Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň çap eden täze raportynda Amerikanyň milli bähbitlerine zyýany ýetmegi mümkin ýurtlar diýlip, Orsýet, Hytaý, Eýran we Demirgazyk Koreýa agzalýar. Eýran bilen Demirgazyk Koreýa belli zat welin, ýöne Orsýet bilen Hytaýyň bu sanawa goşulmagyna hiç kim garaşan däl bolsa gerek.
Raportda Moskwa bilen Waşingtonyň öz ýadro ýaraglarynyň ýaramaz toparlaryň eline düşmezligini isleýändigi, ýöne Orsýetiň öz güýjüni hem täsirini giňeltmäge synanyşyp, Birleşen Ştatlaryň bähbitlerini çylşyrymlaşdyrmagynyň mümkindigi aýdylýar. Birleşen Ştatlaryň kadaly söwda ýarany Hytaý barada hem: “Pekin Amerika gerekli resurslar barada bäsleşýär. Ol şeýle hem harby güýjüni yzygiderli modernleşdirýär” diýilýär.
Birleşen Ştatlaryň Daşary we Goranmak ministrlikleriniň öňki analizçisi Anthony Kordesman bu ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Hytaý häzir dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň biri bolup durýar. Onsoň gyt minerallary, energiýa we beýleki zatlary nireden tapmaly diýen sorag döreýär. Şol sebäpden hem Hytaýa potensial howp diýip, çynlakaý seretmek ýalňyş zat däl. Bu onuň duşman ýa-da bir abanyp duran howpdugyny aňladanok, ýöne bu uly güýç barada hüşgärlik gerek” diýip, Kordesman aýdýar.
"Orsýet hem bir problema"
Kordesmanyň garaýşyça Orsýet hem bir problema bolup durýar. Ol ykdysadyýeti entek doly durnuklaşmadyk, entek demokratik sistema doly ornaşmadyk bir öňki imperiýa. Ol Merkezi hem Gündogar Ýewropanyň, şeýle hem Orta Aziýanyň üstüne abanyp duran bir uly atom ýaragly güýç.
“Öz ýadro ýaraglarynyň kuwwaty boýunça Orsýet häzirem dünýäde ikinji orunda durýan döwlet, ikinji orunda durýan harby güýç. Onuň giň halkara täsirli, harby tehnologiýany eksportirleýän esasy ýurtdugyny nazara alanyňda, aňtaw gulluklarynyň oňa potensial howp hökmünde garamagy geň zat däl” diýip, Kordesman belleýär.
Kordesmanyň garaýşyça Eýran ýeke Orta Gündogarda däl, eýse Owganystanda-da Amerikanyň syýasatlaryna kynçylyk döredýär. Munuň sebäbi onuň ýadro we raketa programmalary Birleşen Ştatlar tarapyndan terrorist diýlip garalýan toparlara goldaw berýänligi. “Eýran şu ýerlerde hatarly güýç bolup durýar. Birleşen Ştatlaryň oňa iň bärkisi potensial duşman diýip garamagynyň bir delili Tähranyň Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlaryna özüniň duşmançylygyny birsyhly yglan edip gelenligi” diýip, Kordesman belleýär.
Amerikan wekilleriniň geljek aý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki 4 agzasy: Britaniýa, Fransiýa, Hytaý we Orsýetiň gatnaşmagynda Eýran bilen gepleşige girişirmegi ähtimal. Bu gepleşige Germaniýa-da gatnaşar.
Raportda agzalýan ýene bir zat - Al-Kaýda we onuň bilen ýaran terrorçy toparlaryň Birleşen Ştatlara zyýan ýetirmek başarnygynyň indi gowşandygy. Ýöne bu toparlar, aýratyn-da Al-Kaýda Günbataryň garşysyna ulanmak üçin şindi-de köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny edinmäge synanyşýar.