Žurnalistler Euna Lee bilen Laura Lingiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna dolanyp gelmekleriniň yzy bilen Ak Tamda prezident Obama bu iki žurnalistiň Demirgazyk Koreýanyň türmesinden çykarylmagy ugrunda eden aladalary üçin Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Bill Klintona hem-de ozalky wise-prezidenti Al Gora minnetdarlyk bildirdi.
Obama öz çykyşynda, hususan-da, şeýle diýdi: «Men prezident Bill Klintona bu iki žurnalistiň azat bolmagyna getiren adaty bolmadyk ynsanperwerlik tagallasy üçin sagbolsun aýtmak isleýärin. Men eýýäm onuň bilen bu barada gürleşdimem. Men bu meselede oňyn netije gazanmak üçin ýadawsyz iş alyp baran wise-prezident Al Gora-da sag bolsun aýtmak isleýärin».
Ýöne amerikan žurnalistlerini Demirgazyk Koreýanyň türmesinden çykarmak ugrundaky aladalar, edil prezident Obamanyň aýdyşy ýaly, tutuşlygyna ynsanperwerlik görnüşindäki iş boldy diýip bolarmy?
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän halkara parahatçylygy boýunça Karnegi Fondunyň wise-prezidenti Tomas Karoters bu amala aşyrylan işi umuman ynsanperwerlik işi diýip hesiýetlendirip, onuň oňyn syýasy netijeleri bermeginiň hem mümkindigini öňe sürýär.
Karoters mundan öň köp ýyllaryň dowamynda Jorj Buşuň administrasiýasynyň Demirgazyk Koreýany izolirlemäge çalşandygyny bellemek bilen bu soňky gumanitar çäräniň Waşington bilen Phenýanyň arasynda käbir dialoglara ýol açmagynyň mümkindigini belledi. Ol Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, soňky onýyllygyň dowamynda Demirgazyk Koreýany burça gabamak işiniň hakykat ýüzünde degerli bir netije bermändigini belledi. “Gaýta, netijede biz bu ýurduň hökümetiniň ugruny tapmak barada kelle döwmeli bolduk. Häzirki bolan waka Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlary babatynda çakdanaşa hormatsyz we agressiw syýasat alyp barýan döwrüne gabat geldi”.
Karotersiň pikirine görä, bu waka Demirgazyk Koreýany burça gabamaklygy dowam etdirmekligiň kän bir gowy netije bermejekdigini hem görkezen ýaly boldy.
Ýörite maksat bilen ýollandymy?
Waşingtondaky beýleki bir halkara syýasy barlaglar merkezi bolan «American Enterprise» institutynyň analitigi Nikolas Eberstadt prezident Obamanyň Bill Klintony Demirgazyk Koreýa ýörite maksat bilen ýollan bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar. Hususan-da, ol jenap Klintony Phenýana ýollamak bilen Barak Obamanyň Demirgazyk Koreýanyň «problemalaryny» azaltmak maksadyndan ugur alan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.
Analitik Nikolas Eberstadtyň pikiriçe, eger Obamanyň administrasiýasy hakykatdanam şeýle maksatdan ugur alan bolsa, onda bu Demirgazyk Koreýa bilen dialoglary ýola goýmakda Waşingtonyň örän inçelik bilen hereket edýändigini aňladar.
Beýleki tarapdan, Bill Klintonyň daşary ýurtlardaky bar bolan abraýyndan peýdalanyp, Barak Obamanyň ony geljekde-de şeýle maksatlar üçin ulanmagynyň mümkindigini öňe sürýän synçylar hem az däl. Bu meselä gezek gelende, Bill Klintonyň aýalynyň hut Hillari Klinton bolmagy, ýagny hanym Klintonyň Bill Klintonyň aýaly hökmünde Birleşen Ştatlaryň häzirki hökümetinde iş alyp barmagy bu meselä nähili tesirini ýetirip bilerkä diýen sowal hem ýüze çykýar.
«American Enterprise» institutynyň analitigi Nikolas Eberstadt bu meselede är-aýalyň bähbitleriniň biri-biriniňkä ters gelip bilmejekdigini aýdýar. Ýöne, beýleki tarapdan, analitik Eberstadt hanym Klintonyň Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary hökmünde abraýyny goramaklygyň hatyrasyna prezident Obama daşarky diplomatiýada Bill Klintonyň hyzmatlaryndan peýdalanmakdan saklansa, munuň has ýerlikli boljakdygyny aýtdy.