Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda adamzada garşy jenaýat edilýärmi?


Eýrandaky protestlerde tussag edilip türmede aradan çykan Amid Jawadi-Far.
Eýrandaky protestlerde tussag edilip türmede aradan çykan Amid Jawadi-Far.
BMG-nyň uruş jenaýatçylygy boýunça ozalky prokurory we Eýranda adam hukuklarynyň bozulmagy barasynda dokumet ýygnaýan merkeziň egindeş başlygy Paýem Akhwan Eýranda saýlawlardan soňra ynsan hukuklarynyň bozulmalary hakynda-da maglumat we dokument ýygnap gelýär. Ol özlerine e-mail arkaly wideoda ýazylan dürli dokumentleriň gelip gowuşýandygyny Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Parahatçylykly protestleriň rehimsiz basylyp ýatyrylmagy, adamalary urup-ýençmek, gynamak, türmä basmak, hatda öldürmek, adam hukuklarynyň giň möçberde yzygiderli bozulýanlygynyň aýdyň mysalydyr, bu bolsa, halkara kanunlaryna görä, adamzada garşy edilen jenaýat saýylyp bilner. «Bu ölümler we gynamalar adam hukuklarynyň giň möçberde yzygiderli bozulýanlygyny görkezýär we muny buýryk beren ministrler, halkara kanunlar boýunça, jogapkärçilige çekilip bilner» diýip, Akhwan nygtady.

Ölenleriň kän bolmagy ahmal

Eýran hökümeti protestlerde 20 çemesi adamynyň ölendigini habar berýär, ýöne hukuk goraýjy aktiwistler ölenleriň sanynyň ondan has köpdügini öňe sürýärler.

Eýranly deputat Farhad Tajari 29-njy iýuldaky çykyşynda 30 adamynyň heläk bolandygyny mälim etdi. Käbir maglumatlara görä, ölenleriň sany birnäçe ýüz bolmaly. Pida bolanlaryň arasynda Neda aga Soltany diýen ýaş gyz-da bar, ol parahatçylykly protestlerde okuň gurbany boldy. Ýene-de birnäçe adam, şol sanda Amir Jawadfar ýalylar bolsa, dürredir-taýagyň zarbyndan ýaralanyp, soňra aradan çykdylar.

Ölenleriň arasynda prezidentlik kürsüsine dalaş eden, ýurduň rewolusiýa gwardiýasynyň ozalky başlygy Mohsen Rezaýynyň saýlaw toparynyñ başlygynyň ogly Mohsen Ruhulamini, şeýle-de türmeden boşadylandan birnäçe gün soňra ölen Ramin Gahrimany dagy bar. Ölmezinden öň Ramin ejesine özüni birnäçe günläp başak asyp goýandyklaryny aýdypdyr.

27-nji iýuldaky çykyşynda oppozision lider Musawi, beýle ölüm-ýitimleri, tussag etmeleri betbagtçylyk diýip häsýetlendirdi we gynamalara ynkylapdan öň şaýat bolunmandygyny nygtady.

3 gün mundan ozal ýurduň ýokary derejeli dini lideri Aýtolla Hameneýi tussaglaryň wagtlaýyn saklanylýan ýerlerinden biri Kahrizeki ýapmagy buýruk berdi. Bu ýerde bendileriň aşa erbet şertlerde sorag edilýändigi hem olaryň gorkunçdygy habar berildi.

Dünýä möçberindäki protestler

BMG-nyň baş karargähinde geçirilen 3 günlük açlyk aksiýasyna ýolbaşçylyk eden Eýranyň görnükli žurnalisti Akbar Genji adamzada garşy edýän jenaýatlary üçin Eýranyň ýolbaşçylarynyň adalat guramalarynyñ eline tabşyrylmalydygyny aýtdy:
«Biz Eýranyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan jenaýatlary üçin BMG-nyň howpsuzlyk şurasyna şikaýat etmekçi we olardan bu ýolbaşçylary halkara jenaýat suduna bermek hakynda gol ýygnamak işine başladyk, oňa köp adamyň gol çekjekdigine umyt baglaýarys» diýip, Genji aýtdy.

«Eýranyň ýolbaşçylarynyň diňe bir saýlawlardan soňky özlerini alyp baryşlary üçin däl-de, eýse geçmişde eden ähli eden-etdilikleri üçin sud jogapkärligine çekmek zerur» diýip, Genji nygtady.
XS
SM
MD
LG