Türkmenistanyň prezidenti ýurduň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Annaguly Derýaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy we ony “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.
Türkmenistanyň Nebit we gaz senagaty boýunça ministri edip, Nebit we gaz institutynda bölüm müdiri bolup işlän Oraznur Nurmyradow bellendi.
Duşuşygyň dowamynda, türkmen prezidenti nebit we gaz senagatyna döwlet tarapyndan köp mukdarda maliýe serişdeleriniň goýberilýändigine garamazdan, entek munuň oňyn netijeleriniň görünmeýändigini belledi we ýurtda nebit önümçiliginiň pese gaçýandygyny aýtdy.
Bu ýagdaý bilen baglanşykly ýurduň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy hem wezipesinden boşadylyp, bu edara öň “Türkmengeologiýada” işlän Nury Muhammedowa ynanyldy. “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň täze başlygy edip Akmurat Ýegeläýew bellendi.
Nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda, Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ýurtda ýyllyk öndürilýän nebitiň 100 million tonna we gazyň bolsa 250 milliard kub metre çenli çykarylmalydygyny nygtady, emma munuň wagty kesgitlenmedi.
Dürli çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda ýyllyk takmynan 10 million tonna nebit we 80 milliard kub metr gaz öndürilýär. Türkmenistanyň nebit rezerwleriniň 20 milliard tonnadan gowrakdygy, gaz rezerwleriniň bolsa 25 trillion kub metre golaýdygy çak edilýär.