Ýekşenbe güni Tähranly konserwatiw deputat Muhammet Resaýynyň tussag edilenleriň häzir sudda boýun alýan zatlary “bidüzgünçiligiň” liderleri bilen hasaplaşmaga ýol açýar diýendigini döwlet täzelikler gullugy habar berdi. Ruhanylar jemgyýetiniň agzasy Şojunyň bolsa, häzir sudda “kiçi balyjaklar” günälerini boýun aldylar. Indi häkimiýetler “uly balyklaryň” daşyna geçmeli diýendigini Irna agentligi ýazdy.
Mejlisiň hukuk meseleleri boýunça komissiýasynyň aşa Yslamçy agzasy Muhammet Rehberiň aýtmagyna görä, eýýäm deputatlaryň bir topary saýlawlardan soňky bidüzgünçilik boýunça Musawä garşy arzany komissiýa tabşyrdy. Bu barada Rehber ýarym resmi FARS agentligine maglumat beripdir. Ol ýene-de golaýdaky “bidüzgünçilige” göni gatnaşygy bolanlaryň gany döküldi, şonuň üçinem olardan hasap soramaly diýdi.
Düýn Ahmedinejadyň ikinji möhlete prezidentlige başlamagy bilen bagly dabara boldy. Oňa ýurduň meşhur syýasatçylary, şol sanda öňki prezidentler Hatamy we Rafsanjany gatnaşmadylar. Musawy we oppozisýa lideri Karuby hem dabarada bolmady. Penşenbe güni hem dowam etjek köpçülikleýin sudda käbirleri ýöňkelýän aýyplamalary boýun aldy. Olaryň arasynda Hatamynyň prezidentligi döwründe wise prezident we onuň ýakyn geňeşçisi bolan Ali Abtahy hem bar. Onuň oppozisiýa liderleri iýundaky ses berlişik barada ters düşünje ýaýratmagy we saýlawlarda galplyk boldy diýip, ilaty köçä çykarmagy öňünden taýynladylar diýendigi habar berildi. “Galplyk ähli bidüzgünçiligiň we ýurtda bolan wakalaryň esasy simwolydy”diýip, Abtahy aýtdy. Ol Musawynyň bähbidi üçin Hatamyny dönüklikde aýyplady. Abtahy öňki prezident Rafsanjanyň Hameneýiden we Ahmedinejaddan ar almak isländigini hem sözüne goşdy.
“Gynamalar orta asyrlara mahsus”
Reformaçylar bulary derrew “şou sudlar” yagny, “göz üçin” geçirilýän sudlar diýip atlandyrdylar. Olar tutulanlaryň boýun almalarynyň gazaply basyş astynda amala aşyrylandygy anyk diýdiler. Musawy tussaglaryň ýöňkelýän günäleri boýun almagy üçin häkimiýetleri “orta asyrlara mahsus”gynamalary ulanmakda aýyplady.
Ýöne Abtahy we içeri işler ministrliginiň öňki resmisi Aryanfar döwlet telewideniýesinde görkezilenlerinde, ýöňkelýän günäni boýunlaryna goýmak üçin özlerine basyş edilendigini ýa-da Abtahynyň maşgalasynyň aýdyşy ýaly “neşeleriň ulanylandygyny” inkär etdiler. Ol ikisi agajyň aşagynda kofe içilýän stoluň başynda oturyp, özlerini türmäniň özgerdenligini aýtdylar. Abtahy özüni sorag edenler bilen netijeli gürrüňler edendigini hem belledi. “Dogrymy aýtsam, türmäniň içinde edilen alada we gürrüňler, diskussiýalar örän gowy boldy. Men özümi sorag edenler bilen dost boldym” diýip, Abtahy aýtdy.
Eýranda syýasy tussaglaryň ýöňkelýän günäni telewideniýede boýun almaga mejbur etmek häkimiýetleriň ulanýan adaty taktikasy. Iki ýyl mundan owal Abtahynyň hut özi meşhur Internet blogunda ýöňkelýän günäleri boýun almadan soňra hemmeleriň şatdygyny ýazypdy. Bosgunlykda ýaşaýan satiraçy Ibrahim Nebawy hem tankydy makalalary üçin türmä basylandan soňra ýüklenýän günäleri boýun alandygy üçin azatlyga çykdy.
Nebawynyň sözlerine görä, sorag edýänleriň aýdýan jenaýatlaryny boýun almagy üçin syýasy tussaglara köplenç gazaply psihologiki basyş edilýär. Tähranly aklawjy we syýasy analitik Nemat Ahmedi häzirki köpçülikleýin sud etmäni ýurduň ýakyn ýyllardaky
“şou sudlarynyň” iň ýokary derejä ýeten pursaty diýip atlandyrdy. Onuň radiýomyza beren gürrüňine görä, bu sud Ahmedinejadyň prezidentliginiň ligitimligine kömek etdi we onuň galp sesler bilen saýlanmandygyny tassyklady. Emma Ahmedi we beýleki synçylar aşa Yslamçylaryň bu hereketleriniň ters netije berjekdigine ynanýarlar.