Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watan - baýdakdyr


Türkmenistanyň baýdagy
Türkmenistanyň baýdagy

Watan onda ýaşaýan ýa-da ýaşamaýan her bir ynsanyňky bolup durýar. Watana yhlas siňdiren her kişi oňa hakly. Sebäbi Watan şol köplügiň güýjünden döräp, şolaryň hyzmaty bilen saklanýar.

Ýat illerde

Aýralyk Watana bolan söýgini güýçlendirmese, birjik-de azaldyp bilenok. Şahyr Şiralynyň Watandan çykyp gaýdanyna 20 ýyldan gowrak wagt geçdi. Soňsuz yzarlamalar, dürli haýbatlar hem ýowuz çäreler şahyry ýurtdan çykmaga mejbur etdi.

Häzir Stokgolmda ýaşaýar. Şwesiýa döwleti Şirala başpena berdi.

Bu yurt şahyryň göwnüne ýarady. Şahyr “özünde doglan bolsaň, ýaşalaýjak yurt eken” diýdi.

Agam ýok, gara-da ýok,

Ganam ýok, ýara-da ýok.

Bir täsin ile düşdük:

Begem ýok, töre-de ýok.

Haýwan adam deňinde,

Adam hudaý deňinde.

Boýnun sallap duran ýok

Patyşaňam öňünde.

Birwagtlar SSSR-e degişli çap edilýän Ak kitapda Türkmenistandan ýekeje-de türkmeniň daşary ýurda gaçyp çykmaýandygy aýdylan bolsa, 90-njy ýyllarda bu köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Häzir türkmeniň barmadyk ýurdy, ýaşamaýan ýeri az bolsa gerek.

Watandan çykyp gitmäge mejbur edýän sebäpler barada oýlananyňda, beýle ýagdaýyň dünýäniň dürli künjeginde mydama hem yzygider bolup gelýändigini aýtmak gerek. Bu diňe türkmeniň başyndan inen musallat däl. Baryp mundan 2500 ýyl öň ýaşap geçen, gadymy grek şahyry Ewripid: “Doglan ýurduňdan gaçmak ýaly şeýle ýiti, şeýle güzaply ejir barmyka?” diýipdi. Şol ejiriň yzasyny Şiralynyň goşgularyndan görüp bolýar.

Ýurtdan gaýdan bir naçar barada şahyr şeýle diýdi.

Ykbal seni nirelerden çykardy,

Bäri-bärde Änew barmy, Ejebaý?

Näme seni itekläp dur dowzaha

Başda jennet üçin döreden Hudaý?

Bu goşgy Watan zary bilen tamamlanýar.

Men-ä aglap oňa baryp bilemok,

Senem aglap çykyp gaýdýaň, Ejebaý.

Ata mekana tarap

Ýurtdan çykanlaryň ählisinde bir möhüm mümkinçilik bar – ol işlemek; öz zähmetiň, gazanjyň bilen ýaňadan Watana dolanmak. Hut şol beýik arzuw olary islendik şertde işlemäge mejbur edýär. Bu şahyr babatda-da şeýledir.

Ol ýurtdan aýraçylykda köp-köp çeper eser döretdi. Dünýä edebiýatyndan nusgalary türkmen diline terjime etdi. Halkara PENklubyň baýragyna mynasyp boldy. Şahyra örän abraýly Kurt Tuholsky baýragy berildi.

Şahyrda bir bagt bolsa, ol döredijilik bagtydyr. Şahyrda bir mümkinçilik bolsa, ol döretmek mümkinçiligidir. Aslynda ol her bir şertde-de döredijilik erkinligini hiç kimiň ygtyýaryna bermedi. Şonuň bilen birlikde, şahyryň ýüregi hiç wagtda, hiç haçan Ene toprakdan aýrylyşmady.

Ýurdundan aýrylanyň Watan zaryny çekmeýäni ýok bolsa gerek. Ýöne şahyryň Watan hakdaky sözi başgaça geläýýär.

Erkiňe goýsalar garyp mekana

Ýeriň ol ujundan pyýada gelseň.

Baýdak hakda

Bir gezek Şiraly Wena şäherine barýar. Ýoldaşynyň haýyşy bilen olar aýlanyp-öwrülip, Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasyny tapýarlar. Şahyr özüne bolan garaýyşlary nazarda tutup, ilçihananyň içine girmän, daşarda saklanmagy dogry tapýar.

“Ol oglanlar meniň üçin gep eşitmeli bolmasyn, ýöne olardan birini bärik çagyr” diýip, ýoldaşyndan haýyş edýär.

Ilçihananyň wekili bolan bir ýigit ýanyna gelende, jaýyň alnynda asylgy duran baýdagy görkezýär. Ony ýel öz taýagynyň daşyna orap-orap, asla ýazylmaz ýaly edipdir. Şiraly muny ilçihananyň wekiline görkezýär.

– Şunuň towuny aýryp ýazdyryp goýber. Ýeke guwanjyzy şol, ol bir ötene-geçen görnüp, pasyrdap dursun.

Şahyr dogry aýdýar; depäňde diňe baýdak pasyrdasa, mertebeli bolup bolýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG