Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde duşuşdylar. Emma olar aprel aýynda kesilen türkmen gazynyň Orsýete haçan akyp başlajagyny kesgitläp bilmediler. Türkmenistan aprel aýynda ýüze çykan şol partlamadan soň gaz importyny togtadanlygy sebäpli Orsýetiň gaz monopolisti "Gazprom" kompaniýasyny günäkärläpdi.
Dünýä ykdysady krizisi netijesinde Ýewropa bazarynda tebigy gaza bolan talap azalandygy sebäpli "Gazprom" hem gaz eksporty boýunça kynçylyk çekdi. Türkmenistan gaz eksporty boýunça alternatiw ýollaryň ugruna çykyp başlajakdygyny yglan edensoň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has hem sowaşdy.
Resmiler ýagdaýdan umytly
Prezident Medwedew 13-nji sentýabrda geçirilen gepleşikleriň kiçiräk energiýa şertnamalaryna gol çekmäge ýol açandygyny belläp, beýleki ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygynyň kemelýän ýagdaýynda Türkmenistan bilen söwdanyň ösýändigini nygtady. “Krizise garamazadan, biziň söwda-ykdysady gatnaşygymyz diňe gowy ösenok, gaty gowy ösýär. Sebäbi haryt dolanyşygy ösýär… biziň gatnaşygymyzyň mümkinçiligi örän ýokary” diýip, prezident Medwedew aýtdy.
Türkmenistan hem Orsýete tebigy gaz eksportunyň basym ýola goýulmagyny isleýär. Çünki ýurduň býudjetiniň tebigy gazdan gelýän aýlyk girdejisi takmynan bir milliard dollara barabar.
Öňki Sowet Soýuzyna giren döwletleriň territoriýasyndaky gaz geçirijileriň könelişendigi sebäpli bu regiondaky turba partlamalary adaty waka. Emma şol turbalardaky partlamalardan soň gaz akdyrylmagynyň ýola goýulmagy köplenç bir hepdeden uzaga çekmeýärdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Orsýete eksport edilýän tebigy gazyň bahasynyň formula görä kesgitlenjekdigini belläp geçdi.
Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Sergeý Prihodkonyň žurnalistlere aýtmagyna görä, gaz söwdasy boýunça meseleleri çözmek üçin basym iki ýurduň gaz firmalary duşuşmaly. «Gaz geçirijilerini ulanmaga degişli tehniki meseleleriň köpüsi çözüldi… öňümizdäki hepdelerde ”Gazprom” hyzmatdaşlygy dowam etmegiň çäkleri barada ylalaşmak üçin türkmen häkimiýetleri bilen duşuşar» diýip, Prihodko aýdypdyr. Ol «gaz akymynyň dikeldiljek wagty maslahatlaşyldymy?» diýen soraga «gepleşiklerden öň beýle maksat tutulmady» diýip, jogap beripdir.
Türkmenistan we “Nabukko”
Mundan öň Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Gazagystanda geçen resmi däl duşuşygynda haýsy meseleler barada gürrüň edilendigi barada anyk maglumat ýaýradylmandy. Duşuşyk dowam edýan wagty, 12-nji sentýabrda, Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurduň tebigy gazy boýunça eksport ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine bagly bolup galýandygyny nygtaýan prezident Berdimuhamedowyň nebit-gaz, energetika we geologiýa pudagynyň işgäleriniň güni mynasybetli eden gutlag beýanatyny ýaýratdy.
Orsýetiň gaz jemgyýetiniň prezidenti we Döwlet Dumasynyň energiýa boýunça komitetiniň agzasy Waleriý Ýazew 13-nji sentýabrda “Eho Moskwa” radiosyna beren interwýusynda, türkmen gazynyň Orsýete importy täzeden ýola goýulmasa, Ýewropa gaz satmak boýunça Türkmenistanyň Orsýete bäsdeş bolup biljekdigini nygtady.
Ýakynda Türkmenistan Moskwanyň kölegesinden daşlaşýan ilkinji ädimlerini ädip, ululygy boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan gaz ýataklaryndan hytaýly alyjylara hem-de planlaşdyrylýan "Nabukko" turbalary arkaly Ýewropa gaz hödürläpdi. ABŞ we ÝB tarapyndan goldanylýan "Nabukko" proýekti "Gazpromyň" iň uly bäsdeşi hasaplanylýar.
