Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

T.Kuzio: Indiki saýlawlar başgaça bolar


Merkezi Ukrainada premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň täsiri uly bolsa, Regionlar partiýasynyň başlygy Wiktor Ýanukowiç gündogar-günorta Ukrainada agramly pozisiýany eýeleýär.
Merkezi Ukrainada premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň täsiri uly bolsa, Regionlar partiýasynyň başlygy Wiktor Ýanukowiç gündogar-günorta Ukrainada agramly pozisiýany eýeleýär.

19-njy oktýabrda Ukrainada prezident saýlawlary boýunça üç aýlyk kampaniýa başlandy. Häzirki prezident Wiktor Ýuşenkonyň ýurdy dolandyran bäş ýylyna bu ýerde köpler ýitirilen mümkinçilikler hökmünde garaýar.

Taras Kuzio

Prezident saýlawlary 2010-njy ýylyň 17-nji ýanwaryna bellenilen. Eger saýlawlaryň birinji tapgyrynda hiç kim üstün çykmasa, üç hepde soň ýene bäsleşik geçirilmeli.

Ukrainada öňki geçirilen prezident saýlawlary merkezi Ukrainadaky «yrga» regionlary kontrol astyna almak ugrundaky ýaryş bolupdy. Bu ýaryşda 1994-nji ýylda Leonid Kuçma utan bolsa, 2004-nji ýylda Ýuşenko utupdy.

Ýöne tutuş ýurt boýunça ýeňiş gazanmak üçin kandidata hem günbatar, hem gündogar Ukraina zerur. Kuçma gündogaryň hem merkeziň sesini alyp utan bolsa, Ýuşenko günbataryň hem merkeziň sesini alyp utupdy. Soňky üç saýlawda ýeňiş gaty az tapawut bilen gazanylypdy.

Indi başgaça bolar

Indiki prezident saýlawlary başgaça bolar. Şeýle-de bu saýlawda günbatar Ukraina ýeňijini kesgitlemekde ilkinji gezek strategiki rol oýnar. Merkezi Ukrainada premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň täsiri uly bolsa, Regionlar partiýasynyň başlygy Wiktor Ýanukowiç gündogar-günorta Ukrainada agramly pozisiýany eýeleýär.

Prezidentlik ugrundaky bäsleşige «Mämişi rewolýusiýada» esasy rol oýnan syýasatçylaryň azyndan bäşisi: Ýuşenko, Timoşenko, Ýatsenýuk, Gritsenko hem Halk partiýasynyň lideri Ýuriý Kostenko gatnaşarlar. Şeýle-de bu bäsleşige “Swoboda” partiýasynyň lideri Oleh Týahnibok gatnaşýar. Bu partiýa ozal “Sosial-milli” partiýady we 2002-nji ýylda parlamentde köp orun utdy hem “Biziň Ukrainamyz” fraksiýasyna goşuldy.

Timoşenko we Ýatsenýuk

Günbatar Ukrainadaky esasy iki kandidat Timoşenko bilen Ýatsenýuk. Ozalky parlament spikeri Arseniý Ýatsenýuk Galisiýa oblastlaryndaky ýaş hem bilimli saýlawçylaryň arasynda öňdeligi eýelese, Timoşenko günbatar Ukrainanyň dört welaýatynda öňdeligi eýeleýär. Tutuşlygyna alnanda, Timoşenko Ýatsenýukdan günbatar Ukraina boýunça 6-7 prosent öňde barýar.

Ýatsenýugyň meşhurlugy ony il içindäki pikir soralşyklarda üçünji orna çykardy. Ýöne bu ony arkaýynlaşdyrmaly däl. Sebäbi tomusdan bäri onuň meşhurlyk derejesi üçden bir dereje peseldi. Ýatsenýugyň meşhurlygy dört tarapdan gysaja salynýar. Ol taraplaryň biri Ukrainanyň iň ökde saýlaw kampaniýaçysy we iň täsirli syýasatçysy Timoşenko, beýlekileri – häzirki prezident Ýuşenko, Gritsenko hem Serhiý Tihipko dagy.

Tihipkonyň Dneprepetrowsk klanynyň “Ukraina zähmet” partiýasynda kökleri bar, ýöne ol belli bir karara gelmedik saýlawçylaryň arasynda Ýatsenýuga «syýasatdaky täze ýüz» meselesinde barha kän basdaşlyk edýär. Ýatsenýugyň günbatar Ukrainadaky saýlawçylarynyň ondan Ukrainanyň milli kimligini kesgitlemek meselesindäki yrgalygy, durnuksyz pozisiýasy sebäpli hem ýüz öwürmegi mümkin.
Rus prezidenti Dmitriý Medwedowyň awgust aýynda Ýuşenkony tankytlap hat ýazmagy diňe onuň günbatar Ukrainadaky abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etdi we bu ýagdaý Ýatsenýugyň günbatar Ukrainadaky meşhurlygyny kemeltdi.

Timoşenko we ukrain diasporasy

Timoşenkonyň kampaniýa topary günbatar Ukrainanyň strategik ähmiýetine göz ýetirdi we demirgazyk Amerikada ýaşaýan ukrain diasporasyna gol uzatdy. Sebäbi olar bu sebite häzire-bu güne çenli hem täsirlerini saklap galýärler.

Timoşenko 21-22-nji awgustda, Ukrainanyň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, Lwowda Dünýä ukrainlarynyň ýyllyk kongresinde çykyş etdi. Şonda ol Ukrainada diňe bir döwlet diliniň bolmagyny goldady. Bu mesele günbatar ukrainalylylaryň we diasporanyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

Şeýle-de Timoşenkonyň blogy 13-nji oktýabrda ukrain diasporasy bilen gatnaşyklar babatda parlament diňlenişigini gurady. Timoşenkonyň ukrain diline goldawyny gaýtadan tassyklamagy Ýanukowiçi, eger özi prezident saýlansa, rus diliniň döwlet derejesini ýatyrmak barada söz bermäge mejbur etdi.

Ýanwarda geçjek saýlawlar hem, 2004-nji ýylda geçirilen saýlawlarda bolşy ýaly, saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini talap etjege meňzeýär. Ýöne bu gezek bäsleşigiň Timoşenko bilen Ýanukowiçiň arasynda bolmagy mümkin.

Taras Kuzio "Ukraine Analyst" neşiriniň redaktory.
XS
SM
MD
LG