Bu barada 25-nji iýunda çykarylan kararda Ýokary suduň sudýasy ozalky sud-derňew işinde käbir düzgün bozmalaryň bolandygyny aýtdy we Moskwanyň harby raýon sudunyň ozalky çykaran höküminiň ýatyrylýandygyny hem-de bu işiň ýene gaýtadan şol suda gaýtarylýandygyny mälim etdi. Orsýetiň döwlet prokurory Wera Paşkowskaýa bu iş boýunça gaýtadan sud diňlenişiginiň geçirilmegi baradaky karary dogry diýip hasaplaýandygyny aýtdy. “Häzirki ýagdaýda sud adalatly karar çykardy. Sud özüniň bu kararynda biziň delillerimizi göz öňünde tutdy.”
Ozalky çykarylan höküm boýunça Orsýetiň sülçüleri Ýokary suda şikaýat edipdiler. Şu ýylyň fewral aýynda tamamlanan şol sud diňlenişiginde aýyplanýanlar - çeçenistanly doganlar Ibragim we Jabraýil Mahmudowlar hem-de moskwaly milisiýa ofiseri Sergeý Hajykurbanow dagylar sud tarapyndan aklanypdylar.
“Biz Orsýetiň sud sistemasynda ýaşaýarys”
Doganlar Mahmudowlaryň aklawçysy Murad Musaýew suduň ozalky höküminiň yzyna alynmagyna özüniň kän bir geň galyp hem durmaýandygyny aýtdy. “Elbetde, biz muňa garaşypdyk. Heniz baryp fewral aýynda sud höküm çykaranda munuň hut häzirki ýaly boljakdygyny öňünden aýdan adamlar hem boldy. Biz Orsýetiň sud sistemasynda ýaşaýarys” diýip aklawçy Murad Musaýew belledi. “Biz syýasy mesele bilen iş salyşýarys. Bu işde bolsa döwlet öz belliklerini etmäge gyzyklanma bildirýär. Ýagny, ol bu jenaýat işiniň üsti açyldy diýlip yglan edilmegine gyzyklanma bildirýär. Başgaça bolmagy mümkinem däl.”
“Nowaýa gazýeta” atly Orsýetiň oppozision gazýetiniň žurnalisti Anna Politkowskaýa Kremliň administrasiýasynyň ýiti tankytçysy hökmünde tanalyp gelnipdi. Ol köplenç Çeçenistandaky ynsan hukuklarynyň basgylanmagy bilen baglanyşykly wakalar barada ýazardy. Ol 2006-njy ýylyň oktýabrynda Moskwanyň merkezindäki öz ýaşaýan jaýynyň girelgesinde atylyp öldürilipdi. Politkowskaýa soňky ýyllarda Orsýetde öldürilen köpsanly tanymal žurnalistlerden we Kremliň tankytçylaryndan biri bolupdy. Bu adamlardan köpüsiniň ölümi bilen baglanyşykly jenaýat işleriniň üsti häzirki güne çenlem açylman gelinýär.
Günäli ýa-da dahylly
Politkowskaýanyň ogly Ilýa Politkowskiý öz ejesiniň ölümi bilen bagly iş boýunça täze sud diňlenişiginiň däl-de, has düýpli derňewleriň zerurdygyny aýdyp, bu soňky karary tankyt etdi. Azat Ýewropa Azatlyk radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda ol häzirki aýyplanýan üç adamyň hem öz ejesiniň ölümi barada nämedir bir zatlary bilýän bolmaklary mümkin diýip hasaplaýandygyny aýtdy. “Biz suduň oturgyjynda oturan bu adamlaryň jenaýat işine dahyllydyklaryna ynanýarys. Men olar günäli diýemok, men olar bu jenaýata dahylly diýýärin. Şoňa görä-de, bu ugurdaky derňew işleri täzeden dowam etdirilmeli. Emma şu günki Ýokary suduň diňlenişiginde bu meselä asla ünsem berlenok”
Ozalky sud prosessine gatnaşan žurnalistler jenaýat derňewçileriniň getiren delillerini orän gowşak deliller diýip häsiýetlendiripdiler. Suduň oturdaşlaram şeýle garaýyşda bolup çykdylar we olar şonda “aýyplanýanlar günäsiz” diýip biragyzdan karar çykarypdylar. Şonda suduň oturdaşlaryndan biri “Nowaja gazeta” beren interwýusynda “Men gün-günden özümiň nähilidir bir oýnalýan oýna şaýat bolýandygyma göz ýetirip başladym” diýip belläpdi.
Ozalky çykarylan höküm boýunça Orsýetiň sülçüleri Ýokary suda şikaýat edipdiler. Şu ýylyň fewral aýynda tamamlanan şol sud diňlenişiginde aýyplanýanlar - çeçenistanly doganlar Ibragim we Jabraýil Mahmudowlar hem-de moskwaly milisiýa ofiseri Sergeý Hajykurbanow dagylar sud tarapyndan aklanypdylar.
“Biz Orsýetiň sud sistemasynda ýaşaýarys”
Doganlar Mahmudowlaryň aklawçysy Murad Musaýew suduň ozalky höküminiň yzyna alynmagyna özüniň kän bir geň galyp hem durmaýandygyny aýtdy. “Elbetde, biz muňa garaşypdyk. Heniz baryp fewral aýynda sud höküm çykaranda munuň hut häzirki ýaly boljakdygyny öňünden aýdan adamlar hem boldy.
Biz syýasy mesele bilen iş salyşýarys. Döwlet bolsa öz belliklerini etmäge gyzyklanma
bildirýär.