Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň dükanlaryndan sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç kepilnama, tassyknama ýa-da güwänama talap edilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýurduň ykdysady ulgamynda maýa goýum hyzmatlaryny ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) özüniň täze hasabatynda Türkmenistany, Eýrany we Belarusy dünýäde metbugaty iň köp senzura astynda saklaýan 10 ýurduň arasynda ýerleşdirdi.
Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suw joşguny emele geldi. Azatlyk Radiosynyň bu welaýatlardaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, muňa Amyderýanyň suwunyň joşup, öz hanasyndan çykmagy sebäp boldy.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işiniň indi 6 aýdan gowrak wagt bäri durzulandygyny, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän dükanlarynda sement satuwa çykarylmaýan mahalynda, onuň hususyýetçilerdäki bahasy barha gymmatlaýar.
5-nji sentýabrda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki käbir döwlet dükanlarynda ýerli un çäkli möçberde satyldy. Munuň bilen bagly döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi.
Şu ýyl Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa giren türkmenistanly studentleriň sany ortaça bäş esse ýokarlandy. Bu barada Tut.By neşiriniň 4-nji sentýabrda çap eden habarynda aýdylýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki pensionerler heniz plastik bank kartlaryna geçirilmedik pensiýa haklaryny almak üçin bankomatlaryň öňünde häzirden nobata ýazylyp başladylar.
Mary welaýatynyň etraplaryna pagta ýygmaga gidýän ýygymçy aýal-gyzlar gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň Mary welaýatynda un ýetmezçiligi gün-günden ýitileşýär. Welaýatyň Wekilbazar, Oguzhan, Mary we Baýramaly etraplaryndaky döwlet dükanlaryndaýerli un ýok diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
1-nji sentýabrdan başlap Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde ýerli un söwda tekjelerinden ýitirim boldy diýip, “Türkmen.news” neşiri habar berýär.
Mary welaýatynyň käbir etraplarynyň oba ýaşaýjylary gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibilleri nirä dökjeklerini bilmän kösenýärler.
Türkmenistanyň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda A-95, A-93 we A-80 markaly benziniň gytçylygy dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.
Aşgabatda taksi ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny we munuň döwlet eýeçiligindäki taksileriň gurply maşgalalar tarapyndan bir aýlyk kireýine alynmagy bilen baglanyşyklydygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary habar berýärler.
Mary welaýatynda jemagat hojalygy edaralaryna degişli işgärler Mary şäherinde we onuň töwereginde arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirdiler. Bu çäreleri amal etmek üçin bilim işgärlerinden pul ýygnalýar.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary azyk harytlarynyň yzygiderli gymmatlamagyndan şikaýat edýärler.
Aşgabadyň we Marynyň hassahanalarynda dermanlaryň käbir görnüşleriniň ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky we paýtagtdaky biri-birinden garaşsyz habarçylary habar berýärler.
Aşgabadyň halkara aeroportunda “dosadka”, ýagny uçara münmedik ýolagçylaryň deregine bilet satyn almak üçin garaşýan adamlaryň uly nobaty emele geldi.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň Daşoguz welaýatynda okuw geýimlerini we esbaplaryny köne harytlaryň satylýan bazaryndan satyn alýan raýatlaryňbarha köp göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Ýene-de ýükle