Eýranda uniwersitetleriň studentleri tomus kanikulyndan soňra okuw jaýlaryna dolanyp barmaga taýýarlanýan wagtynda ýurduň ýokary derejeli dini lideri Aýtolla Aly Hameneiniň sosial ylymlar baradaky golaýda eden çykyşy ýokary okuw jaýlarynda ýene-de bir «medeni ynkylap» amala aşyryljakmyka diýen gaýgy-aladany döretdi. Sebäbi 30 ýyl mundan öň geçirilen şeýle medeni çäre ençeme studentiň ölmegine hem ýaralanmagyna getiripdi.
“Sosial ylymlary öwrenmek dini esaslar hakyndaky şübheleriň artmagyna sebäp bolýar” diýen Eýranyň ýokary derejeli dini lideri Hamenei hökümeti we medeni ynkylap boýunça ýokary şurany bu ugurda çynlakaý çäre görmäge çagyrdy. Käbir synçylar “Hameneiniň bu sözleri ýene-de bir medeni ynkylabyň başlangyjy bolaýmasyn” diýen pikiri öňe sürýärler.
Yslamy ynkylap ýeňiş gazanandan bir ýyl soňra uniwersitetleri we ýokary okuw jaýlaryny Günbataryň täsirinden arassalamak we olary yslam şerigatyna kybapdaş etmek üçin medeni ynkylap yglan edilipdi. Şonuň netijesinde 600-700 sany uniwersitet professory wezipesinden boşadylyp, uniwersitetler bolsa yslamlaşdyryldy.
Dini esasda ýazylan täze okuw kitaplar çap edildi we yslama hem-de rewolýusiýa wepalay studentlere okamaga rugsat berildi. Ýokary derejeli dini lideriň 30-njy awgustda uniwersitet mugallymlary we besij studentleri bilen duşuşygynda köp sanly sosial ylymlar materializm we hudaýa hem-de yslama ynanmaýan esaslara daýnýar diýdi.
Nämäniň alamaty?
Onuň beýle beýanaty ýene-de medeni rewolusiýanyň alamaty, duýduryşy bolaýmasyn diýip, howatyr edenler-de boldy. Eýrandaky 3,5 million studentden 2 million çemesiniň sosial ylymlary öwrenýänligi üçin-de özüniň gaýgy-alada edýändigini beýan eden Hamenei şeýle diýipdir: “Ýerli barlag işini näderejede geçirdik, sosial ylymlar bilen bagly yslamy esasly ylmy işlerimiz näderejede köp, üstesine sosiologiýa, psihologiýa we müdüriýet ugrundan sapak berjek we yslam garaýyşly mugallymlarymyz şeýle känmi, siz sosial pudagy üçin şonça okuwçy kabul edýärsiňiz”.
Saýlawlardan soňra dörän bidüzgünçilikler sebäpli tussag edilen we garşylaryna iş gozgalan reformaçylardan Saeed Hajjariýan-da özüniň boýun almasynda we suddaky çykyşynda Günbataryň sosial teoriýasy, şol sanda Germaniýaly Maks Weberiň Soltanizm ideýasyny Eýranda ýörelgä öwürmäge synanyşylandygyny we onuň ýalňyşdygyny aýtdy. Ýöne Hajjariýanyň hossarlary onuň türmede gynalyp, ýenjilendigini öňe sürýärler.
"Studentleriň protestleri ýurtda krizisiň bardygynyň alamaty"
Tähran uniwersitetinde halkara gatnaşyklar ylmy boýunça professor Gasem Şohle Sadi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde protestleriň öňüni almak üçin häkimiýetleriň ýene bir medeni rewolusiýany amala aşyrmaklary mümkin diýýär: “Uniwersitetleri ýapar ýaly we bu kynçylyk döretmez diýer ýaly, häzir ynkylabyň başky ýyllary däl ahyryn. Studentleriň protestleri ýurtda krizisiň bardygynyň alamaty, uniwersitetleri ýapmak, krizisiň tamamlanandygyny aňlatmaz”.
Iňlis dil-edebiýaty fakultetiniň studenti bolan bir gyz ýaşlaryň sosial ylymlary okamagyndan häkimiýetleriň näme sebäpden howatyr edýändiginiň özüne aýandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň pikiriçe, sosial ylymlar adamyň gözüni açýar, sosial ylmy esasynda ýazylan kitaplary okanyňda, Eýrandaky ýagdaýa gowy göz ýetirse bolýar diýip, bu student aýdýar.
Görnükli reformaçy ruhany Hasan Ýusef Eşkeweri Radio Farda bilen söhbetdeşlikde 30 ýyldan soňra Eýranyň liderleriniň alyp barýan syýasatlary ahyryna baryp diräne meňzeýär diýdi. “Eger-de biz Hameneiniň sözlerini kabul etsek, onda ylmyň 80%-ni bir kenara taşlamaly, onda, uniwersitetler ýapylmaly we sosial bölümler bolsa ýatyrylmaly bolar”.
Onuň pikiriçe, ýene bir medeni rewolusiýanyň amala aşyrylmagy ýurdy hökmany suratda garaňky ýyllara alyp barar.