Adamynyň saglygy, durmuş we iş şertleri kadaly bolsa-da, uky, dynç alyş ýaly zerur şertler berjaý edilende-de ünsi doly işe gönükdirmek käte kyn bolýar.
Alymlar munuň öz sebäpleriniň bardygyny aýdýarlar we bar ünsüňi işe gönükdirmek üçin ylmy taýdan tassyklanan usullaryň ençemesini hödürleýärler.
Şeýle usullaryň arasynda adamynyň birbada etmek üçin niýetleýän işleriniň sanyny azaltmak, etmeli işleriň sanawyny düzmek, maşk etmek, arakesme, şeýle-de kadaly dynç almak ýaly çäreleriň netije berýändigi aýdylýar.
Işleriň sanyny azaldyň
Adamynyň beýnisiniň birbada ikiden köp bolmadyk işi netijeli ýerine ýetirmäge ukyplydygy aýdylýar.
Miçigan Uniwersitetiniň alymlary adamynyň öz öňünde birbada birnäçe meseläni goýup, olary çözmäge synanyşmagy netijeliligi peseldýär diýen çözgüde gelipdirler.
Sanaw ýöretmek
Edilmeli işleriň sanawyny düzmek-de örän peýdaly, sebäbi sanaw düzülende edilmeli işler barada pikir etmäge zerurlyk galmaýar we netijede ünsüňi has gyssagly işlere doly gönükdirmäge mümkinçilik döreýär.
Ruhy we fiziki maşklar
Gündeki meditasiýanyň beýniniň işine oňyn täsir ýetirip, ünsi güýçlendirýändigi aýdylýar, fiziki maşklaryň peýdasyna hem aýratyn üns berilýär.
Garward Uniwersitetiniň alymlary fiziki maşklar adamynyň “beýnisiniň neýrofiziki faktory» (BDNF) atly belogyň öndürilmegine oňyn täsir ýetirip, adamynyň huşuny hem ünsüni gowulandyrýar diýen netijä gelipdirler.
Gysga arakesme
Işiň dowamynda gysga arakesmeleriň ünsi güýçlendirýändigini, arakesmeleri äsgermeýän adamlaryň bolsa fokusy, ýagny ünsüň jemligini ýitirýändigini Illinoýs Uniwersitetiniň alymlary aýdýarlar.
Işden çykanyňda iş meselelerinden doly ünsüňi sowmagyň hem peýdalydygy aýdylýar we dynç alyp, işe girişilende çözülmeli meseleleriň adatça has tiz çözülýändigi mysal hökmünde getirilýär.
Gulagyň dynçlygy
Ünsi işe gönükdirmegiň netijeli usullarynyň biri diýlip, maksimal derejede ýuwaş iş ýerini saýlap almak maslahat berilýär.
Seton Hill Uniwersitetiniň ylmy barlaglary adamyň bedeniniň galmagala uýgunlaşyp bilmeýändigini görkezdi.
Adamyň daşynda galmagal köp boldugyça, şonça-da beden stressde öndürýän kortizol garmonyny köpeldýär.
Wagty boş geçirmegiň peýdasy
Ünsi işe gönükdirmegiň netijeli diýilýän usullarynyň ýene biri gapma-garşylykly hasaplanýar, ýagny belli bir wagty hiç zat etmän boş geçirmegiň, bir tarapdan, peýdalydygy aýdylýar, şol bir wagtda-da käbir adamlar üçin öz oý-pikirleri bilen 15 minutdan uzak ýekme-ýek galmagyň oňaýly däldigi bellenýär.