Emma Orsýetden sowa geçýän gaz geçirijiler ýola goýulýança, Türkmenistan döwlet býudjetiniň durnukly girdejisini kepillendirmek üçin Sowet döwründen bäri işleşip gelýän alyjysynyň goldawyna mätäç bolup galýar. Iki ýurduň liderleriniň 13-nji sentýabrdaky duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpagyndaky Nr. 21 belgili tebigy gaz bloguny özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Orsýetiň "Itera" kompaniýasynyň arasyndaky şertnama gol çekildi. Şeýlelikde Orsýetiň orta göwrümli ”Itera” kompaniýasy, Türkmenistanda tebigy gaz boýunça gözleg-burawlaýyş işlerini alyp barjak ilkinji ors kompaniýasy bolar.
“Itera” Hazarda işlär
Hazar deňzindäki Nr.21 belgili gaz bloguny özleşdirmek boýunça şertnamanyň gazanylmagy babatda Orsýetiň "Lukoil" kompaniýasy bilen "Itera" kompaniýasynyň arasynda bäsdeşligiň bolandygy hem habar berilýär.
Orsýetiň "Rusenergy Consulting" edarasynyň eksperti Mihail Krutikin "Russia Today" telekanalyna beren interwýusynda, Türkmenistan bilen gaz söwdasy babatda prezident Medwedewiň öňünde örän möhüm meseleleriň durandygyny nygtady. “Birinjiden, "Gazprom" bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça bulaşyklyklary düzetmeli. Türkmenistanyň prezidenti "Gazprom" kompaniýasynyň prezidenti jenap Milleri kabul etmek islemeýär.Sebäbi "Gazprom" o ýurtda indi halananok. Bu kompaniýa türkmen hökümetine beren ähli wadasyny bozdy.”
Krutikiniň aýtmagyna görä, uzak möhletleýin kontrakt boýunça "Gazprom" türkmen gazyny Ýewropa bahasyndan almalydy, emma ol şol gazy satyn alanok, Türkmenistanyň bolsa bu ýagdaýa gahary gelýär. “Şol sebäpli Medwedew başga bir hususy kompaniýa "Iterany" eltdi. Bu kompaniýa o ýerde öň hem işläpdi, emma "Gazprom" ony sygdyrmandy.”
"Itera" kompaniýasynyň başlygy Igor Makarowyň aýtmagyna görä, Hazardaky Nr. 21 belgili blokda 160 million tonna nebitiň we 60 milliard kub metr tebigy gazyň bardygy çak edilýär. "Itera" kompaniýasy Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki "Zarubežneft" kompaniýasy bilen bilelikde şol ýere 1 milliard dollara çenli maýa goýar diýlip habar berilýär.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklarynda Germaniýanyň "Winterşal" we RWE, Danmarkyň "Maers Oil", Hindistanyň ONGC, iňlis-arap "Dragon Oil" kompaniýasy, Kanadanyň "Buried Hill" we Malaýziýanyň "Petronas" kompaniýalary iş alyp barýarlar.
Dünýä ykdysady krizisi netijesinde Ýewropa bazarynda tebigy gaza bolan talap azalandygy sebäpli "Gazprom" hem gaz eksporty boýunça kynçylyk çekdi. Türkmenistan gaz eksporty boýunça alternatiw ýollaryň ugruna çykyp başlajakdygyny yglan edensoň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has hem sowaşdy.
Resmiler ýagdaýdan umytly
Prezident Medwedew 13-nji sentýabrda geçirilen gepleşikleriň kiçiräk energiýa şertnamalaryna gol çekmäge ýol açandygyny belläp, beýleki ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygynyň kemelýän ýagdaýynda Türkmenistan bilen söwdanyň ösýändigini nygtady. “Krizise garamazadan, biziň söwda-ykdysady gatnaşygymyz diňe gowy ösenok, gaty gowy ösýär. Sebäbi haryt dolanyşygy ösýär… biziň gatnaşygymyzyň mümkinçiligi örän ýokary” diýip, prezident Medwedew aýtdy.
Türkmenistan hem Orsýete tebigy gaz eksportunyň basym ýola goýulmagyny isleýär. Çünki ýurduň býudjetiniň tebigy gazdan gelýän aýlyk girdejisi takmynan bir milliard dollara barabar.
Öňki Sowet Soýuzyna giren döwletleriň territoriýasyndaky gaz geçirijileriň könelişendigi sebäpli bu regiondaky turba partlamalary adaty waka. Emma şol turbalardaky partlamalardan soň gaz akdyrylmagynyň ýola goýulmagy köplenç bir hepdeden uzaga çekmeýärdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Orsýete eksport edilýän tebigy gazyň bahasynyň formula görä kesgitlenjekdigini belläp geçdi.
Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Sergeý Prihodkonyň žurnalistlere aýtmagyna görä, gaz söwdasy boýunça meseleleri çözmek üçin basym iki ýurduň gaz firmalary duşuşmaly. «Gaz geçirijilerini ulanmaga degişli tehniki meseleleriň köpüsi çözüldi… öňümizdäki hepdelerde ”Gazprom” hyzmatdaşlygy dowam etmegiň çäkleri barada ylalaşmak üçin türkmen häkimiýetleri bilen duşuşar» diýip, Prihodko aýdypdyr. Ol «gaz akymynyň dikeldiljek wagty maslahatlaşyldymy?» diýen soraga «gepleşiklerden öň beýle maksat tutulmady» diýip, jogap beripdir.
Türkmenistan we “Nabukko”
Mundan öň Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Gazagystanda geçen resmi däl duşuşygynda haýsy meseleler barada gürrüň edilendigi barada anyk maglumat ýaýradylmandy. Duşuşyk dowam edýan wagty, 12-nji sentýabrda, Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurduň tebigy gazy boýunça eksport ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine bagly bolup galýandygyny nygtaýan prezident Berdimuhamedowyň nebit-gaz, energetika we geologiýa pudagynyň işgäleriniň güni mynasybetli eden gutlag beýanatyny ýaýratdy.
Orsýetiň gaz jemgyýetiniň prezidenti we Döwlet Dumasynyň energiýa boýunça komitetiniň agzasy Waleriý Ýazew 13-nji sentýabrda “Eho Moskwa” radiosyna beren interwýusynda, türkmen gazynyň Orsýete importy täzeden ýola goýulmasa, Ýewropa gaz satmak boýunça Türkmenistanyň Orsýete bäsdeş bolup biljekdigini nygtady.
Ýakynda Türkmenistan Moskwanyň kölegesinden daşlaşýan ilkinji ädimlerini ädip, ululygy boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan gaz ýataklaryndan hytaýly alyjylara hem-de planlaşdyrylýan "Nabukko" turbalary arkaly Ýewropa gaz hödürläpdi. ABŞ we ÝB tarapyndan goldanylýan "Nabukko" proýekti "Gazpromyň" iň uly bäsdeşi hasaplanylýar.
Emma Orsýetden sowa geçýän gaz geçirijiler ýola goýulýança, Türkmenistan döwlet býudjetiniň durnukly girdejisini kepillendirmek üçin Sowet döwründen bäri işleşip gelýän alyjysynyň goldawyna mätäç bolup galýar. Iki ýurduň liderleriniň 13-nji sentýabrdaky duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpagyndaky Nr. 21 belgili tebigy gaz bloguny özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Orsýetiň "Itera" kompaniýasynyň arasyndaky şertnama gol çekildi. Şeýlelikde Orsýetiň orta göwrümli ”Itera” kompaniýasy, Türkmenistanda tebigy gaz boýunça gözleg-burawlaýyş işlerini alyp barjak ilkinji ors kompaniýasy bolar.
“Itera” Hazarda işlär
Hazar deňzindäki Nr.21 belgili gaz bloguny özleşdirmek boýunça şertnamanyň gazanylmagy babatda Orsýetiň "Lukoil" kompaniýasy bilen "Itera" kompaniýasynyň arasynda bäsdeşligiň bolandygy hem habar berilýär.
Orsýetiň "Rusenergy Consulting" edarasynyň eksperti Mihail Krutikin "Russia Today" telekanalyna beren interwýusynda, Türkmenistan bilen gaz söwdasy babatda prezident Medwedewiň öňünde örän möhüm meseleleriň durandygyny nygtady. “Birinjiden, "Gazprom" bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça bulaşyklyklary düzetmeli. Türkmenistanyň prezidenti "Gazprom" kompaniýasynyň prezidenti jenap Milleri kabul etmek islemeýär.
"Gazprom" türkmen hökümetine beren ähli wadasyny bozdy.