Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa giren türkmenistanlylaryň sany ortaça bäş esse artdy


Türkmen studentleri. Türkmenistanyň Türkmen döwlet habarlar agentliginden (TDH) alnan surat
Türkmen studentleri. Türkmenistanyň Türkmen döwlet habarlar agentliginden (TDH) alnan surat

Şu ýyl Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa giren türkmenistanly studentleriň sany ortaça bäş esse ýokarlandy. Bu barada Tut.By neşiriniň 4-nji sentýabrda çap eden habarynda aýdylýar.

Bu ýokary okuw jaýynyň uniwersitete çenli bilim boýunça fakultetiniň dekany Wýaçeslaw Malofeýew agzalýan neşire beren interwýusynda Belarusyň döwlet uniwersitetinde 2018-nji ýylda 120 studentiň bilim alandygyny, 2019-njy ýylda olaryň sanynyň 600-e ýetendigini mälim etdi.

“Häzirki wagt türkmenistanly studentleriň 600-den gowragy bilen söhbetdeşlik geçirilýär we olaryň aglaba bölegi ýokary okuw jaýyna kabul ediler” diýip, Malofeýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Belarusyň döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen studentleriniň sanynyň artmagy, Türkmenistanyň öz raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyna degişli girizen çäklendirmeleri bilen bagly.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny yglan etdi. Bu sanawa Belarusyň diňe bir ýokary okuw jaýy, ýagny Belarusyň döwlet uniwersiteti girizildi.

“Bu karar, öň Belarusyň 15 uniwersitetinde okamaga gelen türkmen studentleriniň häzirki wagt Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa girmäge çalyşmagyna getirdi” diýip, Malofaýew aýtdy.

Türkmenistanda diplomy kabul edilýän Belarusyň döwlet uniwersitetinde türkmen studentleriniň sany artan mahalynda, ýurtda diplomy tassyklanmaýan daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryna okamaga barýan türkmenistanlylaryň sany çürt-kesik azalýar.

Täjigistanyň bilim resmileriniň awgust aýynda mälim eden sanlaryna görä, şu ýyl diňe bir Duşenbäniň pedagogika uniwersitetine Türkmenistandan diňe üç adam giripdir. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy geçmişde bu ýokary okuw jaýynda türkmen abuturientleriň sanynyň 1000 adamdan köp bolandygyny belledi.

19-njy awgustda RBK neşiri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) gümrük gullugyna salgylanyp, şu ýyl Türkmenistandan Russiýa 5815 studentiň okamaga barandygyny mälim etdi. Bu san geçen ýyl bilen deňeşdirilende tas bäş esse azdyr.

Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda rus ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistanyň 27 müňden gowrak raýaty bilim alýardy.

Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň eýýäm daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okap ýören raýatlar dynç alyşda öýlerine (Türkmenistana) dolananda, olaryň gaýtadan ýurtdan çykmagynyň öňüni almaga synanyşýandygy barada hem habar berdi.

Şeýle-de, heniz daşary ýurtlarda okuwyny tamamlamadyk studentleriň käbiriniň ýurda dolanan dessine, Aşgabadyň halkara aeroportundan harby gulluga alnyp gidilendigi barada hem maglumatlar bar.

31-nji awgustda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri, redaksiýa ýüz tutan studentleriň sözlerine salgylanyp, Belarusyň ÝOJ-larynda okaýan türkmenistanly studentleriň ýurtdan okuwa goýberilmeýändigini habar berdi.

Aprel aýynda Azatlyk Radiosy Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okan ýüzlerçe türkmen studentiniň geçen ýyl tomusky dynç alyşlary möwsüminde öýlerine dolanandan soňra, Türkmenistandan çykyp bilmändigini hem habar beripdi.

Remi medianyň 8-nji iýulda çap eden maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň awgust aýynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 12 müň 242 adam kabul edildi. Bu san geçen ýyl 8850 adama deňdi. Şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýän adamlaryň 8 müň 54-si kabul edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin paranyň möçberi – resmi taýdan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän sanlara görä – 80 müň amerikan dollaryna çenli ýetip bilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG