, wezipä saýlanan resmileriň arasynda korrupsiýa giňden ornaşan.
Saýlanandan soňra geçiren ilkinji metbugat konferensiýasynda Karzaý ýerli hem daşary syýasat hakynda örän seresaply durup geçdi. Ol täze hökümete ähli owganlaryň gatnaşdyryljagyny aýtdy: «Biziň hökümetimiz Owganystanyň aýnasy bolar, onda her bir owganystanly özüni görüp biler, bu aýnada halka hyzmat edýänleriň üstünlikleri we kemçilikleri görner, şoňa görä biziň hökümetimizden hiç kim özüni gyra çekmez diýip umyt edýärin, hiç kim Owganystanyň syýasy sistemasyndan üzňelikde galmaly däl».
Karzaý şonuň ýaly-da korrupsiýa garşy göreşjegini söz berdi, ýöne nähili göreşjegini mälim etmedi. «Bu problema ýokary derejeli wezpile adamlary üýtgedeniň bilen çözülemz, biz kanunlary gaýta gözden geçireris, kanunlarda nähili problemanyň bardygyny öwreneris hem-de kanunlaryň täze taslamalaryny taýýarlap çykarys» diýip, ol sözüne goşupdyr.
Karzaýyň güýçli tarapy
Karzaýyň hökümetinde ozalky goranmak ministri bolan we häzir Waşingtonyň milli goranyş uniwersitetinde sapak berýän Ali Ahmad Jalili Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Karzaýa şeýle baha berdi: «Ol parahatçylyk dörediji adam, bu-da onuň güýçli tarapy. Ol Owganystanyň dürli toparlary bilen ylalaşyk gazanmagy başarýar, ýöne şol bir wagtyň özünde öz töwereginde ynamdar topary döretmegi başarman, diňe özüni öwýänleri jemledi» diýip, Jalili aýtdy.
2-nji oktýabrda Amerikan prezidenti Barak Obama Karzaýy gutlap, onuň korrupsiýa garşy göreşde üstünlik gazanmagyny arzuw etdi.